Ynsan ömri diýeniň bir suwyň ýüzüne düşen aýyň şöhlesi ýaly zat — haçan-da bolsa bir wagt öçäýmeli. şony bilip durkaň, ömrüňi ýagşylykdan başga zada sarp etme.

***

Hiç haçan gahar-gazabyň alnyna düşme, hiç kimi ýigrenme, dostuňy satma, erbet adama sarpa goýma, tumşugyňy göge tutma, kiçä ýamanlyk etme, hapa sözden hem gaça dur.

***

Hiç bir zat öz-özünden betnyşan bolup görünmeýär. Adamyň göwnüne näme ýarasa, şol hem onuň gözüne ajaýyp bolup görünýär.

***

Üç işiň başyna baranyňda — söýgüde, naharda we baýlygyň ugrunda nebsiňe haý diý. beýleki bir üç işde welin — bilim almakda, hereket etmekde we jomartlykda hiç haçan özüňi çäklendiriji bolma.

***

Bagta ymtylmaýan, betbagytlykdan bolsa gorkmaýan adam ýok. Bagtly bolasyň gelýän bolsa, il-günüň bagty üçin alada et. Şony başarsaň bagtly kişi bolarsyň.

***

Öz tebigatyna ynanýan adam aňsat günä gazanýan däldir.

***

Özi pes adamyň gopguny güýçli bolýandyr. Eýsem, mis şaňňyrdanda, altynyň sesi çykýarmy?

***

Öý bikesiniň ýüzünden gar ýagyp duran maşgala derrew dargamak bilendir. Öý bikesi güler ýüzli, bagtly bolsa, maşgala gül açar gidiberer.

***

Maksady ýamanlyk bolsa, ylmyňam, bilmiňem haýry ýokdur. Üstüne tabak düňderilen şamçyragyň näme peýdasy bar?!

***

Her kelläň öz pikiri, her tiräň öz däbi, her diliň öz sözi bolýär.

Internet sahypalaryndan

Edebiýat, Реалист01 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir