...Men onuñ yzymda maña ikilik etjegini näbileýin. Gowsy men size ony başdan gürüñ bereýin.
Aýnur ikimiz okuwyñ soñky ýyly biri birimize göwün berip halaşdyk. Men ony ol hem meni gaty söýýärdik. Biziñ biri birimize sarpamyz ulydy. Hem söýüp hem hormatlardyk biri birimizi. Ynha okuwam gutardyk. Üstünden bir ýyl geçdi. Biz şu güne çenli garşylykly söýgi sözlerinden başga biri birimize hiç hili agyr söz aýtmaýardyk .Sebäbi biz söýgä aşykdyk. Şonuñ üçin söýgi bizi biz hem söýgini ezizleýärdik . Daş töwerek bizin söýgimize haýran galýardy. Ahyram bir gün men gulluga gaýtmaly boldum. Onsañ men Aýnur bilen gyzgyn hoşlaşyp iki ýyllyk Watan borjumy ýerine ýetirmäge gaýtdym.
Hawa gulluk dowam edýär. Men günde diýen ýaly maý tapdygymdan jañlaşyp durýardym. Aýralçylyk gaty erwet zatdy. Oña öwrenişmek gaty kyndy. Her nãmede bosa iki ýyly ýarymdan aýra geçirmelidim .
Hawa wagt geçip dur. Aýnuram aram-aram maña hat ýazyp durýardy. Emme , ynha bir günem men Aýnura jañ etsem onuñ telefonuny bir oglan aldy. Men depämden gaýnag suw guýlana döndim. Sebäbi Aýnurda ne oglan jigi ne-de dogan bardy. Men derrew telefony öçirip, biraz salym pikire batdym. " Bä kimkä bu näme saglykmyka. Ýa telefondaky Aýnuryñ kakasydymyka." Men ýene-de jañ etmeli kararyna geldim. Jañ etdim:
-Alo Aýnur senmi?
- How Kuwwat gowmy. Hawa men.
- Aýnur biraz mundan öñ men saña jañ etsem başga bir oglan sesi aldylaý telefony kimdi ol.
- Kuwwat ol biziñ garyndaşymyzdy. Telefonum şolarda galypdyr . Şonuñ ün alypdyr.
- Hm beýle bolsa bolýa. Näbileýinde ýüregim ýarylaýdy kimkä bu diýip.
Şeýdip biz biraz gürleşdik. Soñ ol telefony goýdy.
Ynha şol günden soñ Aýnur meniñ bilen känbir gürleşenokdy. Gürleşaýsa-da ol öñkisi ýaly mähirli gürrüñ etmeýärd. Men nämeleriñ bolýanyna düşünemokdym. Içimi it ýyrtyp barýardy. Men Aýnurdan bolşynyñ sebäbini sorasamam ol bir zatlar aýdyp gürrüñi sowmagy başarýardy.
Bir günem men öýdäkilere jañ etdim. Telefony ejem aldy. Men ejem bilen boraz hal ahwal soraşanymdan soñ ejem maña:
-Oglum, Kuwwatjan! Men saña bir zatlar aýtmaly welin nädip aýtjagymy bilemokda.
-Eje aýt hany näme boldy . Saglykmy özi.
- Aý hawala saglykla welin Aýnur...
- Hawa Aýnur. Näme boldy.
- Oglum çynmy ýalanmy bilemok. Ýöne oba içinde birhili gürrüñ ýaýrady. Aýnur goñşy obadan biri bilen görülýän eken. Menä näme diýjegimi bilemok öziñ bir soraşdyryp göraýmasañ.
- Meniñ ýüregimde namys ody ýanyp alowlap başlady. Näme etjegimi bilmedim. Ejemiñ ýüzüne telefony goýup goýberenimi bilmän galdym.
Ynha şundan soñ Aýnur bilen gürleşeýin diýip oña jañ etsem ol hiç telefonyny almady. Ýene-de aýlaýan , ýene-de almaýar. Şeýdip aradañ yene-de iki aý geçdi. Watan gullygymyñ tamamlanmagyna bary ýogy bir aý galypdy. Eýýam iki aýdan bäri men Aýnur bilen bir gezek hem gürleşip bilmedim.
Bir günem men" hany ýene-de bir jañ edip göreýin näme saglykmyka näme üçin Aýnur maña jogap berenokka?" diýip Aýnura jañ etdim . Telefony Aýnuryñ gyz jigsi aldy.
- Alo Kuwwat salam.
-Salam Jeren gowmy jigim. Hany Aýnur ýokmy.
- Kuwwat..... Menä nädip aýtjagymy bilemok.
- Jeren aýtsana näme boldy.
- Kuwwat Aýnur gaçdy. Goñşy obadan bir oglan agşam ony alyp gaçypdyr.
- diýdi.
Meniñ ellerim sandyrap başlady. Gulagymyñ eşidýän zatlaryna ynanman başladym." Ýoklaý bu düýşlaý. Aýnur beýle zat etmezlaý. Ol meni söýýär ahyry."
Men telefony öçirip başymy iki elimiñ arasyna salyp köp otyrdym. Meniñ elimden hiçzat gelenokdy. Näme edip bileýin . Men gullukda ahyry. Ýöne meniñ ýüregimdäki gorky , agry-ynjy gitdigiçe ulalyp , içime sygman başlady.
Aradan üç gün geçdi. Obadakylaryñ hemmesi diýen ýaly gürleşip çykdym. Hawa, Aynur hakykatdan hem gaçypdyr. Meniñ ýüregmi daglaýan zat Aynuryñ öz islegi bilen gaçmagydy.
" Nãme üçin beýtdikä . Ýa, ýa Aýnur meni söýmedimika . Ol meniñ bilen diñe wagt geçirdimika? "
Ynha şu soraglar meniñ kellämde aýlanyp dur. Men näme etmeli. Birdenem:
- Kuwwat saña hat gelipdir- diýen bir ses meni tisgindirip goýberdi. Görüp otyrsam Aýnur maña hat ýazypdyr. Men haýal etmän haty açyp okap başladym. Okabam boldym. Size ol hatdaky ýazylanlary doly aýdyp otyrmaýyn. Bilýäñizmi Aýnur näme üçin gaçypdyr.
Ol aşyk bolupdyrmyş. Häli meniñ gullyga gaýdanyma iki aý bolmanka ol birine aşyk bolup onuñ bilen halaşypmyş. Bu nahili boluş men haýran. Wah , bolýa ol zorluk bilen alyp gaçylan bolsa ýagdaýyna düşünjegä men. Ýöne esasy zat şol ýerde-de. Aýnur öz islegi boýunça gaçypdyr.
Bu wakanyñ soñuny men size aýdyp otyrmaýyn. Meniñ esasy aýtjak bolýan zadym, şuwagt gyzlar köplenç aýdan bolýalar "oglanlara ynam ýok" diýen bolup. Hany indi siz aýdyñ oglanlar şeýle bolsa indi gyzlar näme.