Işleýärin bileje
Men-ä şol gelin bilen.
Ýylgyrýar ol çalaja
Sataşsa meniń bilen.

Bir zat diýjek bolýar ol
Käte gelip ýanyma.
Aýdyp bilmän dolanýar -
Otlar salýar janyma.

Bakyşynda syr gördüm,
Mańlaýynda der gördüm.
Gelip bolýan zatlary
Gürrin berdim dostuma

Dostum diýdi: "Bolupdyr,
Seniń bagtyń gelipdir.
Ol gelniń-ä gürrüńsiz
Seni sulhy alypdyr."

Aram girip janyma,
Guwanyp ykbalyma.
Ertir irden ylgadym
"Söýgülimiń" ýanyna.

Berip ońa salamym,
Orta atdym sowalym:
"Çekinme-de aýt, gelin,
Nedir seniń hyýalyń?!"

Synlap durkam ýakyndan
Uzyn boýly "Serwimi".
Ol diýdi: "Haçan berjek
Öten ýylky bergińi?!"

Sorag-jogap, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir