Bir wagtlar bir baýyň gapysynda iki sany ýanaşyk oturan limon agajy bar eken. Olar maý aýynyň soňky günlerinde açylýan gülleri bilen bark urup, içerde oturan adamlara tomsuň gelendigini buşlardylar. Ýöne bularyň biri beýlekisine garanda juda ejizjedi, boý alyberenokdy. Şol sebäpli görkgörmekli ýarany pursat tapdygy ony kemsiderdi, üstünden gülüp, göwnüýetmezçilik ederdi. Teýeneli sözlerini aýdyp,
sustuny basardy. Diňe bir ýoldaşy däl, eýsem, öý eýesi hem ondan umydyny üzüpdi. «Bu agaç irugiç gurar» diýip, onuň idegini ýetirmän, wagtly wagtynda suwuny hem bermezdi.Günleriň bir güni güýçli öwsen şemal başy garly daglaryň kert gaýalarynda ösüp oturan gülleriň tohumyny alyp, ol adamynyň mellegine taşlapdyr. Emma ol taýda gögerer ýaly ýer
ýok eken. Ähli ýer baglybakjaly, diňe limon agaçlarynyň düýbi
boşmuş. Tizden tiz topraga garylmak isleýän tohumlar olaryň ýanyna baryp, ýanlarynda gögermek üçin rugsat sorapdyrlar.Özüniň görkgörmegine guwanyp oturan uly limon agajy
şeýle diýipdir:
— Beýle zat bolmaz. Bu diýýäniňiz asla mümkin däl. Biz siz
zerarly suwsuz galyp bilmeris ahyry.
Onuň bar gaýgysy — reňbereň açylan güller golaýynda
gögerse, şahalarynda biten sary gülleriň gadyry gaçyp, hojaýynynyň özünden göwni geçer gorkusy eken. Goňşusynyň jogabyny halamadyk horaşaja limon agajy düýbünden başga
pikir edipdir. Ol ýaşaýşy bagyş edeniň suwunam kem etmejegine gowy düşünipdir.Şonuň üçinem ol suwsuzlygy oýuna da getirmändir. Gül tohumjyklary bilen ylalaşyp:
— Siziň bilen bolmak maňa ýakymly bolar, özümi ýalňyz duýmakdan halas bolaryn — diýipdir.
Muny görüp duran uly agaç welin nägileligini
bildiripdir, emma kiçi agaç oňa garap:
— Entek gözellikden zyýan çeken ýok, olar öz
owadanlygy, bark urýan ysy bilen daştöwerege
görk berer — diýipdir.
Birki hepdäniň içinde kiçijik limon agajynyň astynda mekan tutan tohumlar gunçalap, açylyp ugrapdyr. Kiçi limon agajy hem olaryň ösmegi üçin elinden gelen kömegini gaýgyrmandyr. Günüň çogunda olary öz saralan ýapraklary bilen penalapdyr.Gysga wagtyň içinde ösüp, gül açyp ýetişen gunçalar daştöwerege ýakymly, hoşboý ysyny saçypdyr. Henize bu güne çenli munuň ýaly ýakymly ysy alyp görmedik bag eýesi onuň nireden gelýänini bilmek üçin, ösümlikleriň arasynda aýlanyp ugrapdyr. Birdenkä onuň gözi hälki idegini kem eden limon
agajynyň saýasynda goşa goşadan açylyp oturan
«çagyrylmadyk myhman» güllere düşüpdir. Ol şu
ýaşyna çenli bular ýaly üýtgeşik owadan gülleri görmän
eken. Şonuň üçinem öý eýesi bu gülleriň guramazlygy
üçin her gün ir turup, ýokumly dökündir suw bilen olaryň idegini ýetiripdir. Güller bilen bilelikde iýmitlenýän kiçi limon agajy da gün günden ösüp ulalyp, suw görmedik kökleri suwdan gana gana içipdir. Güllere gujak açyp, olara söýgi bilen ýer paýyny beren hälkije göýdüjek limon agajy indiki tomsa galman bu jelegaýyň iň
beýik daragtyna öwrülipdir. Töwereginde biri birinden owadan kebelekler pelpelläpdir. Soňra bolsa öz güllerini açmak bilen bagyň görküne görk goşupdyr. Ösmän ýalňyz galan beýleki limon agajy bolsa goňşusyna eden bahyllygyndan ýaňa şo ol ah çekip, tapdan düşüp gurap galypdyr.
Çeşme: dünýä edebiýaty
Jüneýt SUAWI,
türk ýazyjysy
Limon agajy
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Gyzykly hekaýa eken +++++
Sha_gyzy 3 years ago- ++++++++++