Dördünji klasyň okuwçysy Baýmyrady çeper höwesjeňleriň toparyna kabul etmediler. Seçilişik bolanda diňläp gördüler-de: «Buw-w, bu sesiň bilen seni iliň öňüne çykaryp aýdym aýtdyryp bolmaz» diýdiler. Baýmyrat muny öler ýaly gaty gördi. Gyssanjyna baryp kakasyna arz etdi. «Menem aýdym aýtjak!» diýdi. Näme üçin almadyklarynam aýtdy. Kolhozyň saraýynda ýükçi bolup işleýän Agaly çagasynyň dolup-daşyp durşuna dözmän, agşamaralar ýüzüni garaňka tutup aýdym mugallymynyň öýüne bardy. «Şeýle-şeýle» diýip näme üçin gelendigini düşündirdi. «Aňrujy bor ýaly bolsa aýtdyryň, boýnuny burup otyr, çaga gaty höwes edýä» diýdi. Aýdym mugallymy şunça düşündirjek bolsa-da, Agaly bir tutan ýerini tutdy oturdy. Mugallym birmeýdan böwrüni diňläp oturdy-da, çykalga tapan ýaly «ziňk» edip Agala seretdi. - I-i... Horda duruzaýaly-la şony bolmasa! - Horda durulsa nirde durulýa? – diýip, Agaly mugallymyň özüne sorag berdi. - Neme-dä, köpçuligiň arasynda durup aýdybermeli-dä. - Aýdym aýtmaly dämi özi? - Hawwa-la, - Bor şol. Bir ýerde durup aýtsa bor. - Ertir sapakdan soi gaýtalamagymyz bardyr, baraýsyn, şonda-da bir synap göreli hany. Ertesi Baýmyrady horuň in yzky hatarynda oturgyjyň üstünde duruzdylar. Ýaňy bir aýdyma başladylar welin aýdym mugallymy Baýmyrada elini serip «uwlaberdi». - Goýaweri, goýaweri! Düş! Düş jigim, düş! Bütin hory bulaşdyrýaň. Seňki boljak däl. Sesiň düýbünden bolanok. Düş, düş! Baýmyradyň bokurdagy doldy. «Nämesi bolanokmyş şunuň? Hä? Nämüçin bolmyýamyşyn?» diýip gygyryberesi geldi. Emma ýekeje agyzam gepläp bilmedi. Burnuny sallap barşyna özüniň «hatardan» çykarylanyna öler ýaly namys etdi. Öýe baransoňam iýip-içip ugry bolmady. - Neneň, bu gün aýdym aýtdyrdylarmy? – diýip, kakasy işden gelşi ýaly sorady. Baýmyrat aşak bakyp oturşyna sesini çykarman keçäni dyrmalady. Kakasy soragyny gaýtalansoň: «juk» etdi-de, burunjygyny çekdi. Çygjaran gözlerini galdyryp, kakasynyň ýüzüne mölerildi. Agalynyňam barja keýpi gaçdy. Ynjap gürledi. - Nämuçin aýtdyrmadylar? Baýmyrat eginlerini gysdy. Gepiniň tutulmandygy üçin Agalam aýdym mugallymyndan kinedar boldy. Öz ýanyndan öýkeledi. - Ertir direktiriň ýanyna baraýaryn oglum men. Gatam aýtdyrlar. Näme aýtdyrman. Sen nä bi höküwdiň adamy dämi? Baýmyrat tisgine-tisgine sowuk demini aldy. - Agaly ertir şähere ýüke gitdi-de, mekdebe gijara, direktor gaýtjak bolup durka bardy. Ýagdaýyny aýtdy. «Gaýrat ediň, çagaň göwni galmasyn» diýdi. Direktor aýdym mugallymyny ýanyna çagyryp, Aga- lynyň näme üçin gelendigini gysgajyk düşündirdi. «Bilýän, bilýän» diýip, mugallym görgüli elewräberdi. – Hiç bolanok, ýoldaş direktor. Öňki agşam Agala boýunam boldum welin, hiç bor ýaly dal. — Ol aşak bakyp sesini ýuwaşatdy. – Çagada-da beýle zoňtar ses bor eken-ow. – Soň ýene ellerini ýaýdy. «Men-ä nätjegimi bilemok». Agaly zol-zol «Gaýrat ediň-de, bir ýagdaýyny tapyň, ýogsam çaga gaty gyýylýa» diýip duransoň direktoram aýdym mugallymyna ýalbaryp başlady. Olaryň ikisem gara çynlary bilen bu çykgynsyz ýagdaýdan çykalga gözlediler. - Nemetsek näderkä?! – diýip, aýdym mugallymy ýerinden turdy. Möhüm bir uly işi çözýän ýaly iki ýana gezmeledi. Oturanlaryň hersiniň ýüzüne bir seredip az-kem durdy-da, ýene öňküje ýerine geçip oturdy. Içine ýel sordy. Şol ýeliň kükreginden çykaryna mähetdel «hm-m» edip söze başlady. — Şeýdäýmesek, men-ä başga näme etjegimizi bilemok. Halys höwes edýän bolsa, näme, dursun horda, ýöne sesini çykarman dursun. Uluraklaryň ýanynda, yzky hatarda duruzarys welin, kän bir görünibem durmaz. Agalynyň ýüzüne seredişdiler. Ol aşak bakyp oturyşyna çalaja seslendi: - Bolýa-da onda, men şeý diýipjik aýdaýyn oňa. Agaly agşam öýüne baranda Baýmyrat ýaňy ýerine geçen ekeni. Kakasy içeri girenden ol boýunjygyny galdyrdy. Gözüni tegeläp onuň bir zat diýerine garaşdy. Agaly pejiň gapdalyna çökdi-de, ädigini çykardy. Dolagyny aýryp, ädiginiň içine sokuşdyryp otyrka direktoryň ýanyna barşyny ogluna birin-birin howlukman gürrüň berdi. - Şol hor diýilýäninde duraýsyn diýdiler. Ýöne sesini çykarmasyn diýdiler. Onam ýöne men bolamsoň ýüzümden geçip bilmän diýäýdiler öýdýän. Al-aýt, ala-böle seň sesiň köpçülige bolman durşuny. – Agaly böwrüni diňledi. – Sen kakam pahyra çekensiň. Şo bendäňem bokurdagy jäheksizdi. Gürlände arslan arlan ýaly «gübür-gübür», sesinden goňşular arkaýyn ýatybilmezdiler. Atam pahyr-a asyl gadym wagtlar obanyň jarçysy ekeni. Üh-he! Ertir baraý onda sen arkaýyn. Baýmyrat bu habara diýseň gynandy. Dodagyny kemşerdip dişini gysdy. Kemsinendigini kakasyna-da bildirmejek bolup, ýorganyny ýüzüne çekdi. Kakasy çaýyny içip boluberende bir zat ýadyna düşen ýaly usullyk bilen ýüzüni açdy. Gara der bolan maňlaýyny aýasy bilen süpürdi. Başdakysy ýaly boýnuny galdyrdy-da, ýuwaşja, basyk, ýadaw sesi bilen; - Kaka-a! – diýdi. Peje bakyp çaýynyň iň soňuny käsesine sarkyryp oturan kakasynyň özüne tarap gaňrylanyny görensoň bolsa daljygyp birnäçe gezek ýuwdundy. Has naýynjar gepledi. – Agzyny gymyldatsaň bolýamyka? Agaly birmeýdan dik depesine bakyp pikirlenip oturansoň çalaja gozgandy. Ardynjyrady. Oglunyň ýüzüne seredibilmän kesä bakyp jogap berdi. - Bor-la. Näme bolman. Sesiňi çykarman nädeniňde nä. Ogly üçin Agalynyň özem çaga ýaly kemsindi. Gynandy. Galan çaýyny iki owurtda içdi-de, düýbüni pejiň aşagyna serpip goýberdi. Baýmyrat welin şondan soň birneme ynjaldy. Sähel salymdan bolsa çuňňur uka gatdi. Uzak gije derçiräp hezil edip ýatdy. Ertir deň-duşlary bilen bir hatarda durup il deňinde «aýdym aýtjakdygy» üçin tüýs ýürekden begendi. 

Edebiýat, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir