“Aragatnaşygymyzyň taryhyndan” * Türkmenistan topragyna elektrik aragatnaşygy 1880-nji ýylda peýda bolupdyr. * 1925-nji ýyla çenli TM-da poçta, telegraf edaralarynyň 20-si bolupdyr * 1926-njy ýylda Kerki (Atamyrat) – Gyzylaýak, Kerki (Atamyrat) – Daşoguz, Duşak-Mäne, Gyzylarbat (Serdar) – Garrygala, Jebel-Çeleken (Hazar), Daşoguz-Ýylanly (Gurbansoltan eje) aralyklaryna liniýa çekilýär. * 1927 –nji ýylda TM-da sim arkaly eşitdiriş kärhanasy döredilýär. * 1928-nji ýylda Aşgabat şäheriniň 4 ýerinde radio diňlenipdir. Meselem häzirki Garaşsyzlyk meýdançasynyň ýerleşýän ýerinde, Magtymguly şaýolynda, Teke bazarynda we Türkmenbaşy şaýolynda. 1930, 1950-nji ýyllar aralygynda telefon aragatnaşygy el bilen birikdirilýän telefon stansiýalarynyň hasabyna köpçülikleýin ýola goýuldy. * 1933-nji ýylda TM-da radiomerkezleriň sany 16-a, radionokatlaryň sany bolsa 3640-a ýetdi * 1950-1970 ýyllar aralygynda awtomatik usulda işleýän telefon stansiýalary köpçülikleýin işe girizilýär * 1958 ýylda Aşgabatda kiçi telemerkez gurulýar * 1997 ýylda 365-nji habar beriş býulleteni boýunça Halkara elektrik aragatnaşyk soýuzy TM-yň setiniň täze 993-nji nomerli milli koda geçýänligi hem-de ýurduň öz içinde täze nomerleri ulanmaga başlandygy baradaky habar dünýä jar etdi.
“Aragatnaşygymyzyň taryhyndan”
-
Harmandali
16 years ago
- Haýal ösýäs. Ýogsam swýaz hakynda köp gürlenilýärem weli gowşak. Sebäbi oňa gerek bolan çykdajylary edenoklar. Swýaz ugrundan işleýän hususy kärhanalara lisenziýada berenoklar. Biziň firmamyz 1.5 ýyl kaňkady şol lisenziýa üçin ahyr soňy aldy. Indem MTS bilen işleşýä weli ullakan problema bir ol ýerden rugsat almaly bir bu ýerden olary edinçäň näçe wagt geçýä. Ol ýokardakylar bolsa ýekejejik goljagazyny gyzyldan gymmat edýäler. Ýene-de TV-da gygyran bolýa “henizem internet, swyaz gowşak” diýen bolup. Beýle gyzyklandyrýan bolsa hemme zat bilen üpjün etsindä. Iň wajyp zatlara üns bermän başga soň edilse-de bolýan işleri edip ýör.
-
garakchy
16 years ago
- Durmuş
Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan,
Sen-ä aglan bolýañ, bizem gynanan,
Ýurt çapylýar, dogry, alajymyz ýok,
Il soýulýar, ogry -- pirmi-hajy-hak,
Sellelimi, sellesizmi, penjekli,
Bir aýally, iki aýally, parhy nä,
Gidip otyr, saklaýan ýok dur diýip,
Ien iýip gidýär, sümüren sümüp…
Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan,
Onsoñ ikimizem bolýas guwanan,
Bir-birege söz saýlaýas ýüreksiz,
(Ýüreksiz ýaşaýan galmaz böreksiz),
Kiçi dilden bärde ýylgyrýas uly,
Nätjek, adam ogly garnynyñ guly,
Çörek hem aýmança, aýlanarsyñ sen,
Tans edersiñ, bökjeklärsiñ, oýnarsyñ,
Belki, kä gullardan saýlanarsyñ sen,
Belki, biraz öz göwnüñi aldarsyñ…
Sen-ä aldan bolýañ, bizem aldanan,
Iller goldan bolýar, senem goldanan,
Dilegçi, tamakin, soranjañ gözler,
Ýyryş-ýyryş, ýöne tuwaksyz ýüzler,
Inkubator jüýjesi deý köpelýär,
Çynyn diýjekleriñ agzy dykylýar,
Bu öñden, gadymdan ýörelge, adat,
Çynçyly gamçyla, gandalla, ýadat,
Ýalança altyn dök göz edip ile,
Goý, hemme düşünsin, nämede hile!
Sen-ä iýen bolýañ, bizem iýilen,
Belki, şunuñ özi durmuş diýilen?..
Aşgabat, 1995.
-
Harmandali
16 years ago
- Hehe gowja goshgy weli yone kak bud-to men aldayan yaly sizem ynanan yaly bolupdyra how.
Harmandali 16 years ago- “Bular Tm-nyň ösýän telekommunikasiýaly döwletdiginden habar berýär”
* Şu ýylda ýurdumyzyň etraplarynyň we obalarynyň 124-sinden aragatnaşygyň häzirki zaman tehniki serişdeleri gurnalar.
* “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy tarapynda öýjükli aragatnaşygyň baza radioýaýradyjy enjamlaryny 44 obada gurnamak göz öňünde tutulýär. Olaryň agramly bölegi eýýäm taýýar.
* “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň umumy göwrümini şu ýylda 355 000 telefon belgä ýetirmek göz öňünde tutulýar.
* MTS öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň göwrümi häzirki wagtda 370 000 telefon belgi bolup, şu ýylyň ahyryna çenli bu ulgamyň hyzmatlaryndan peýdalanylýan müşderiň sanyny 650 000 telefon belgä ýetirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň ahyryna çenli bolsa öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň umumy göwrümini 1 000 000 telefon belgiden aşyrmak meýilleşdirilýär.
* Tm-da internet ulgamyndan jaň etmek arkaly peýdalanýan müşderiň sanyny goşmaça 20.000-e we aýratyn bölünip berilen liniýalar arkaly Internet ulgamyndan peýdalanyjylaryň sanyny goşmaça 1.100-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. 100 000 sany elektron poçtasyna hyzmat edip biljek kompýuter serwerini hem gurnamak meýilleşdirilýär.