Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Türkmenistanda dynç alyşymda bashdan gecirenlerimi yazmakcy: Tm-a 4 Mart-22 Mart aralygynda baryp gaýdypdym. Köpiňiz bilýän bolsaňyz gerek. Gitmegimiň asyl sebäpleri: 1- 9 Martdaky duşuşyk; 2- 19 Martdaky iň ýakyn dostumyň toýy; 3- Öýmüzdäkileriň öýlenmegim baradaky ýagdaýyny çözmek; 4- Watanymyzy, ene-atamy, dost-ýarlarymy görmek; 5- Dynç almak we ş.m. Ilki Londondaky tanyşlarym bn görüşip, sagbollaşaýyn diýen niýet bn aýlanyp çykdym, hatda, kiçijek oturlyşyk hem boldy diýseň boljak. Men indi aşakda ýuwaş-ýuwaşdan ýazybereýin-le, günbe-gün başdan geçirenlerimi.
Tm siyahatym
-
ata
16 years ago
- 2- Beýleki kä dostlarym bn hem görüşip bolamsoň:”Niredesiň Heathrow airporty 3-nji terminaly?!” diýip, “underground” bn 6-njy zonadaky aereporta tarap ýelk ýasadym. Elimde agyrrak sumkam, hyýalymda tm. Aeroprta baryp, azyrak internede girmek we ýazgylar ýazmak hyýalymda bardy, adaty ýagdaýda “çek-in” üçin 3 sagat öňünden barmaly halyma, 15 minutdan ýapyljak bolup durka ylgap we hassyldap bardym, geçdim hem. Uçaryň uçmagyna az wagt galanda, men internede girdim we siziň bn sagbollaşdym, hatda, duşuşygymyz barada gitmezimden öň soňky yglany hem ýazyp gitdim. Çykyşyma uçara münülýän gapa alňasadym, barsam diňe maňa garaşyp duran ekenler, uçara girdimem welin, gapysyny ýapdylar. Ine, onsoň tel bn dostlaryma jaň edip, soňky gezek sagbollaşdym we hak halallygy isledim. Garabekewul hem bardy olaryn icinde :)
-
ata
16 years ago
- 3-Uçarda:
Uçaryň içinde, belki-de, 300 töweregi ýolagçy bardy, ýöne olaryň 15-20 sanysy raýatdaşlardy, galanlary hindilerdi. Londondaky TMHÝ-niň ýekeje işgäri tm bolmaly, galany hindiler. Olar bn düşünişmek hem kyn bolýär, meň ýaly iňlisçä werziş bolmadyklar-a bir welin, olaram durşy bn “RRRR” bolup duran sözleri bn heläk edýäler. Hawa, uçarda bir hindi oglan bn bir ýerde oturyp gitmeli boldum 6 sagat. Ilki kän bir gepleşmedik, soň suw içme bahanasy bn gepe başladyk. Iňlisçe gepleşdik, elbetde. Olaryň döwlet dili iňlisçe ekeni, sebäbi, Hindistanyň 82 üýtgeşik dili(mümkin, şiwedir) bar ekeni, umumy dilem iňlisçe şol sebäpli. Olar örän oňat bilýäler, ýagny, söz baýlygy taýdan, “aksent” taýdan bolsa, onçakly gowy däl umuman. Özüm-ä ondanam beter. Garaz, TM barada, ekonomikamyz barada, däp-dessurlarymyz barada, özümiz barada gyzgaça gürrüňleşdik. Alýan aýlyklarymyz boýunça, olar umuman 3 esse dagy köp alýan ekeni aýdyşyna görä. Uçarymyzy hem arzan bolany üçin “tranzit” bolsa-da ulanýan ekenler. Men hindileriň kinosyny tm-leriň ürç bn seredýändiklerini aýtdym, hatda, köp hindi artist/artistkalaryny ýatdan bilýändigimizi hem bildirdim. Mitgun-y mysal berip bildim men-ä, birem “söýgiň güýji” kinosyny. Gyzykly gürrüň boldy, ýatdan çykaňkyrlansoň, munam geçeýin indi.
-
ata
16 years ago
- 4- Tm-a 5 Mart irden bardym, barlagdan şeýle çalt geçip, aeroportyň daşyna çykmakam, taksiçileri daşymy gabap, elleri bn Aşgabadyň içine äkidäýjek ýaly boldular ilkibada. Nyrhy sorap, Mir-3-e çenli 60 müň manatlygyny öwrendim. Men ýanym bn manat almamsoň, kän umydygär däldim olar bn gitjegime. Ýene-de jübimi barladym, 2-3 sany 50 we 2-3 sany 100 manat çykdy. Men hem olara:“awtobus barmyka?!” diýip soradym. Olaram:”Päheý-de welin, biz-ä Angliýadan gelenleri dollar milýoneridir öýdýädik, gör-ä, bujagaş oglan 50 manat çykarýar...” diýip ýaňsylan ýaly etdi 1-2 taksiçi. Men hem “şeýle bolan bolsam, günüm size düşjekmi?!” diýen manyda bir zatlar diýip gaýtdym. Soň Kerim akgaň:
“Taksiniň içinden gözleme durmuş,
Köplük bn awtobusa münüp git!”
Diýen pendine gulak asyp, Aşgabadyň içine awtobus bn gaýdyberdim.
-
ata
16 years ago
- 5-Aşgabada geler-gelmez, resmi işleri bir dynyşdyraýyn we amantlary hem gowşuraýyn diýip alňasap başladym. 2 gün ýetmedi diýseňem boljak, 3-lenji gün “indi bir öýe baraýyn, galanynam soň ederin” diýen pikir bn, Aşgabada başga bir iş bn gelen kakam bn bile taksili Mara ýelk ýasadyk öýlänara. Nyrhlar uçan ekeni, adama 150 müň manat diýdiler, azyrak arzana ylalaşdyk. 5 sagat soň öýe bardyk. Öýdäkiler ýatman ekeni, begenip garşy aldylar. Ýene ejem ýaňagymdan ogşap aldy, ullakan oglan bolsamam, ejem üçin henizem men çaga-da. Getiren ojuk-bujuk zatlarymy sowgat berişdiren boldum, köke-süýji, sakgyç daşardan gelenler üçin örän oňat sypalga boldy, daşyndanam 10-20 manat tutdyrýan goňşy-golamlara.
-
ata
16 years ago
- 7-Marydaky işlerimi (amanat, bilet we ş.m.) dynyp, indi 9 Martdaky duşuşyk üçin Aşgabada gitmelidim, taksi bn gaýtdym, arzanrakdy, ýagny, 90 müň manat. Duşuşygyň öňisyrasynda aA aga, Atamyrat, Akmuhammet we Kakajan dagy bn görüşdim. Maslahatlaşdyk, özara gepleşdik, surata düşdük we ş.m. Duşuşyk barada aýratyn blog açypdym, ynha, şu ýerde. Has giňişleýin şol ýerde okap bilersiňiz.
-
ata
16 years ago
- 8- Duşuşygyň ertesi yzyma gaýtdym Mara. Uçar bn gaýtdym. Maryda 1 hepde töweregi bolup, 17-sine agşamky sapar bn ýene uçarlyja Aşgabada dostumyň toýuna gaýtdym. Toý şeýle hezil boldy. Ýene bir gezek döwrebap toýlaryň birine şaýat boldum. Gyz tarapam, dostumam toýlaryny restoranda etdiler. Dostum “Altyn Ýyldyz” restoranynda etdi, bolsa-da ol ýeri “daýow” ekeni, men-ä haladym, ýöne bahasy hem daýow bolaýmasa, kän gyzyklanmadymam welin. 3 gat ekeni we 3 toý birlikde bolaýdy öýdýän. Biz gyz toýda gyzlar we daýzalar bn gyr-tut bolup, çemodandyr haltalar üçin urşup, ala-basgy bolup ýörkäk, öýlenýän ýigit uzakda görünmän durmaly ekeni. Toýda bolsa tans edildi, men çyksama el çarpyp durmakdan başga zady başaryp bilmedim. Hä, surata welin düşdik. Men hem gutlanlar arasyndadym, ýöne gowy taýýarlanyp bilmedim. Öňünçä bärik girip, gereklije maglumatlary alaýyn diýsemem, beýleki işlerim sebäpli edip bilmedim, internedem irden 9 we ikindi 6 arasy işleýän ekeni, birem ruh hem-de dynçgünleri işlemeýän ekeni. Garaz, gysgaça we diniräk gutlap, kiçijek sowgadyny gowşuryp, ýene-de stoljagaşymyza oturdyk.
-
ata
16 years ago
- 9- Öýlenmek barada bolsa, men-ä ýene gaçmagy başardym, entäk ir-ä how. Aý, wagty gelende bolsun-da haýyrlysy bn olam, enşallah. 29 ýaşamsoň ýa has hem gijiräk.
-
ata
16 years ago
- 10-Londona yza gaýdamda ýene bir hindi sih oturdy ýanymda. Onuň-a ysy hem bardy ýakymsyz. Wah, özümem ibaly däldirin welin, olaryň iýýän “curry sauce”-larynyň ysy endamlaryna siňensoň we ömürlik şeýle bolansoň, hemmeler bilýär bärdäkileriň şol ýagdaýy we olardan gaça durýalar. Ýöne men hiç zat diýmän gaýtmaly boldum. Gepleşmedimem. Naharyň ýany bn piwo we gyzyl şerap alansoň-a hijem.
Sag-aman Tm baryp geldim. Allaha soňsuz şükürler bolsun!
-
ata
16 years ago
- Köp surada düşdim, ýöne ýekeje suratymy hem goýup bilmez ýaly bir ýagdaýa düşdim. Yazdyran DWD-im satdy meni. Ilki açyldy, soňam gaýdyp açylmady ulanjak bolamda, bar suratlar we käbir gerekli maglumatlarym şondady, şol sebäpli, bu bloga surat hem goýup bilemok. Enşallah, bir ýagdaýyny tapyp açaýadym-da!
Mary aeroportda Hytayly biri gelen ekeni, oz shereketlerinin Tm-daki gurnajak \"telekomunikasiya sazlashygy\" boyunca. onun bn hem azyrak gumur-yamyr etdik, yanynda Lebaply we Malayda okap gelen bir oglan bar ekeni, tanyshdyk, gurrundesh bolduk we sh.m.
Häzirlikçe bular ýeterlik. Soňam kellä gelse ýazaryn-da.
-
Maxat
16 years ago
2- 19 Martdaky iň ýakyn dostumyň toýy;
yusup aga(türkmengala lenin kolhozyndan) öylenyar diyip eşidipdim önrak, şon toy-a daldir-da?
-
el_mariachi
16 years ago
- ata aga surat how
suratsyz
agaçsyz çaga menzeya
köksiz agaç diyjegimeda:P
-
ata
16 years ago
- Maxat, Yusup aga gelnini Gokdepeden aldy, T.galadan dal. Yone sen Yusup agany tanayan bolmaly, ol b-aly 98 ucurymy, yagny, klasdash!
-
ata
16 years ago
- Anna, suratlarym acylmady DVD-de, indi shony acyp bilsem, suratdan doldurjag-a barini :)
-
el_mariachi
16 years ago
- dvd-ni mana iber agam özüm açyp bereyin mende ydvd yuwujy bar :):):)
agam tm gidip üytgapsinizay arsyz bolupsynyzay bara jan edaymaniz bady:):):)degişyandirin agam how:)
-
ata
16 years ago
- \"tamamen duygusal\" yagdayda men tazerak gelemson, yagny, \"galyak\" :)
DVD-ni bir zat edip acjak bolaryn-la, enshallah!
-
el_mariachi
16 years ago
- düşünyan halynyza başda menem şeyledim:)ay siza öwrenşensinizlay...
-
ata
16 years ago
- chat-a owurmayin barini!
Men kitaphanada otyryn we wagtym gutardy. Hazirlikce sag bolun:)
-
Maxat
16 years ago
- menin aydanym, t-galadaky yusup agamy diyip sorayşym..
-
Maxat
16 years ago
- menin aydanym, t-galadaky yusup agamy diyip sorayşym..
-
ata
16 years ago
- Wiy, hawa, ol T.galadaky Yusup aga, men dushunmandirin. Onun t.galalydygyny nireden bilyardin-le :)
-
ata
16 years ago
- Tm-da goren ka zatlarymdan yene kabir yagdaylar:
Men yetimler oyune-ha gidip bilmedim, indikilerde, enshallah. Bahanaragam yaly welin, hic wagtym bolmady diyen yalydy.
2 hepde oran az geldi. Oymuzde dineje 4 gije yatdym, hatda, gundiz doly oyde hic bolup gormedim. Ashgabatda 1 hepdam gecdi, 1 hepdam hem Mary, Yoleten, Bayramalyda we Turkmengalada. Edilen ishler bardy, gidilen toylar, zyyarat edilen garyndashlar we sh.m.
Hazir Tm-da 35 dereje yssy bolmaly, men yanyp yetishmedim, menden 3 gun son gaydan 1 dostum yanypdyr, garaja bolup geldi:)
Dollaryn bahasy 1 Aprelden bashlap 11 000 manat boljakmysh myshy bardy, benzinin 1 litrinin nyrhy hem 6 200 manat boljak diyilyardi resminamalara gora.
Garaz, sheylerak boldy.
Hazir UK-ya owrenishdim, sagat tapawudy hem 5-den 4-e dushdi 2 gun öñ. Bari mayil, belki, 15 derejani gecyan daldir. Agshamlary entagem sowugrak.
-
Harmandali
16 years ago
- Bah tuweleme Ata aga wagtynyzy bosh gechirmansinizow. Nachelik awtobusa mundiniz?! Aeroportdan dineje 1-lik gidya oydyan olam mir tarapa baranok peresadka edensiniz onda. Ashgabadymyz nahili bolupdyr uytgapdirmi?! Hosh geldiniz tazeden.
ata 16 years ago- 1-Sahypamyzdaky “garabekewül” nikli dostumyň ýanyna bardym. Oň ýanyna-da 2 sany tm oglan bardy, tm palow etdim, adatdakysy ýaly, erbet bolmandyr. Ýanynda-da miwe suwlar, salatlar, miweler, köke-süýjiler, gawun-garpyzlar we dürli-dümen näz-nygmatlar saçagyň bezegidi, gerk-gäbe doýupdyrys. Saçak başynda we soňunda sahypalar barada gürrüň etdik, gülüşdik. Sahypa girip, bir-birimiziň üstünden düşüp oýnadyk. Yzyndanam azyrak Londony ýene bir gezek aýlandyk. Ynha, [url=http://www.talyplar.com/read.php?bid=3004]şu ýerde[/url] ol barada ýazgylar we suratlar has giňişleýin bar.