Pul gazanmagyň iň beýik syry:
Bu ka­nu­ny nä­dip he­re­ke­te  ge­tir­me­lidigi­niň iň be­ýik sy­ry 

Jo Witale
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW


  Bermegiň almaga ýetirýändigini, berip bilmegiň has-da köp baýlyga eltýändigini men gaýtalap aýdýaryn.

 

  Häzir biznes ulgamynda agramly kärhanalara pul bermek nysak boldy. Bu abraýyňy artdyrýar, şeýle-de munuň puly alýan kişilere kömek edýändigi hem şübhesizdir. Anita Roddik adyndaky üstki eginbaşlar dükanynyň ulgamy, doňdurmalary öndürmek hem satmak boýunça «Ben Cohen & Jerry Greenfield» kärhanalar ulgamy, Iwon Şuinardyň «Patagonia» kompaniýasy bermek başarnygynyň biznes üçin näderejede peýdaly bolup biljekdigine nusga bolup biler. 

  Ýöne meniň bu ýerde aýdýanym şahsy pul paýlanyşygynyň nusgasydyr. Men eger siz pul bermegi başarsaňyz, ony köp mukdarda aljakdygyňyz barada aýdýaryn. 

  Pul paýlamak bilen, adamlaryň säwlik goýberýän nämedir bir zady bar hem bolsa, bu paýlanýan puluň az mukdarda bolmagydyr. Olar puluna şeýle bir berk ýapyşýarlar welin, paýlamaly çagy gelende, juda ujypsyzja bölegini berýärler. Ynha, dygynyň sebäbi. Siz bermegi, köp bermegi başarmalysyňyz, şonda siz üstünlige elt­ýän ýola düşersiňiz. 

  Pul eçilmek ideýasy barada ilkinji gezek eşidişim ýadyma düşýär. Şonda muny şeýle zatlary gürrüň berýänleriň meni özlerine pul bermäge göwnetmek üçin tapan bir usulydyr öýdüpdim. 

  Pul beräýenimde hem, men husyt ki­şiniň berşi ýaly berýärdim. Elbetde, alýanym berenimden has köp bolýardy. Men az berýärdim. Az hem alýardym. 

  Bir sapar men pul paýlamak taglymatyny synagdan geçirmek kararyna geldim.

  Men ruhlandyryjy tymsallary juda goasýaryn, olara duýgudaşlyk bildirýärin, şeýle-de olary gürrüň berýärin. Meniň bilen hem-de beýleki adamlar bilen elektron poçta arkaly gündelik paýlaşyp durýan gyzykly habarlary üçin, www.tut.com saý­tynyň esaslandyryjysy Maýk Dula minnetdarlyk bildirmek kararyna geldim. 

  Men oňa pul bermeli diýen çözgütde saklandym. Öň bolanlygynda, men oňa, aýdaly, bäş dollar berip bilerdim. Ýöne ol döwür meniň mätäçlik çekýän we pul bermek ýörelgesiniň iş ýüzünde hiç hili täsiri ýok diýip hasap edýän wagtymdy. Häzir başga döwür. Men çek kitapçasyny aldymda, müň dollarlyk çek ýazdym. Şol pursada çenli bu meniň bir gezekde berip bilen iň uly sadakamdy. Dogry, bu meni birneme kejikdirdi, aljyratdy. Emma munuň netijesi meni has beter gyzyklandyrýardy. Men bu ikisiniň arasyndaky parhy duýmak isleýärdim. Maýk üçin peşgeş beresim gelýärdi. Şeý­le-de munuň näme netije berjekdiginem görmek isleýärdim. 

  Maýk geň-taň hala düşüpdir. Ol poçta üsti bilen iberen çegimi alypdyr, öýüne gaýdyp barýarka tasdanam ýoldan çykyp, ýakadaky akaba düňderilen eken. Ol beýle zada ynanyp bilmändir. Hatda tilkakyp, minnetdarlyk hem bildirdi. Onuň nümi göterdi. Bu ýagdaý özümi million dollarly ýaly duýmaga mejbur etdi (Şuny ýatda saklaň!).

Men ony bagtyýar edenligim üçin örän şat boldum. Oňa pul bermek bilen, ymgyr uly lezzet aldym. Ol puly nämä ulananda-da, janym maza tapjakdy. Meniň başdan geçirenim ýakynyňa ýardam bermegiň eçilýän ajaýyp duýgusydy, meniň ynanýan ýagdaýymyň dowamydy. Bu oňa kömek etmek bilen bagly içki joşgunyň möwjemesidi. Soňra bolsa haýran galdyryjy zatlar bolup başlady. Oslagsyz ýagdaýda bir nätanyş adamjaň etdi, ol öz kitabyna awtordaş bolmagymy isleýärdi. Ol iş teklip etdi, munuň netijesinde men Maýka iberenimden ençeme esse köp pul aldym. Ondan soňra Ýaponiýadan bir neşirçi jaň etdi. Ol «Ruhy marketing» atly bestalmak isledi. Ol hem maňa peşgeş hökmünde Maýka ugradanymdan ep-esli esse köp pul hödürledi. Dogabitdi müňkür kişi bu wakalaryň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýokdugyny aýdyp biler. Müňkürleriň kellesinde beýle baglanyşygyň ýok bolmagy hem ähtimal. Meniň kellämde welin ol bar. 

  Maýka pul ugradanymda özüme hemde tutuş dünýä gülläp ösýändigimi we aýaklarymyň üstünde berk durup bilýändigimi yglan etdim. Galyberse-de, puly özüme tarap dartan «Eger siz bermegi ba­şarýan bolsaňyz, diýmek, alarsyňyz» di­ýen magnit kadasyny herekete getirdim. Wagtyňdan bölüp ber — şonda sen wagt utarsyň. Azyk önümlerini ber — şonda sen azyk 

Söý — seni hem söýerler.

Pul ber — şonda sen pul alarsyň.

Hatda ýeke şu maslahat hem siziň maliýe ýagdaýyňyzy özgerdip biler. Geçen hepdede sizi ruhlandyran adamy ýa-da adamlary ýatlaň. Kim sizi durmuşdaky dokuzy düzüwligi duýmaga, üstünliklere, düýşlere we goýlan maksatlara şatlanmaga mejbur etdi? 

Şol adamlara pul beriň. Olara ak ýü­rekden nämedir bir zat eçiliň. Gysylmaň, gysganmaň, jomartlyk ediň. Şol adamlardan gaýdyp gelmegine umyt etmezden, ýöne munuň öweziniň hökman boljakdygyna ynanyp, eçiliň.

Eger şeýle etseňiz, öz baýlygyňyzyň artyp başlaýandygyny görersiňiz. Hut şu hem nädip pul gazanmalydygy barada taryhda iň beýik syrdyr!

Eger siz şuny görseňiz, muňa eliňizi ýetiriň. 

Eger eliňizi ýetirip bilseňiz, muny duýuň.

Eger muny duýsaňyz, söýersiňiz.

Eger muny söýen bolsaňyz… ony beriň.

Sebäbi HIÇ ZAT siziň özüňize bolan YNAMLYLYGYŇYZ, hal-ýagdaýyňyzyň gurgunlygy we söýgiňiz barada ÄLEME bermek ukyby ýaly düşnükli hem aýyl-saýyl habar ýetirip bilmez. 

Älem eşidende bolsa, size köp zat berler. ÖWEZ TÖLEGI HÖKMÜNDE DÄL, özüňize, dokuzy düzüwlige we söýgä, hakykatdanam, ynanýanlygyňyz sebäpli…

www.tut.com saýtyndan. 

____________________________________________

Bu ka­nu­ny nä­dip he­re­ke­te ge­tir­me­li­di­gi­niň iň be­ýik sy­ry

Bir zenan telefon arkaly maňa sowal berýär.

— Men ýyllarboýy pul berip gezdim, ýöne baýlygymyň artýanyny welin duý­madym. Men nämäni ýalňyş etdimkäm?

— Siz puly kime berýärsiňiz?

— Ýerli ybadathana.

— Siz näme üçin olara pul berýärsiňiz? — diýip soradym.

— Olar şoňa mätäç-dä.

— Pul bereniňizde özüňizi nähili duý

— Olaryň öňünde bergili ýaly.

— Hakykatda, nähili duýgyny başdan 

Trubkada ümsümlik boldy.

— Ýeri bolýar-da, men yza duýýaryn. galanýan ýaly agyry-yza duýýaryn — di­ýip, ol boýun aldy.

— Gowy däl. Pul berýän çagyňyz özü­ňizi ýakymsyz halda duýýan bolsaňyz, bu puluň siziň kalbyňyzda ýaramaz duýgular bilen baglanyşýandygyny aňladýar. Siz özüňizdäki ýakymsyz duýgularyň artmagyny islemeýän bolmaly, şonlukda-da özüňize uly mukdardaky pullary çekmegi islemeýän bolmagyňyz hem ähtimal — diýip, men oňa düşündirdim.

— Eý-ho! Men meselä hiç haçan şu nukdaýnazardan seretmändirin.

Men oňa ýene-de şeýle düşündirdim:

— Eger-de kimdir biriniň haýyş edendigi ýa-da hatda ýalbarandygy üçin ber­ýän bolsaňyz, siz diňe onuň pula bolan mätäçligini has-da artdyrýansyňyz. Öz emlägiňizi, baýlygyňyzy artdyrmak üçin, sizde puly nirä bermek islegi döreýän hem bolsa, bu size hökman lezzet berýän ýagdaý bolmalydyr. Başgaça aýdylanda, mätäçlik çekýän kişä pul berilmegi, amala aşyrylmagy zerur bolan ýagşy hem sogap işdir. Alyň-da, muny amala aşyryň. Emma bu meniň şu ýerde gürrüňini eden ýörelgäm däl.

— Men düşündim — diýip, zenan dillendi.

Meniň delalatym ýetmese-de, düşündirmäge güýjümiň ýetmedik zadyna akyl ýetirmekde dünýägurluşyň haýsydyr bir bölegi oňa kömek berendir öýdüp pikir edýärin.

— Nämä düşündiňiz? — diýip, oňa sowal berdim.

— Men ybadathana sadaka dileýän gedaý hökmünde garapdyryn. Ýüregim meniň ruhy iýmit alyp biljek ýerime pul bermegimi isleýär. Ol ybadathana käte muny maňa bermegi başarýar. Käte bolsa başarmaýar — diýip, ol zenan maşgala sözüni jemledi.

— Siz baryna düşünipsiňiz! — diýdim.

  Hemme zat öz ornuna bardy.

  Siz göwnüňizden turýan islendik işe pul serişdesini berip bilersiňiz. Men «Gyzyl Haç» guramasyna, «Isleg besle» gaznasyna we beýleki kärhanalara kömek etdim. Ýöne bu haýyr-sahawat bilen baglylykda maliýe serişdelerimiň köpelmegine umyt baglamadym. Bu jomartlygyň kömek edendigi dogry, ýöne hökmany suratda ruhy kanuny herekete getirdi diýmek bolmaz. Haýsydyr bir şekilde, nähilidir bir ýol bilen, ajaýyp günleriň birinde maliýe boljakdygyna umydyň ujypsyzlygyna garamazdan, ruhy iýmit alyp bilýän ýeriňize puly aňsatlyk bilen eçilmegi başarýan wagtyňyzda maliýe girdejisiniň ruhy ka

  Eger siz haýyr-yhsan üçin pul paýlamakdan ruhy iýmit alyp bilen bolsaňyz, bu maksadyňyzyň amala aşyrylmagy biziň gürrüňini edýän kanunymyzy herekete getirmelidir. Beýle bolman, siz barybir pul paýlamagyňyzy dowam edýän bolsaňyz, belki, siz mätäçlik çekýän gallaçlara hemaýat edýänsiňiz. Munuň sogaply, haýyr işdigi gürrüňsizdir. Menem size bu işi dowam etdiriň diýjek.

Gaýtalaýaryn: bu kitabyň esasy temasy nädip pul gazanmalydygy barada taryhdaky iň beýik syrdyr. Erkin ýagdaýda, lezzet almak bilen, hemişe ruhy iýmit hem bilim alýan ýeriňize pul berýän halaty­ ňyzda, siz bu syry herekete getirýänsiňiz.

Pul — ruhy materiýanyň daşky keşbi.

Jorjiana Tri Uest,
«Üstünlige ýetmegiň on wesýeti».

Indiki sanymyzda:

Baýlyga eltýän iň beýik gizlin gapy 

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir