Daşymdan:
Başlyk saña söz ýok sen gowy adam..
Rugsat berýäñ toýa gitjek diýemde..
Düşünýäñ ýagdaýa arlap durañok..
Birazajyk gijä galyp gelemde..
Içimden:
Wah gygyrýañ ýolbars bolup arlaýañ..
Ýöne señ ýüzüñe, diýip bolanok..
Sen ýaly köse murt kel kelle başlyk..
Ynsan ogly başga ýerde görenok..
Daşymdan:
Işimizde ýalñyşaýsak azajyk..
Düzedipjik şeýle bolsun diýärsiñ..
Tapanjañy işgärleñden gysganman..
Biziñ bilen bölüşipjik iýýärsiñ..
Içimden:
Senden tomsuñ güni nämä garaşjak..
Gyşda gar alybam bolanok senden..
Nädeli sen başlyk biz bolsa işgär..
Çydaýas gygyryp geçseñem çenden..
Daşymdan:
Eliñ gözüñ dert görmesin başlykjan..
Sen biziñ diregmiz sen halal adam..
Saña hormatymyz şeýle bir uly..
Saña söwen işgär iñ uly nadan..
Içimden:
Wahh saña söwmegä beýlede dursun..
Başarsam çigligñe etiñi iýjek..
Görmekde gelşikden nyşan ýok sende Başlyk diýmän diñe şympanze diýjek..