Pul gazanmagyň iň beýik syry
Jo Witale
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW
Bagyşlama
Bu kitap bestselleriň awtory, ruhy halypa, gadyrly dost — öwezine zat hantama bolmazdan, bütin ömrüni paýlap geçiren adam Jon Herriçarana bagyşlanýar.
— Eger siz durmuşda haçan hem bolsa, bir wagt iş babatda ýa-da pula, ýa bolmasa degerli maslahata, ýa-da bir dertden, hyjuw-hyrujy bökdeýän bir närseden saplanmak babatda islendik bir mätäçlik bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, iň netijeli melhem: «Beriň!».
Erik Batteruort, «Ruhy ykdysadyýet: üstünlik hadysasy».
GIRIŞ
Eçilip bilmegiň güýji bu waka köp ýyl ozal, jöwzaly bir tomus güni bolupdy. Azyk harytlary dükanyndan iki sany satyn almaly zadym bardy. Şol günler men supermarkete ýygy-ýygydan barmaly bolýardym. Sebäbi pul ýagdaýym ýetde-gütderäk bolansoň, bir gezekde tutuş hepdelik gerek boljak zatlarymy alyp gaýdyp bilemokdym. Bary-ýogy birnäçe aý ozal ýaş başyna, uzaga çeken dertden soň aýalym ýogalypdy. Ätiýaçlandyryşymyz ýokdy. Diňe deňiz ýaly çykdajylar, dag ýaly tölenilmeli hasaplar. Işimem uzynly günlük däldi, gazanjym iki çagany iýdirip-içirmäge zordan ýetýärdi. Işler öwerlik däldi — hakykatdanam, erbetdi. Şol gün men ýüregimden daş asylan ýaly bolup, kisäm dört dollarly bir gallon süýt hem bir tokga çörek almak üçin supermarkete ugrapdym. Çagalar gyzylaçdy, olara garbanara bir zatlar almalydym. Ýolyşygyň gyzyl çyrasynyň ýanmagy bilen, saklanan çagym sag tarapymda, ýoluň ýakasynda bir ýaş erkek kişä, ýaş zenana hem-de çagajyga gözüm kaklyşdy. Süýr günortanyň Güni bolsa ýiti şöhleleri bilen olary ýakyp-ýandyryp barýardy. Erkek kişiniň elinde galyň kagyz bolup, onda «Iýjegimi berjek kişä işläp bermäge taýýar» diýen ýazgy bardy. Aýalam onuň ýanynda durdy. Ol ýolyşygyň gyzyl çyrasyna togtan awtomobillere delmuryp bakýardy. Çen bilen iki ýaş töweregindäki çaga otuň üstünde oturyp, bir eli gopan golak gurjagyny oýnaýardy. Bularyňbaryna men gyzyl çyra ýaşyla öwrülýänçä, otuz sekuntda üns berip ýetişdim. Olara birnäçe dollar beresim geldi, em ma şeýdäýsem welin, süýtdür çörege pulum galjak däldi. Dört dollar diňe şolara ýetýärdi. Ýaşyl yşyk ýananda men ol üçlüge soňky ýola nazar aýladym-da, özümi ýazgarmagyň garjaşyk duýgulary (sebäbi olara kömek etmedim) hem-de lapykeçlik (olar bilen paýlaşardan öte az pulumyň bardygy sebäpli) bilen gyssanmaç ugramadym. Ýolda men bu üç adamyň aňymda örklenip galan keşbinden saplanyp bilmedim. Ol ýigidiň hem-de maşgalasynyň gussaly gözleri tutuş bir mil ýoly geçýänçäm, maňa maza bermedi. Mundan artyk çydap biljek däldim. Men olaryň agyry-yzasyny duýýardym, nämedir bir zat etmelidim. Öwrüldim-de, yzyma — olary gören ýerime gaýtdym. Olaryň edil ýanjygyna baryp, erkek kişä dört dollarymyň ikisini uzatdym. Maňa minnetdarlyk bildirende, onuň gözlerine ýaş aýlandy. Ýylgyrdym-da, supermarkete tarap ýolumy dowam etdirdim. Men satlykda süýdem, çöregem bar bolsa gerek diýip oýlandym. Diňe çörek ýa-da diňe süýt satyn alaýsam näderkä? Ýeri, bolýar-da, şeýle-de ederin. Bolan waka baradaky oýlarymdan aýňalyp bilmän, ulag goýulýan ýere sowuldym. Eden hereketimiň dogrudygyna düşünmekden, keýpimoňatlaşdy. Ulagdan düşen badyma nämedir bir zady basyp, aýagymtaýdy. Bu asfaltyň üstünde ýatan ýigrimi dollarlyk pul eken. Men bu bolan zada ynanyp bilemokdym. Töweregime garanjaklap, galpyldap durşuma, ol puly alyp, dükana girdim. Diňe bir çörek bilen süýt däl-de, başga-da özüme örän zerur bolan beýleki zatlaryň hem ençemesini satyn aldym. Men bu wakany ömürlik ýadymda sakladym. Ol maňa bu dünýäniň geň hem syrly ýaradylan zatdygyny ýatlatdy. Ol Älemiň çäksiz hazynadygy baradaky ynanjymy tassyklady. Iki dollar berdim, deregine ýigrimi aldym. Gaýdyşyn açlyk çekýän bu maşgalanyň gabadyndan geçip, olara ýene bäş dollar eçildim. Bu meniň durmuşymda bolup geçen köp sanly wakalaryň diňe biri. Näçe köp bersek, onuň öwezine şonça-da köp alýandygymyz barada düşünje emele gelýär. Ähtimal, bu «Eýe bolmak isleýän bolsaňyz, ilki bermegi başarmalysyňyz» diýýän uniwersal kanunlaryň biridir. Bir kiçijek bent bar, onda şeýle diýilýär:
Bir adam ýaşapdyr, iller
diýipdirler oňa tentek,
Näçe köp berdikçe, şonça
baýapdyr ol adam kem-kem.
