Pul gazanmagyň iň beýik syry: Baý­ly­ga elt­ýän iň be­ýik giz­lin ga­py

(Başlangyjy — Pul gazanmagyň iň beýik syry: Bu ka­nu­ny nä­dip he­re­ke­te ge­tir­me­lidigi­niň iň be­ýik sy­ry)

Baý­ly­ga elt­ýän iň be­ýik giz­lin ga­py Jo Witale. Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW  


   Şu gün poç­tam­da bir­ma­hal ýi­tip gi­den dos­tu­myň ug­ra­dan çe­gi­ni gör­düm. 

   Çek­de gör­ke­zi­len muk­dar onuň ma­ňa ber­gi­si­niň di­ňe bir bö­le­gi eken. Mun­ça pu­ly ma­ňa iber­mek üçin dos­tu­ma tas on ýyl ge­rek bo­lan­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, çe­ge gö­züm dü­şen­de be­gen­dim.

   On ýyl ozal bu adam özi üçin de­ger­li bir ba­zar stra­te­gi­ýa­sy­ny dü­züp ber­megimi ha­ýyş edip­di. Şol dö­wür men bu hyzmat üçin bir­nä­çe ýüz dol­lar nyrh ke­sipdim. Ol yla­la­şyp­dy, tö­le­me­gi hem wa­da be­rip­di. Ha­ýy­şy­ny bi­tir­sem hem, ol hiç zat tö­le­me­di.

   Dos­tum bo­lan­ly­gy üçin, tö­leg ba­batda men ony gys­sap hem dur­ma­dym. Aý aý­lan­dy. Ýyl­lar geç­di. Ol baş­ga şta­ta gö­çüp git­di. Me­nem baş­ga şä­he­re göç­düm. Dur­muş­da ol öz ýo­ly bi­len git­di, gaý­dyp me­niň gö­zü­me-de il­me­di. Menem öz ýo­lum bi­len gi­dip, in­ter­net­de ýer­leş­di­ri­len ki­tap­la­rym hem mag­nito­fon ýaz­gy­la­rym ar­ka­ly ti­za­ra ta­ny­mal de­re­jä ýet­dim. 

   Bir­nä­çe aý mun­dan öň, aja­ýyp gün­leriň bi­rin­de men elekt­ron poç­ta ar­ka­ly bir ki­ta­byň aw­tor­da­şy bol­mak tek­li­bi­ni al­dym. Nä­ta­nyş ki­şi me­niň dost­la­rymdan kä­bi­ri­ni ta­na­ýan­ly­gy­ny ýaz­ýar­dy. Ola­ryň fa­mi­li­ýa­sy­nyň ara­syn­dan ber­gida­ry­myň fa­mi­li­ýa­sy­ny hem ta­paý­dym.

   Kö­ne dos­tu­myň ady­ny gö­ren ba­dy­ma, ga­nym de­pä­me ur­dy. Ýa­kym­syz hal­da gö­zü­miň çek­ýä­nini duý­dum. Özü­mi ta­lanan, al­da­lan, kem­si­di­len hal­da duý­dum. Bi­raz ulu­dan dem al­dym-da, köşeş­dim. Öz-özüm bi­len gür­leş­mä­ge baş­la­dym. Dün­ýä­gur­lu­şyň uly bir meý­dan­dy­gy­ny (kä­bir ha­ky­ka­ta ga­bat gel­mez­lik­le­re ga­ra­maz­dan) hem-de baý­ly­gyň di­ňe bir kö­ne ha­sap-he­sip­ler bi­len däl-de, köp ýol­lar ar­ka­ly ge­lip biljek­di­gi­ni özü­me ýat­lat­dym. Hy­ýa­lym­da men hut şeý­le-de et­dim, onuň özü­nem, ber­gi­si­nem çy­nym bi­len unut­ma­ga çalyş­dym. Men pu­la mä­täç däl­dim. Şonuň ýa­ly-da ma­ňa özü­miň mam­la­dygy­myň su­but­na­ma­sy hem der­kar däl­di.

   Ça­kym çak bol­sa, do­kuz ýyl öten­den soň ol ma­ňa elekt­ron poç­ta bo­ýun­ça hat ýol­la­dy. Öz ber­gi­si­niň ýa­dyn­da­dy­gy­ny ýa­zyp­dyr. Kyn dö­wür­le­ri baş­dan ge­çiren­di­gi­ni, köp ge­zek gö­çüp-gon­ma­ly bolan­dy­gy­ny, pro­fes­sio­nal lek­tor bol­ma­ga çyt­ra­şan­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Öza­ra gat­na­şyk­la­ry­my­za yla­la­şy­gyň hem dos­ta­naly­gyň do­la­nyp gel­me­gi­ni is­le­ýän­di­gi­ni hem sö­zü­niň üs­tü­ne go­şup­dyr. 

   Men oňa gys­ga­jyk ýaz­gy bi­len jo­gap gaý­tar­dym. Ha­tym­da yla­la­şy­ga gel­nendi­gi­ni yg­lan et­dim hem-de kö­ne ber­gi­sini umu­my muk­da­ryň ju­da ujyp­syz­ja gö­te­ri­min­dä­ki (dog­ry ýat­da sak­lan bol­sam, çen bi­len ýig­ri­mi gö­te­rim) çek ar­ka­ly töle­me­gi­ni tek­lip et­dim. Ol yla­laş­dy.

   Ol çek ug­rat­ma­dy. Is­len­dik ýag­daý­dada ol bi­mam­la­dy. On­dan ýa­ňa­dan ha­bar al­ýan­çam ýe­ne-de bir­nä­çe aý geç­di. Bu ýe­ne bir elekt­ron hat­dy. Ha­tyn­da ol ýe­nede öz ýag­da­ýy­ny dü­şün­dir­ýär­di.

   Men bu işi pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýag­daý­da gal­dyr­dym. Pu­luň özü­me do­la­nyp geljek­di­gi­ni bil­ýär­dim. Pul on­dan gel­mez. Dün­ýä­gur­luş (siz­de­nem, men­de­nem kuw­wat­ly bo­lan bu güý­ji is­leý­şi­ňiz ýa­ly at­lan­dy­ryň) dur­muş aka­ba­syn­da wagtym pu­luň ma­ňa ta­rap akyp gel­ýä­ni­ni gör­ýän bol­ma­ly. Pa­ra­hat hal­da bol­ma­gy ba­şar­mak — aka­ba­da bol­ma­gyň go­wy usu­ly.

   Bö­lü­miň ba­şyn­da ha­bar ber­şim ýa­ly, çek şu gün gel­di. Bu çe­gi ýaz­ýar­ka dos­tu­myň nä­hi­li duý­gy­ny baş­dan ge­çi­ren­di­gi­ni göz öňü­me geti­rip bi­le­mok. Şol pur­sat onuň ýü­re­gi şat­lyk­dan do­lan­dyr di­ýip umyt ed­ýä­rin. Eger bu şeý­le bol­sa, ol pu­ly özü­ne dar­tyş ka­da­sy­ny he­re­ke­te ge­tiren bol­ma­ly.

    Bu hut şeý­le. Do­ga­nym ma­ňa ýig­ri­mi ýyl ozal ma­li­ýe me­se­le­sin­de kö­mek edipdi. Onuň bi­len bi­reý­ýäm gu­tar­nyk­ly üzlü­şip­dim. Oňa ni­ýet­läp 500 dol­lar­lyk çek ýa­zyp otyr­kam, men keý­pi­çag hal­dadym.  Ted üçin çe­ge gol çek­ýär­käm, özü­mi paty­şa ýa­ly duý­ýar­dym. Kal­bym­da ra­hat­lyk hö­küm sür­ýär­di, eý­ýäm şu­nuň özi hem mil­lion dol­la­ra deg­ýär­di.

   Ru­hy ra­hat­lyk (ýa-da ba­gyş­la­magy ba­şar­mak) bi­len bag­ly bu duý­gy­ny men baý­ly­ga elt­ýän giz­lin ga­py di­ýip at­lan­dyr­ýa­ryn. 

   Pul ber­gi­si­niň bar­ly­gy se­bäp­li haý­sy­dyr bir adam ba­bat­da keş­diň çek­mez­lik, sulhuň al­maz­lyk duý­gu­sy­ny baş­dan ge­çi­rip gör­dü­ňiz­mi? Ýa-da pul karz alan ki­şi­ňiz ba­bat­da şeý­le bo­lup­my­dy?

   Beý­le duý­gy­ny sak­la­maň. Goý, git­sin. Öz-özü­ňiz bi­len gür­le­şiň. Dost­la­ry­ňyz ta­ra­pyn­dan boý­na da­kyl­ýan dü­şün­je­lere la­ýyk­lyk­da däl-de, Älem gi­ňiş­li­gi tara­pyn­dan ün­del­ýän, ze­mi­ni bol­ma­dyk ül­ňü­ler­de pi­kir­len­me­gi ba­şa­ryň. Pul si­ze dost­la­ry­ňyz­dan gel­ýän däl­dir, ola­ryň üs­ti bi­len ge­çip gel­ýän­dir, olar häl­ki bir ýö­ne se­bäp­dir.

   Eger gün­ler­de bir gün ga­har­jaň­lyk duýgu­syn­dan sap­lan­ma­gy ba­şar­sa­ňyz, on­da özü­ňiz­de, kal­by­ňyz­da al­mak üçin ýer taý­ýar­lap go­ýuň. 

______________________________________ 

Şu uly du­zak­dan ägä bo­luň 

   Bu ki­ta­byň baş­lan­gy­jy­ny go­ýan ma­ka­la «Nä­dip pul ga­zan­ma­ly­dy­gy ba­ra­da taryh­da iň be­ýik syr» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar­dy. Bu bi­rin­ji bö­lü­miň gys­gal­dy­lan gör­nü­şi­di.

   Ol ma­ka­la şeý­le bir meş­hur bol­dy we­lin, ony in­ter­net ar­ka­ly adam­la­ryň müň­ler­çe­si al­dy. Elekt­ron žur­nal­la­ry ne­şir edi­ji­ler ony gaý­ta­dan çap edip, giň­den ýaý­rat­dy­lar. Web-saýt­la­ryň köp san­ly­sy ony öz sa­hy­pa­la­ryn­da ýer­leş­dir­di­ler. Adam­la­ryň on­lar­ça­sy ma­ňa hat ýol­la­dy­lar. Ola­ryň ag­la­ba­sy minnet­dar­lyk bil­dir­di­ler we ma­ka­la guwan­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy­lar.

   Em­ma me­niň alan elekt­ron hat­la­rymyň kä­bi­ri geň-ena­ýy­dy. Ola­ry ýol­lan adam­lar men­den pul so­ra­ýar­dy­lar. Olar ma­ka­la­my okap, men ba­bat­da her bir ha­ýyş ede­ne pul paý­la­mak­çy bol­ýan ki­şi di­ýen ne­ti­jä ge­len bol­sa­lar gerek. Ola­ryň ma­ňa hat ýa­zyp, ha­ýyş bilen ýüz­len­mek­le­ri­niň se­bä­bi, yn­ha, şun­da. 

   Me­se­le ma­ka­la­nyň pu­ly özü­ňe çekme­giň sy­ry­nyň açy­ly­şy bi­len bag­ly däldi­gin­den yba­rat­dy. Men hiç ha­çan: «Pul   di­läň — baý bo­lar­sy­ňyz» di­ýip ýaz­mandym. Oňa de­rek me­niň ün­de­ýä­nim: «Ru­hy iý­mit alyp bil­jek ýe­ri­ňi­ze pul beriň, şon­da siz pu­ly özü­ňe çek­mek ka­nuny­ny işe gi­ri­zer­si­ňiz» di­ýen pi­kir­di.

   Pul so­rap ýüz tu­tan­la­ryň her bi­ri­ne jogap be­rip, kon­sep­si­ýa­ny dü­şün­dir­dim.

   Ola­ryň hiç bi­ri gaý­dyp ma­ňa hat ýaz­ma­dy. 

   Men bu my­sa­ly iki ýö­rel­gä­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ge­tir­dim:

   1. Ba­ýa­ryn di­ýen umyt bi­len pul dile­mäň. On­dan-mun­dan pul top­la­mak iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ra se­re­dip gö­rüň. Öz­le­ri beý­le­dir öýt­me­se­ler hem, ola­ryň ag­la­ba­sy di­leg­çi­lik ed­ýär­ler. Olara he­mi­şe az bo­lup gö­rün­ýär. Eger şu çöz­güt däl bol­sa, on­da nä­me? 

   2. Baý bo­la­ryn di­ýen umyt bi­len dileg­çi­le­re pul ber­mäň. «Ga­ryp-ga­sar­la­ra kö­mek et­mäň» di­ýe­mok.  

   Özü­ňi borç­ly ýa ber­gi­li du­ýup, pul paý­la­ma­gy men du­zak ha­sap ed­ýä­rin.  

   Bu se­bäp­le­riň iki­si­nem bi­le­lik­de de­lil edin­ýän­dik­le­ri üçin şeý­le ýag­da­ýa uç­ra­ýar­dym. Em­ma siz (ýa-da baş­ga kim­dir bi­ri) pul ber­mek bi­len, ýü­rek­de şat­lyk duý­ma­ýan bol­sa­ňyz, ber­ýän pu­lu­ňy­zyň do­la­nyp ge­lip, si­zi baý­laş­dyr­jak­dy­gy juda gü­ma­na­dyr.

   Pu­ly ni­rä ber­me­li­di­gi­ni kes­git­le­me­giň iň go­wy usu­ly — ýö­ne­keý­je so­wa­la jo­gap ber­mek:

   Siz ni­re­de aň­ry­baş de­re­je­dä­ki şat­ly­ga eýe bol­ýar­sy­ňyz?

   Pu­ly ni­rä ber­me­li­di­gi­ni kes­git­le­mek bi­len bag­ly has aý­dyň­lyk ýa-da goş­ma­ça so­wal­lar ge­rek bol­sa we­lin, on­da şula­ra jo­gap be­riň: 

   Nir­de si­ze hu­daý­ta­ra­pyn dö­rä­ýen adam­dy­gy­ňy­zy ýat­la­dyp­dy­lar?

   Ar­zuw­la­ry­ňy­zyň ha­syl bol­ma­gy­ny isläp, si­ze nir­de ak ýol di­läp­di­ler, ak pa­tabe­rip­di­ler?

   Si­zi di­ri ge­zip ýö­ren­di­gi­ňiz üçin şatlan­ma­ga mej­bur eden kim bar?

   Jo­gap her ni­çik­si bo­lan­da-da, bu si­ziň pu­lu­ňy­zy ber­me­li ýe­ri­ňiz bo­lar.


Indiki sanymyzda:

Me­niň si­ze ýü­re­gi­mi dö­ke­sim gel­ýär

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir