PELSEPE


Ýaşaýyş bir akar,
Durmuş pelsepe,
Oň manysyn kim çözüpdir, gör, haçan?!
Bu bossanda hyýallaryň selpese,
Göwnüň joşup,
umytlaryň görk açar.

Ýaşarsyň käteler başyňy ýaýkap,
Ýörän ýoluň aýan eder kimdigiň.
Eňkiňi giderme gam-gussa, gaýga,
Dünýe düýşdür, gözleriňi ýumdugyň!

Zähmetsiz ömürleň many-şerhi ýok,
Gulagyňy tutarsyn sen del sese.
Düşünýäňmi-düşünmeýäň:
parhy ýok,
Durmuş ýoly pähim-paýhas, pelsepe.
* * *

Käte bu ýollara bakyp mähriban,
Käte öz-özümden ýadyrgap barýan.
Ýa-ha munda lagar düşdüm, ähtimal,
Eýsem, wagt aýlanyp ýa garrap barýan.

Honha, biri geçip barýar şadyýan,
«Bagt ekeni asman-zemin arasy».
Geçýär mundan şahyr-bagşy, padyman,
Bu sähralar Arşyň kürse halaty.

Nätjek, durmuş ýoly durşuna sowal,
Kim bagtyn gözleýär,
kimler takdyryn.
Şeýdip, heýhat ýolun edip dur dowam,
Goltugna gysdyryp kimiň ahmyryn.

Ömürler aýlanar,
dünýä soňlanmaz,
Döwürler aýlanar,
öwrülmez dünýä.
«Gör, kimseler ýaşap ýördi doglamda,
Gör, indi kimler bar göwnüňde, dünýä?!».

Kän bu dünýäň ýollary, kän hikmeti,
Ony bilenler bar.
Çözen tapylmaz.
Bu düzler Zemine Arşyň nygmaty,
Tebigatdan özge ozan tapylmaz.

Ýaşa munda, tapyp ebeteýini,
Dünýe — kimlere yşk,
kimlere — lukman,
Söý özüňe juda belet öýüňi,
Ýaşa, mähribanlaň raýyny ýykman!

Kalbyň aýdymlarna diň salyp ýaşa,
Tisginip ýörme-de her bir del sese.
Söý özüňi!
Gussa batyrma aşa,
Nätjek,
dünýe — çözülmedik pelsepe!


Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir