Bilgiçlikdäl, öňdengörüjilik! 1-nji bölüm.(2 bölümden ybarat eser)

Adaty günlerdi. Mergen işlerini bahymjak dynyp ýönekeý ýere aýlaň çaýlaňa çykdy. Asudalyk, parahatlyk. Sagat 18:00 töweregi. Asmanda gün gyzaryp ugrady. Birden çala, soňra güýçlenip başlan şemal Mergeniň göwnüni galkyndyrdy. Ol misli ganatlaryny açýan ýaly ellerini galdyrdy. Ýöräp barýan ýeri köçäniň gyrasy bolansoň, hemmeler Mergene geň galyjylyk bilen seredýärdi. Maşynlar wyyz wyz iki tarapa at salyp ýollary bilen gidýärdi. Birden güýçli şemal aňyrdan gelýän maşynyň üstüne ýoldaky duran uly ýol çyralarynyň birini gaçyrdy. Mergeniň gözüniň öňünde bolan bu waka barada"Başladooow bir galagoplyk" diýip pikiri döretdi. Beýle äpet zada gorkan sürüji maşynyň rolyny birden aýlanda, hem ýaňky gaçan çyranyň hem öz agram uly bolan awtoulag birden 3-4 togurlanyp pyýada ýodajykda tüsseläp duruberdi. Mergen aljyraman, pikirlenmän awtoulaga tarap ylgap başlady. Ylgap barýan wagty eline telefonyny alyp "003" belgä jaň etdi. Barýança awtoulag tüsselemäge başlady. Türkmen halky bir gowy millet, derrew 2 erkek adam we bir aýal Mergene goşulup awtoulaga geldiler. Mergen gapdalyndaky aýala:
-Me al telefony 003-jaň etdim, adresi toçna edip aýt! - diýdide sürüjä seretdi. Bu ýagdaýlar köp bolsa 3-4 minudyň içinde bolup geçýär. Sürüji huşsuz ýagdaýda we bokurdagynynyň gapdal tarapyndan birzat kesip geçipdir. Gan pürkülýär. Uly kesim bolmasada, şondada gan gidip dursa jana howply. Mergen çaltlyk bilen awtolugaň bardaçogyny açdy. Nemli süpürgüçler(Влажные салфетки), bir toppagyny çekip çykardy, sürüjiniň bokurdagyndaky gan pürkülýän ýere basyp saklady. Gan Mergeniň hem eline üsdüne syçrady. Emma Mergen gorkmaga aňyrda dursun gaşyny hem çytmady. Mergen:
- Hany geliň kömek ediň, awtoulagdan çykaralyň. Awtoulag tüsseleýär, ýarylaýmasyn. Men gan gitmezýaly basyp saklaýyn, siz göteriň çekiň- diýip beýlekilere buýrdy. Beýlekiler hem pikirlenmän sürüjini çykaryp awtoulagdan daşlaşdylar. Tiz kömek geldi. Lukman çaltlyk bilen hassany tiz kömege ýükläp "Saklamagy dowam ediň" diýip Mergene ýüzlendi. Mergen damary basyp barýan ýerinden:
- Gelneje telefonymy getiriň, onsaňam adamlar, hiçzat ellemäň, almaň. Kameralar bar. Hukuk goraýjy ederalaryň soraglaryna düşersiňiz! - diýip çaltlyk bilen aýtdy. Tiz kömek ýola düşdi. Geldiler, hassahanadan ýene 2 şepagat uýasy çykdy. Tiz kömek awtoulagdan düşen wagty Mergen:
-Dogtor, şu ýeri basyp saklaň! - diýdi. Dogtor sürüjiniň bokurdagyna basmaga başlady. Şol wagt Mergen, sen men ýok hiçzat duýdurman ylgap bu ýerden arany açdy...

1-nji bölümiň soňy.

Awtor: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir