NIKA ÝÜZÜGI

Altyngözel jaýyň gapysyny batly açyşy ýaly, girensoňam batly ýapdy. Içerde ejesiniň namaz okap oturanyny görüp, özüniň ysgynsyz göwresini oturgyja oklady. Birhaýukdan soň onuň ýanyna ejesiniň özi geldi.
- Gyzym, jaýa gireniňde, boş jaý hem bolsa salam berip girmeli. Öýüňem eýesi barmyş. Şu zatlara üns bererler balam.
Altyngözel ejesiniň gürrüň berýän şular ýaly yrym-ýomlaryny öňem kän diňläpdi. Ýöne ol häzir ejesiniň häzirki gürrüňini eşitmedi, onuň kellesindäki pikirler oňa ynjalyk bermeýärdi. 
-- Onsoňam gapyda aryň köýen ýaly, döwülse, ony ýene kim bejertmeli?!
    Altyngözelden oňa „hä” beren bolmady. Bibitäç eje golaý bardy-da adaja ses bilen:
--Gyzym, näme bolýar, keýpiň ýok-la?—diýdi. Diňe şondan soň Altyngözel ejesine “Başym agyrýar” diýip jogap berdi.
--Bilýäňmi, sen şu gün işiňe çaý içmän gitdiň. Işiňde-de çaý içmäge wagtyň bolan däldir. Dogry gerek?!
--Men kofe içdim-ä!
--Kofenem çenden aşa köp içýäň, balam. Gök çaýyň lezzetine taý geljek zat bolmaz.
  Şondan soň eneli-gyz bile oturyp çaý içdiler. Bibitäç  eje gyzynyň başga derdiniň barlygyndan habarlydy.
--Gyzym, seň ýagdaýyň gowumy?
--Gowy eje, gaýgy etme.
--Bolmasa, derman at.Ýa seň şol ýigit bilen araňda düşünişmezlik boldumy? Şondan soň-a gara bermediler welin...Ýa-da olaryň meniň “Her kes öz deňini gaşasa ýagşy”diýenimi ýokuş görüp gitdiklerimikäler?!
--Ýok, eje.Hemme zat gowulyk. Töwerek-daşdan sorapdyrlar.
--Bizi ýamanlan bolupmy?
--Ýok, ýamanlan adam bolmandyr.
--Menem soraşdyrdym, olara-da gowy ýeriň adamlary diýdiler. Bu zatlar ýazgytdyr gyzym, maňlaýyňa ýazylan bolsa gitjek ýeriň bolmaz.
--Bilmedim eje... bir bökdençlikler-ä bar ýaly. Toý harajadyn çekmäge elleri ýuka diýer ýaly, barly ýeriň adamlary. Bir gelende beriläýer öýtdülermi-nämemi? Aý, ýok, diýseňem bu işiň içinde başga bir iş bar.
    Olar çaýdan boldum etdiler. Altyngözel saçak başynda otyrka, elýeterde duran aýnany alyp, ýüzüne timar bermäge durdy. Muňa gözi düşen Bibitäç eje: „Saçak başyndaka aýna seretseň, gör¬küň gaçarmyş” gyzym.
--Bolýa-la, eje. Ine, almadygym.—Ol aýnany alan ýerinde goýdy.
Şondan soň Bibitäç eje howlyň işi bilen boldy. Altyngözel saçagy ýygnady, çäýnek-käseleri ýuwuşdyryp goýdy. Alasarmyk pikirlerden welin saplanmady,  gussaly gözlerine ýaş dolup, birbada öňünde duran suwly tüňçäni hem görmän, agdaryp gitdi, beýnisi çaýkandy. Endamyndan burçum-burçum bolup der indi...
Şol günüň ertesidi. olar paýtagtyň “Ylham” seýilgähiňiň gündogar çetinde duşuşdylar. Kölge düşüp duran oturgyçlaryň birinde dyz epdiler. Altyngözel bu duşuşykda ejesi bilen düýnki bolan gürrüňiň çözgüdi tapylar öýdüp oýlandy. Batyryň süýem barmagyndaky nika ýüzügine gözi düşende welin, “hiýh” edip içini çekenini özi hem duýman galdy, kyn-gyssaga düşdi. Soramaga-da uýaldy. Şu pille ejesi bilen öz arasynda bolan birmahalky gürrüňdeşlik hakydasyna geldi: “Gyzym, seniň  şol ýigidiňden bar-a, asla göwnüm suw içenok, dymma, etjegi içinde. “Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda”, düzüwli ýeriň adamyna meňzänok. Şular ýaly ýere bakyp ýöränden her haýsysyna garaşaýmalydyr. Obasynda duluna geçirip goýany bar bolsa kim bilýär? Bi zatlar idelip-soralýandyr, gyzym. Ýöne boýuna guwanyp, goş birikdirilýän däldir. Howlukma, her zadyň öz wagty, däbi-dessury bardyr...”.
 Altyngözeli ýaňadan oý-pikir basmarlady.”Obasynda duluna geçirip goýany bar bolsa kim bilýär?” diýdi. Belki, ejem bu meselede haklydyr. Meniňem barmagyndaky ýüzügiň öňem barlygyna, ýoklugyna üns bermeýşimi diýsene. Belki meni akmak saýýandyr”. 
                                                  ***
Çary şaý indi näçe ýyllar bäri agyr keselden ýaňa düşege baglanyp galypdy. Şonda-da durmuşyndan zeýrenmändi, gaýta aýalynyň aladasyny ederdi. Bibitäç  eje galjaň, agaç etli aýaldy. Dokuz çagasyndan körpe gyzlary Altyngözelden başgasy öýli-işiklidi. Ählisiniň bir wagtda, bir ýerik jemlenen wagtlaram bolardy. Hersi üç-dört çagasy bilen gelen çaglarynda, bu howly ylla toýa taýýarlyk görýän mähelläni ýadyňa salardy. Soňky wagtlar Bibitäç  ejäniňem hyk-çoky artypdy. Ýöne syr bermezlige çalşyp, adamsynyň töwereginde hozanak bolup ýördi. Häzirem adamsynyň “Bibim, maňa seredeniň besdir, özüňe seret, lukmanlaň beren dermanyny wagtly-wagtynda içgin. Körpämi gözli-başly etmän, hiç ýana gitmersiň. Sen menden bäş ýaş kiçisiň, azyndan bäş ýaşam artyk ýaşamalysyň! Menem maňlaýyma gelenini görübirin. Magtymguly atamyz “Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar” diýip geçmänmi?! Ol garrylyga bagyşlap ýazan bir goşgusynda: “Magtymguly aýdar, garramaň beter, Ýetmişiň-segseniň arasy ýeter” diýip belländir. Segsen bäşim doldy. Agramy aşyr atdyk, durmuşyň ajysynam gördük, süýjüsinem. Goý, indi çagalar biziň saýamyzda ýaýnap gezsinler. Biziň gören gara günlerimizi olar beri  görmesinler” diýen sözleri ylla gulagynda ýaňlanan ýaly bolup duýuldy.
 Şo gezek adamsynyň bu gürrüňlerine “hä” berip oturan Bibitäç  eje-de uly alada galypdy. Onuň soňky sözleri ýagty jahan bilen hoşlaşyp barýan adamyňky ýaly, oňa başgaça bolup eşidildi.
   --Gyzym, kakaňa dermany bilen bir käse suw getir—diýip, Altyngözele gygyrdy.     
   --Häzir, eje.--Ol ýerinden turup, dermanly gutuny aldy. Soňam kakasynyň başyny ýassykdan galdyrdy-da, oňa derman berdi, suw içirdi.
   --Sag bol gyzym, alny-bagtyň açyk bolsun!—Çary şaý şondan soň birsellem sus ýatdy.
         Bir günem Çary şaýyň kazasy dolup, ýurduny täzeledi. Onuň küren obaň gündogar çetinde ýerleşýän küňreli howlusy boşaňkyrlan ýaly bolup göründi. Gyňajyny çöwre geýen Bibitäç  eje gelenleriň patasyny alyp otyrdy. Altmyş ýyldyr bir ojakdan örüp, bir maşgalanyň keşigini çekişip gelen adamsyny ýitirmegi, taýyndan aýrylan gumry ýaly, agyr degdi. 
      Çary şaýy hemmeler ýagşylykda ýatlardy. Aslynda Çaryň şaý lakamyny götermeginiň hem öz sebäbi bardy. Ol uly obanyň demir ussasydy. Işiniň daşyndan hojalyk maşynlaryna gerek boljak ownuk-uşak şaýlarynyň söwda-satuwyny hem ederdi. Hemmeler ondan özüniň gözläp ýören şaýyny tapardy. Tapylmadygynam  sähel wagtyň içinde ondan-mundan sargap getirderdi, garaz, müşderiniň göwnünden turmagy başarardy. Getirilýän şaýlara onçakly bir üýtgeşik baha-da kesip duranokdy. Birentegine  “Puldan doýan ýokdur, ýol harjyny töleseňiz bolar” diýerdi. Hemmetaraplaýyn amatly bolansoň onuň salgysyny alyp, bu ýere uzak ýerlerden şaý sorap gelenler hem bolardy. Onsoň Bibitäç  eje-de howluda üýşürilip goýlan şaýlaryň köpüsiniň adyny hem belläpdi. Hatda Çary şaý öýde ýok mahaly şaý sorap gelen müşderlerä “Şu mahal “Wolganyň” pedaly, “Moskwiçiň” bendeksi, tigirli traktoryň şaýlaryny sorap gelýänler köpeldi. Çarymda olaryň hiç haýsysy ýokdur” diýen ýaly äheňde anyk jogaplary berip gaýtaran gezegem bolardy. 
      Bir günem adamsy gelip, oturyp-oturmanka “Çarym, Meretdurdy kelte gelip gitdi. Ho-ol araky alan zynjyr bagynyň traktoryna laýyk bolmanlygyny aýdyp,  yzyna getirdi. Onuň traktoryna diňe orusyň şaýy  bolýamyşyn” diýdi.
    Şonda adamsy näçe ýadawam bolsa, aýalynyň gep urşuna göwni ýetdi. Soňam: “Keýwany, şaý lakamyny saňa daksalar-da bolman durjak däl ekeni. Tüýs “Duza gaçan duz bolar” diýeni bolupdyr-da!” diýip, myssa ýylgyrdy.”Goýaweri, atasy. “Oýun edip aýtsaňam oýlap aýt”. Bi zatlar aýal adamyň işi däl...”  
     Bibitäç  eje otursa-tursa adamsynyň aýdan-diýen zatlaryny kän ýatlardy. Agtyjaklaryna-da “Ataňyz eý diýerdi, ataňyz beý diýerdi” diýip, ony günde-günaşa dilinden düşürmezdi. Kämahallaram “Ähli zady meň boýnuma atdy-da gidiberdi” diýerdi. Körpe ogly olar bilen bile ýaşaýardy, onuňam bir ogly, üç gyzy bardy. Hiç bir zada erki ýetmeýän halyna Bibitäç  eje: “Meniň sygrym suwsuz galdy, meniň göläm otsuz galdy!” diýip, häli-şindi ogludyr gelnine käýinmek käýinmegi endik edipdi...
                                           
***
Altyngözel syr bildirmedi. Batyr welin näçe gürlese-de barmagyndaky ýüzügiň üstünden barmaýardy. Altyyngözeliň bolsa içini it ýyrtýardy. Ahyry ol ýüregini bire baglap, ýüzükden özi söz açdy:
   --Oglan, ýüzük toý güni dakylýar ahyryn. Ýa sen toýam etmekçi dälmi?
  --Ezizim, menem toý etjek däl diýemok. Nesip bolsa, toýuň ulusuny ederis. “Gülzaman” toýhanasyny gürleşibem ýördük. Ýöne... 
  --Ýönäň näme, näme dymýaň?
  --Neme...
  --Diliň aýlanmaýamy? Aýdyp bilmersiň, şeýle gerek? Oňa atyň kellesi ýaly ýürek gerek. Sen aýdyp bilmeseň, ony men aýdaýyn...Ejem aýdýa, seniň obada-da garaşýanyň bar bolmagy ahmal diýýä. Ata-enelerem bir gezek sawçylyga geldi, soň gara bermediler diýýä. Näme olar bir gezekde, guda bolup gidäýeris öýtdülermikä diýýä. Olara “Gyz gerek hem tiz gerek” eken diýýä.
    --Altyngözelim, bu beýle däl. Meniň senden başga söz berenimem ýok, garaşýanymam, asla meniň durmuşymda senden başga hiç kimim ýok. Ejemlerem geljek bolup ýördi, toý-şaýlarynam tutup ýördiler.Ähli zat bolmalysy ýaly...
    --Onda näme? Agzyňa suw alan ýaly, sakawlap oturma-da, aýt-da aýtjak bolýan zadyňy?
   --Neme...ony aýdaýmak şeýle aňsatdyr öýtdüňmi? Ol aýtjak zadym belki seniňem ýüregiňi agyrdar.
   --Ony men bilýän. Şunça yzyma düşen kişi bolup, indem özge birine göwün berenligiňi aýtmak, elbetde, saňa ýeňil düşmez. Aýt, men oňa çydaryn. Ýüregimem ýarylmaz, çydar. Meni-de köseme, özüňi-de. Ýöne... men seniň hoş sözüňe, boş-boş wadalaryňa ynanypdyryn. Ejemi-de nähak ynandyrypdyryn.
    --Men... men gulluga çakylyk aldym! –Batyr häliden bäri aýdyp bilmän oturan sözlerini bir demde aýdyp goýberdi-de, uludan dem aldy. Ol bu habaryň Altyngözeli ne hala düşürjeginiň aladasyny edipdi. --Ezizim, Watan goragy ähli zatdan ileridir, seniň maňa dogry düşünmegiň gerek. Şol sebäpli hem men şu gün seniň ýanyňa ikimiziň toýumyz üçin niýetläp alyp goýan nika ýüzügimi barmagyma dakyp geldim. Indem garşy bolmasaň, onuň taýyny seniň barmagyňa dakaýsam diýýän. 
   Altyngözelden birsellem ses-seda çykmady. Ol birbada toýly gürrüňiň arasyna esgerligiň nireden gelenine akyl ýetirip bilmedi. Batyryň durmuşynda özünden başga gyzyň ýoklugyny bilende welin, onuň kellesindäki başly-baratly, ýaramaz pikirler tüweleý dek  asmana göterildi. Ýüzi ýagtylyp gitdi. Ýersiz ýere söýgülisinden öýke-kine saklany üçin ondan ötünç sorady:
    --Men samsygy bagyşlawer, Batyr. Gulluga gitmelisiň öýdüp, kelläme-de getirmändirin. Watany goramak mukaddes borjuň ahyryn.  Toýumyzy gullukdan sag-salamat dolanyp gelensoň, uludan tutarys. Men saňa söz berýän.
    --Onda sen ömrüň ahyryna çenli meniň bilen bile ýaşamaga razy-da!?
    --Elbetde, razy!
    --Onda...
Gyz ýigide bakan barmagyny uzatdy.

Goçy ANNASÄHEDOW.

Edebiýat, ETIKA tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir