Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz öz ýörelgelerinde türkmen halkynyň müňýylyklardan aşyp gelýän ruhy baýlyklaryna,mirasyna esaslanýar.Ine,şol gadymy mirasy nesilden-nesile geçiriji ,ony dogruçyl wagyz ediji hökmünde-de halkymyzyň köňül buýsanjyna öwrülen ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti we döredijiligi orta çykýar.
Dowamy teswirlerde...
Şygyryýetiň göwher täji
-
Waharman
3 years ago
- Şahyrlaryň içinde Magtymguly Pyragynyň tutuş halkyň ruhy ýüzi bolan beýikligi nämedekä?Döredijiligi dünýä ýüzünde bolany-geçeni,boljak-geljegi aýna ýaly görkezip duran akyldar Pyragynyň dürdäne setirleri müň öwüşgünli almaza meňzeýär.
-
Waharman
3 years ago
- Magtymgulynyň umman ýaly köptaraply döredijiliginde her jüre adamyň ,her kärdäki ynsanyň,her hörpden gopýan kişiniň ýüreginden turaýjak meseleler gozgalýar.Şol joşgunly deňizde pähim-paýhasam,ylym hem,öwüt-nesihat hem,ýüregiňi gozgaýan sowalam...hemme zat bar.
-
Waharman
3 years ago
- Halkyň göwnünden turýan eserleri döretmegi jana-jan borjy hasaplan şahyrymyz öz eserlerinde çeper döredijiligiň many-mazmuny ,tebigaty barada öz garaýyşlaryny -da beýan edýär.Ol çeper sözüň keramaty,jadylaýjy söz syrlary barada gymmatly pikirleri aýdyp geçipdir.Magtymgulynyň edebi garaýyşlary boýunça çeper eserler galp şöhrat,bet gazanç üçin ýazylman,il-halk üçin,adamlaryň adamkärçilik ,ynsansöýerlik,watançylyk,dostluk ,agzybirlik ýaly duýgularyny ösdürmek üçin ýazylmalydyr.Adam her kärde bolsa-da,ilki bilen kiçigöwünli,ilhalar,düşünjeli ,utanç-haýaly bolmaly.Magtymguly çeper sözüň ,döredijiligiň halkyň göwnünden turmagy üçin onuň dogruçyl bolmagyna aýratyn uly üns beripdir.Bu meselede Magymguly özüne-de juda talapkär bolupdyr:
Magtymguly,hakdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň ýalan sözlese.
Men diýdim birnäçe pendi-nesihat,
Bilseň,nesihatdyr,ýogsa pesihat,
Pesihat bilmegil,bilgil nesihat,
Ýalançy sözleri aýdyjy bolma.
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Her kim güýçli bolsa oňa Pir diýrler,
Dertli guluň dermanyny biýr diýrler,
Gawunyň ýagşysyn şagal iýr diýrler,
Ykbally bendäniň paýy gözel sen!!!
Magtymguly Pyragyny iň bolmanda poeziýanyň Piri diýip hasaplasagam ol hiç hili Pyragy üçin uly dereje bolmaýar. Emma aramyzda şeýle bir adamlar Sapa Hommatow diýsek ony indi hemme kişi tanaýar. Sapa Hommadow diýeniň özi dil-edebiýat mugallymy bolup onda hem şahyr bolup Magtymguly Pyraga garşy sylaşyksyz edepsiz garaýyşdadyr. Ýöne Magtymguly Pyragymyzyň roly bu we munuň ýaly ynsapyny ýitiren kişileriň nazarýasyndan belentdedir, bu hemme ugurlarda-da. Magtymgulynyň poeziýasy filosofiki ähmiýetde bolup ol durmuşyň köp ugurlary bilen baglanyşykly.
Magtymguly Pyragynyň şu aşaky setirleride onuň çuňňur dini ylymlaryna eýedigine şaýatlyk edýär.
Alymlar sözüne amal bolmady,
Mynapyklar ýaradany bilmedi,
Sopular pirinden taglym almady,
Dünýä üçin dinden geçe başlady.
Emma özüniň porsy pikirleri bilen sapa hommadow bu barada düýbünden başga garaýyşda eken. Bu şahsyň näme haky bar Magtymguly Pyragy hakynda beýle pikir etmäge? Ýok ondan hak soramaly ondan ylym soraly. Goý ol Pyragynyň derejesine pes baha berýän bolsa şuny subut edip bersin. Biz hem göreli şuny.
Sapa hommadow diýen binamazyň zehinini beren Hudaýym ony alsyn hem. Meniň munym gargyş däl. Meniň bu pikirim garaýyş.
31.12.2020. 18:12 Ýolagçy
Waharman 3 years ago- Indi näçe wagtdyr,Magtymguly türkmen halkynyň arasynda uly bir keramat,göz ýeterden giň boýlardan çuň,dünýä kimin bimöçber bir umman ýaly görülýär.Magtymgula,onuň syrly setirlerine düşünmäge,manyly-maňyzly,göwnejaý pähimlerine doly göz ýetirmäge müňlerçe adam imrindi.Şeýle göräýmäge,Welmyrat aga ýaly sada daýhan adama-da düşnükli ,ýekeje guba düýesini berip almaga ýeter ýaly derejede ruhy täsir edip bilýän güýji bolan Magtymguly atamyzyň döredijiligi ugrubir düşündürilýän hadysalardan däl.Magtymguly şahyryň döredijiligini okadygyňça,onuň syrlar dünýäsi beýgelip gidip otyr.Şahyryň akyl ummanyny dolulygyna boýlap biljek adam,döwür heniz bolmandy,oňa diňe fenomen,beýiklik,ägirt diýip baha berdiler.