Asuda, parahat Zemin hem asman,
Arkadagym gurýan ýollar ajaýyp!
Garaşsyz Watany kalplarda besläp,
Ýaşaýas erkana ýyllar ajaýyp!

Müňýyllyklar arzuw edip ötülen,
Watan mertebesi belent tutulan,
Arkadagym bilen bagta ýetilen,
Döwrümizde ak ykballar ajaýyp!

Şana besläp, ýyllaň-aýlaň ajabyn,
Bina edip köşgi-öýleň ajabyn,
Bol bezeýän toýlarmyzyň saçagyn,
Rysgal-bereketler, ballar ajaýyp!

Ýüplükleri sünnä bilen işilen,
«Göle düşdüm» diýip «ýola düşülen»,
ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulan,
Nepis halylarda göller ajaýyp!

Keşbine siňdirip güneşiň nurun,
Gelene hödürläp nygmatyn-naryn,
Ýada salyp duran deňiz kenaryn,
Päk asman keşpli köller ajaýyp!

Iliniň ykbalyn alan gerdene,
Arkadag eşreti belent mertebe,
Keşbin deňäp ak nuruna erteleň,
Pagta ýygýan ýüwrük eller ajaýyp!

Al-elwan gülleri ylham eçilýän,
Her bir düýbi müň bir melhem eçilýän,
Saýasynda çaý demlenip içilýän,
Erem bagly altyn çöller ajaýyp!

Garaşsyzlyk — toý toýlaýan halkymyň,
Baş baýramy tyllaýydyr ýalkymy.
Şirin aýdym bolup göwün galkymy,
Waspyn ýaýýan saýrak diller ajaýyp!

Arkadagly baýramlara utgaşyp,
Toý çaparly bedewlere at goşup,
Şany dünýä dolýan uluslar aşyp,
Şat, bagtyýar, eziz iller ajaýyp!

Akmyrat MUHADOW

Edebiýat, Shatlyk. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir