Äşeden (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat edilipdir. Men Resul Hudadan: — Ýa Resulalla, kyýamat güni dost-dosty tanarmy ýa tanamazmy? – diýip soradym. Şol wagtda Resul Huda: — Eý Äşe, hawa, tanarlar we ýat ederler. Eý Äşe, olar bir-birini üç ýerde tanamazlar. Owwal, tereziniň ýanynda bir-birini tanamazlar. Çünki ol wagtda: «Amallarymyz agyr gelermi ýa ýeňil gelermi?» diýip gözi terezide bolar. Ikinji, amal namalary geler wagtda bir-birini tanamazlar. Çünki: «Onuň sag ýanyndan gelermikän ýa sol ýanyndan gelermikän? – diýip gözleri nama amalda bolar. Üçünji wagt bir-birini tanamazlar. Ýagny içýanlar dowzahdan geler we olar: «ynanmandyrlar» Biz ol kişi üçin gelýäris. Olar Huda we Resul Hudaga ynanmandyrlar diýip aýdyşarlar. Şol wagtda bilmedim näme waka turar? Şu üç wagtda dost-dosty ýat etmezler –diýip aýtdy. Abdylla ibn Abbas (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat aýtdy: Men Resul Hudadan dowzahyň sypatyny soradym. Resul Huda: — Eý Abdylla, dowzahyň sypatyny beýan etmek köp-köp muşakgatlykdyr. Emma men saňa beýan edeýin. Eý Abdylla, bilgil ol üç müň ýyllyk ýoldur. Müň ýyl çykmaklyga, müň ýyl düşmeklige we müň ýyl hem aralygydyr. Dowzahyň ýedi köprüsi bardyr. Owwalky köprüsinde imandan sorarlar. Ikinji köprüsinde namaz we orazadan sorarlar. Üçünji köprüsinde günä we hüşürden sorarlar. Dördünji köprüsinde ata we ene hakyndan we kowum garyndaşlar hakyndan sorarlar. Eger hemmesine jogap berseň halas bolarsyň Eger jogap berip bilmeseň dowzah oduna iberer –diýip aýtdy. Ýene Resul Hudadan: — Ýa Resulalla, bu ýeri ýene bir ýere çalşyrlanda halaýyklar nirede bolarlar? – diýip soradylar. Resul Huda: Bu halaýyklar Syrat köprüsiniň üstünde bolar we şol wagtda Hudaýtagala ýeri mis dek eder we ýene Haktagala güne kuwwat berer. Günüň yssylygyndan ol ýeri gyzyl eder we dowzah ol ýeriň üstünde bolar. Kyýamat bir gününiň uzynlygy bu dünýäniň müň ýyly dek bolar –diýip aýtdy. Abu Hüreýradan (Alla ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdi. Haktagala asmany we ýeri ýaratdy. Eýse, şol wagtda Esrapyl diýen perişdä: — Eý Esrapyl, suruňy agzyňa goýgul, taýýar bolup durgul – diýip buýurdy. Çünki şol wagt kyýamat güni bolsa, Haktagaladan «Eý Esrapyl surnaýyňa dem ur» diýip perman bolar. Resul Huda: — Sur diýen bir uly nemersedir. Onuň etraby asmanyň ýeriň halaýyklarynyň sanyna deňeçer bardyr. Ol wagt sury üç ýola çalarlar. Owwal uran demine fazag diýerler. Ikinji uran demine sagak diýerler. Üçünji uran demine bags diýerler. Owwal demini uranda ýerde we asmanda bar bolan jemagatlaryň bary turar. Olaryň hemmesi bihuş bolar. Ikinji uran demde jemi halaýyklar ölerler. Ondan soň Haktagala ýagmyra garap: «Eý ýagmyr, ýer ýüzüne dökül» diýip perman berer. Derhal ýagmyr ýer ýüzüne döküler. Her katrasy misli ýumurtga dek bolar. Daglaryň başyna çenli suw dolar. Ol suw toprak bilen hamyr bolar. Kyrk ýyla çenli şunuň ýaly bolup durar. Ondan soň ýene Esrapyla Hudaýtagalanyň emri bilen: «Eý Esrapyl sura dem ur!» diýip, perman bolar. Şol wagt Esrapyl sura dem urar. Ol wagtda adamlar görlerinden ýalaňaç turarlar. Ýene Resul Huda aýdypdyr: — Ol günde owwal men turaryn. Haktagala şol wagtda dört perişdä: «Muhammet Mustapa näzik halat geýdiriň!» diýip buýurar. Oňa näzik halat geýdirerler. Şol wagtda Hezreti Pygamber Jebraýyl doganyndan: — Eý doganym, Jebraýyl, bu gün nähili gündür? – diýip sorar. Hezreti Jebraýyl: — Ýa Resulalla. Bu gün kyýamat günüdir –diýer. Ýene Resul Huda: — Kyýamat güni şeýle muşakgatlardan doly gün bolup ol ýetmiş mertebe jan bermeklikden agyr bolan gündür. Bu wakadan soň terezini getirerler. Ol wagt terezini Arasat halkynyň arasynda taýýar ederler. Halaýyklar ony görip geň galarlar. Ol tereziniň bir jamyna ýedi gat asman we ýedi gat ýeriň halkyny salsalar hem dolmaz. Ýene Resul Huda aýtdy: — Kyýamat güni halaýyk bäş bölek bolar. Bir bölegi hasapsyz dowzah oduna düşerler. Ol jemagat şeýtanlardyr. Ýene bir bölegi ýok bolar. Ol janawerlerdir. Ýene bir bölegini hasaba tutarlar, ol periler we adamlar bolar. Ýene bir bölegi bihasap anbar ysly behişde bararlar. Olar perişdelerdir. Ýene Resul Huda aýtdy: — Kyýamat güni hiç kişi ýerinden tä dört zatdan soralýança gozganyp bilmez. Owwal ömrüňden: «Eý bende, ömrüňi näme işe sarp etdiň?» diýip sorarlar. Ikinji: «Eý bende, men saňa halal mal berdim. Ol malyňy nämä harç etdiň?» diýip sorar. Üçünji: «Eý bende, men saňa tendürstlik berdim. Ol tendürstligi, ol kuwwaty nämä sarp etdiň?» diýip sorar. Kagbul Ahbar (Alla ondan razy bolsun!) aýdypdyr. «Men Resul Hudadan şeýle söz eşitdim. Resul Huda aýtdy: — Hezreti Yshak Ybraýym alaýhyssalamyň ogludyr. Şol wagtda Hezreti Ybraýym ony unudar we aýdar: «Eý bar Hudaýa! Yshaky näme etseň et welin, meni ryswa etme!» diýer. Şol günde her pygamber öz-özlerini diläp, özi bilen başagaý bolarlar. Şonuň ýaly adamlar şeýle bolsalar, eý, Alla biziň dek günäkär bendeleriň haly niçik bolar ? — Eý Taňrym! Hemmäge özüň ýar bolgaý sen! Eger bende bu haly görse, bir sagat hem Hudaýtagalanyň mübärek adyny unutmazdy we gapyl bolmazdy we hemişe ýyglamakda bolardy. Ýene Rusul Huda aýtdy: — Her kim ömrüni tagat we ybadat bilen, musulmançylyk bilen ötürse, kyýamat güni şol bende syrat köprüsinden ýyldyrym dek ötüp behişde girer. — Her kim ömrüni Haktagalanyň nehi (gadagan eden zatlary) bilen ötürse we bitoba dünýäden barsa, kyýamat güni Syrata ýakyn goýsalar, onuň aýagy durmaz, taýar we dowzah oduna düşer. Ýene Resul Huda aýtdy: — Dowzahlaryň iň kiçi azaby: bendäniň aýagyna otdan köwüş geýdirerler. Ol köwüşe aýagyn goýan wagtynda onuň beýnisi gaýnar. Ymam Alkama (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy: — Men Resul Hudadan eşitdim. Resul Huda aýtdy: Kyýamat güni bolsa, bendeleriň tagat we ybadatyny ölçärler. Onuň ýagşylygy agyr gelse, halaslyk tapar. Ondan soň ol bende Haktagaladan destur dilär. Aýdar: — Eý bar Hudaýa, men atam-enem, kowum gardaşymy we perzentlerimi Arasat kyýamatdan tapaýyn. Olardan bir az tagat we ybadat alaýyn we bu azapdan halas bolaýyn –diýer. Şol wagt Haktagala destur berer we aýdar: «Eý bendäm, bar şeýle et» diýer. Ol bende Arasat kyýamata barar we ata-ene, perzent we kowum garyndaşlaryny tapar. Şol wagt aýdar: — Eý perzentlerim, eý garyndaşlarym, eý kowum-kabylalarym, meniň ol amalymy ölçediler we biraz amal gerek boldy. Men biraz amal üçin size geldim. Maňa biraz amal beriň. Men kyýamat azabyndan halas bolaýyn –diýer. Olar: — Biz seni tanamaýarys, biz sizden hem mätäjiräkdiris, biz öz halymyzyň nähili bolaryny bilmeýäris – diýip, jogap bererler. Ol bende gamgyn we olardan näumyt bolup, ýene tereziniň gaşyna gelip, ýüzüni ýere goýup ýyglar we: — Indi näme edeýin, dowzah oduna barar men – diýip durar. Şol wagtda Haktagaladan: «Eý bende, näme etdiň?» diýen owaz geler. Ol biçäre bende aýdar: — Eý bar Hudaýa! Gizlin we ýaşryn zatlary biliji seniň özüňsiň. Hiç kişi maňa sogabyndan bermedi. Sen danasyň, kerimsiň we rehimlisiň. Älemleriň patyşasy bolan Taňry: «Eý bende, sen meniň rehimli ekenimi bilseň, näme üçin pany dünýäde maňa bendeçilik etmediň, meniň razylygymda bolmadyň we ömrüňi hatyna we perzende sarp etdiň. Olara aldandyň» diýer. Ol wagt ol bende şermende bolup, puşman edip, başyny aşak salyp oturar. Ol wagt Haktagaladan: «Eý biçäre bende! Men seniň günäleriňi ötdüm we saňa rugsat berdim. Behişdi saňa berdim» diýen owaz geler. Taňry ol gaýgyly bendesini şat edip Behişde iberer. Möminleriň emiri Alydan (Alla ondan razy bolsun): şeýle rowaýat edipdirler. Ol: — Men bir gün Resul Hudanyň gaşyna baryp gördüm. Resul Huda ýyglap oturan eken. Şol wagtda men: — Ýa Resul Huda, näme üçin ýyglar siz? – diýip soradym. Resul Huda: — Ýa Aly, Magraja baramda köp zatlary gördüm we men şolar ýadyma düşüp ýyglaýaryn – diýdi. Şol wagt men: — Ýa Resulalla, maňa ol wakany habar beriň –diýdim. Resul Huda: — Haktagala meni Magraja iberdi. Men onda örän uly we haýbatly bir perişde gördüm. Ol perişde örän gazaplanyp oturan eken. Her zaman onuň agzyndan ot kükräp çykyp dur. Ol perişdäniň etraby ýanyp duran ot ýaly ekeni –diýip aýtdy. Ýene Resul Huda aýtdy: — Ol perişdäniň haýbatyndan gaçyp, Jebraýylyň ganatynyň astyna bardym we ondan soň: — Eý doganym Jebraýyl, bu kimdir – diýdim. Şol wagtda Hezreti Jebraýyl aýtdy: — Eý Muhammet! Ol dowzahyň mäligidir. Ondan soň men ol perişdäni ýene gördüm. Bir otdan kürsiniň üstünde oturypdyr. Otdan bolan täji başynda. Otdan bolan gürzüni alnynda goýupdyr. Eger ol gürzüni ýedi gat asmana we ýedi gat ýere goýsalar derhal kül bolar. Ol wagt men ileri bardym we salam berdim. Meniň salamymyň jogabyny bermedi. Şol wagt Jebraýyl: — Eý Mälik, bu salam beren Muhammet Resulalladyr – diýdi. Bu jogaby eşidenden soň, Mälik ornundan turdy we maňa jogap salamyny berdi. — Eý Muhammet! Hudaýtagala meni otdan ýaradypdyr – diýdi. Şol wagtda Resul Huda: — Eý Mälik, dowzahy maňa görkezgil – diýdi. Mälik: — Eý Muhammet! Sen dowzahy görebilmersiň – diýdi. Men bu jogaby mälik dowzahdan eşidenimden soň, gamly boldum. Şol wagtda Hezreti Jebraýyl: — Eý mälik, her näme bolsa hem Muhammet Resulalladyr. Ony kabul etgil – diýdi. Bu jogapdan soň mälik maňa dowzahy görkezdi. Men onda köp-köp muşakgatly azaplary gördüm. Şol wagtda mälige: — Eý mälik dowzahyň başy-aýagy ne mukdardyr? – diýdim. Şol wagtda mälik: — Ýa Muhammet, dowzahyň mukdaryny Haktagaladan özge hiç kim bilmez. Emma şol gören dowzahyňda bir ýylan bardyr. Onuň otuz müň başy bardyr. Her başynda otuz müň agzy bar. Her agzynda müň halka, her halkasynda bir zynjyr bar. Her zynjyr bir perişdäniň elindedir – diýdi. Men: — Eý mälik, bu dowzah näçe ýerden ýeri köýdürer? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet! Bu dowzah müň ýyllyk ýoldan garany ak eder, müň ýyllyk agy bolsa tä kyýamata çenli gara eder. Ýene mälik: — Eý, Muhammet, bu dowzah ýedi deredir. Owwal Jähennemdir. Ikinji Lazadyr. Üçünji Hutamadyr. Dörünji Jehimdir. Bäşinji Sagyrdyr. Altynjy Sakardyr. Ýedinji Häwiedir – diýdi. Men: — Eý mälik, her bir deresi kimleriň jaýy we mekanydyr? – diýdim. Mälik: — Owwalky dere mynafyklaryň (iki ýüzlileriň) jaýydyr. Ikinji dere Hezreti Nuhuň kowmunyň jaýydyr. Üçünji dere şeýtan betbagtyň jaýydyr. Dördünji dere Hudaýçylyga dawa edenleriň jaýydyr. Bäşinji dere tekepbirlik kylyjylaryň jaýydyr. Altynjy dere jöhitleriň jaýydyr. Ýedinji dere Muhammet alaýhyssalamyň günä sagyra (kiçi) we günä kebire (uly) eden we bitoba bolup duran ymmatynyň jaýydyr – diýdi. Ýene Resul Huda: — Eý mälik! Maňa Jähennemdäki asy ymmatymy görkez – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet! Men senden utanýaryn –diýdi. Ol wagtda Haktagaladan: — Eý mälik! Meniň habybym Muhammet näme aýtsa, ony etgil – diýen owaz geldi. Ondan soň mälik tamam Jähennemi Muhammede görkezdi. Mälik: — Eý Muhammet! Bu Jähennemde üç müň sany otdan gazyk bar. Her gazygyň ululygy üç müň ýyllyk ýoldur. Hersi dagyň deresiçe bardyr. Onuň her bir deresinde otdan ýedi ýüz müň şäher bardyr. Otdan şäherde ýedi ýüz müň köşk bardyr. Otdan her köşkde ýedi ýüz müň saraý bardyr. Otdan bir saraýda ýedi ýüz howly bardyr. Otdan her howlusynda ýedi ýüz müň öý bardyr. Otdan her öýde ýedi ýüz müň sandyk bardyr. Otdan her sandykda ýedi ýüz müň dürli azap bardyr – diýdi. Bu otdan, azap we jezalardan Haktagalanyň özi bizi aman saklasyn! Ämin. Ýa repbil älemin! Ýene Resul Huda: — Men bir bölek halklary gördüm, ýylan-içýanlar olaryň boýnuna oralyp dur – diýdi. Men: — Eý mälik! Bular kimler? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet, bular maldan zekat bermedik, galladan hüşür bermediklerdir –diýdi. Men ýene bir bölek jemagat gördüm, aýagyna otdan köwüş salyp bent edipdirler, boýnuna otdan zynjyr salnypdyr. Boýny we gulaklary otdan bolan arkan bilen baglanypdyr. Men: — Eý mälik! Bular kimler? – diýdim. Mälik: — Bular söwdagärlerdir – diýdi. Ýene bir bölek jemagaty gördüm. Öz etlerini özleri iýip durlar. Men: — Eý mälik, bu adamlar kimlerdir? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet! Bular dünýäde gybat edijiler we zyna edenlerdir we tobasyz dünýäden sapar edenlerdir – diýdi. Ýene Resul Huda: — Men ýene dowzahyň bir bölek adamlarynyň oduň ortasynda duranyny gördüm. Olaryň aýagynda otdan köwüş, otdan bolan täç bar. Üstünde otdan bolan don. Men şol wagt: — Eý mälik! munça azaba duçar bolup duran bu adamlar kimler? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet! Bular ol kişiler, bu dünýäde iki hatyn alypdyrlar we ikisiniň arasynda adyllyk etmändirler – diýdi. Men ýene bir bölek jemagaty gördüm. Dowzahyň ortasynda durupdyrlar. Olaryň gollarynda otdan gamçy bar. Olar bendäni örteýärler. Şol wagt men: — Eý mälik, bular kimler – diýip soradym. Mälik aýtdy: — Eý Muhammet, bular dünýäde pynhan nähak iş edenler, halk arasynda nähak işi etmedik ýaly bolup ýörenler we toba etmän bu dünýä gelen adamlardyr. Indi bulara biz Hudaý uranlar diýeris – diýdi. — Men ýene bir bölek adamlary gördüm, olaryň dili sallanyp asylyp dur. Men: — Eý mälik, bular kimler? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet! Bular hatynyny we perzentlerini sebäpsiz uranlar we sebäpsiz balalaryna sögenler – diýdi. Ýene Resul Huda aýtdy: — Men bir hatyny gördüm welin, emjeginden asypdyrlar we zakgun onuň damagyndan akyp dur. Men aýtdym: — Eý mälik, bu nähili hatyndyr? Mälik: — Bu hatyn ärinden birugsat halklaryň balalaryna süýt beripdir – diýdi. Ýene bir hatyny gördüm, saçyndan asyp goýupdyrlar. Onuň beýnisi gaýnap dur. Men: — Eý mälik, bular kimlerdir – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet! Bular bimany söz aýdyp, ärlerini agyrdypdyrlar – diýdi. Ýene bir hatyny gördüm, özüniň teninden etini üzüp alyp iýip dur. Men: — Eý mälik, bu nähili hatyndyr? Mälik: — Eý Muhammet, bu hatyn dünýäde özüne zynat berip, nämähremlere özüni görkezenlerdendir – diýdi. Ýene bir bölek hatyn jemagatlaryny gördüm. Aýak-goluny baglap durarlar. Ýylan-içýan etlerini iýip durlar. Men: — Eý mälik! Bu ne hatynlardyr? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet, bular täretini nädürs edenlerdir – diýdi. Ýene bir bölek hatynlary gördüm, ol hatyny otdan bolan tabyda salypdyrlar. Men: — Eý mälik, bular kimlerdir? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet, bular zynadan oglan edip, ol oglany atasyndan bolupdyr – diýen bihaýa hatynlardyr – diýdi. Ýene bir hatyny gördüm, başy aşak, we aýagy ýokary durupdyr. Otdan bolan tamdyra salyp asyp goýulypdyr. Men: — Eý mälik, bular kimler? – diýip soradym. Mälik: — Eý Muhammet, bular nämähremler bilen bu ilden ol ile ýoldaş bolup ýören hatynlardyr –diýdi. Ýene bir hatyny gördüm. It suratynda bolup durar. Ol hatynyň ot içinden ötüp, agzyndan çykyp durar. Men: — Eý mälik, bu kimdir? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet, bular zynadan oglan edip ol oglany öldüren hatynlardyr – diýdi. Ýene bir hatyny gördüm, dilini arkasyndan çykaryp dur. Men: — Bular kimlerdir? – diýdim. Mälik: — Eý Muhammet, bu hatynlar dünýäde ýalandan ant içen hatynlardyr – diýdi. Ol wagt Äşe we Patma ýyglaşdylar we: «Ýa Resulalla! Adamlar bu işleriň azabyndan halaslyk taparlarmy?» diýdiler. Resul Huda: — Men bu işleri beýan etdim. Siz özleriňizi bu işden ýyrak tutuň. Eger şeýtan (oňa nälet bolsun) sizleri waswasa edip, bu işleri etdirse, ondan toba ediň we puşmanda boluň – diýdi. Eý Taňrymyz, hemmä tobany nesip etgil. Otdan doly dowzahyň ýetmiş müň azabyndan saklap, anbar ysly behişde duçar etgil. Ämin. Ýa repbil älemin!