Köplenç, biz berere zadymyzyň ýokdugy barada pikir edýäris. Şeýle-de bolsa, ünsli syn kylsak, ygtyýarymyzda bolan sähelçe zadymyzy hem özgeler bilen paýlaşmagyň mümkindigini göreris. Geliň, biz ýeterlik derejede mal-mülk toplap, paýlaşyp biljek pursadymyza çenli garaşmalyň. Özümizde bolan sähelçe zady berýän hem paýlaşýan çagymyz, ýagşylyk derýalaryna biz tarapa sowulmaga mümkinçilik berip, dünýäniň hazynasyny açýandyrys. Meniň sözlerime ynanman bilersiňiz. Ak ýürekden bermeklige synanyşyp görüň, şonda munuň netijeleri sizi haýran galdyrar. Adatça, munuň öwezi berýän kişimizden gelenok. Ol hatda biziň oýumyza-küýümize getirmeýän çeşmelerimizden gelýär. Şeýle, baýlyga öz ýoluňyz bilen gidiň.
Uniwersal kadanyň berýän puryjasyndan, mümkinçiliginden peýdalanyň. Öz-özüňize puryja beriň. Uniwersal kadalar, ýörelgeler üýtgewsiz işleýändir. Käte siziň jomartlygyňyzyň jogaby, ýokarda beýan edilen wakadaky ýaly, örän çalt gelýär. Käbir ýagdaýlarda has gijräk gelýär. Ýöne bir zada welin ynamly bolup bilersiňiz: berseňiz, onuň öwezine siz bereniňizden has köp zat alarsyňyz. Berýän wagtyňyz muny kalbyňyzda howatyr saklap etmäň, muny minnetdarlyk hem şükranalykdan doly ýürek bilen amala aşyryň. Bu zatlaryň nähili halda bolup geçişine haýran galarsyňyz. Özüňizde bolan ujypsyzja zady muňa mätäç kişä bermek bilen, durmuşyňyza baýlygyň derwezelerini açyň. Beýik Mugallymyň aýdyşy ýaly: «Beriň, size öwezi berler». Synanyp görüň. Göwnüňizden turar.
Jon Herriçaran,«Suwuň ýüzünde ýöremegiň deregine, gaýyk alyň» atly meşhur kitabyň awtory.
__________________________
Nädip pul gazanmalydygy barada taryhdaky iň beýik syr
Eger pullanmak isleýän bolsaňyz, size bir zat etmek gerek.
Bu planetanyň iň gurply adamlarynyň şeýle eden we şeýle etmegi dowam etdirýän zady.
Bu dürli gadymy medeniýetleriň ýa- zuw çeşmelerinde ýatlanylýan we şu günlerde hem ýazylýan zat.
Bu şeýle edilende, hemmelere pul getirjek, şol bir wagtda-da adamlaryň aglabasynyň şeýle etmekden gorkýan zady.
Bu nämekä?
Endrýu Karnegi hem muny edipdir. Ol senagat tüçjary bolupdyr.
Nädip pul gazanmalydygynyň taryhdaky iň beýik syry nämekä?
Hemmeler babatda gabat gelýän zat nämekä?
Pul paýlaň.
Bu hakykat. Ony paýlaň.
Ony size içki dünýäňiz bilen ylalaşykda bolmaga kömek edýän adamlara paýlaň.
Ony size ylham berýän, özüňize hyzmat edýän, derdiňize em edýän, özüňizi söýýän adamlara paýlaň.
Ony yzyna gaýtaryp berjekdiklerine bil baglaman paýlaň adamlara, puluň size bütinleý başga çeşmeden, özem köpelen ýagdaýda dolanyp geljekdigini bilip paýlaň.
1924-nji ýylda Jon D.Rokfeller ogluna ýazan hatynda özüniň pul paýlamak ýörelgesini şeýle düşündiripdir: «… pul gazanyp başlan uçurlarymyň gözbaşynda, alysda galan çagalygymda men pul paýlap başlapdym, girdejim artdygyça, hemişe-de paýlaýan pulumyň mukdaryny köpeldipdim...».
Onuň näme diýenini ýatda saklady ňyzmy?
Ol barha köp girdeji alýandygy üçin, barha köp pul paýlapdyr. Ömrüniň dowamynda ol 550 million dollar paýlapdyr.
Käbir adamlar Rokfeller özüniň täsirli taraplaryny gowulaşdyrmak maksady bilen, reklama kampaniýasy hökmünde 10 sentlik teňňejikleri paýlamakdan başlapdyr diýip hasap edýärler. Bu beýle däl. Rokfelleriň jemgyýetçilik bilen ara gatnaşyk işlerini alyp baran adama Aýwi Li diýýärler. Liniň meşhur «Mähelle üçin hyzmatçy» terjimehalynda Reý Eldon Haýbert Rokfelleriň onýyllyklaryň dowamynda öz erkine pul paýlandygyny belleýär. Li bu delilleri bary-ýogy halkyň dykgatyna ýetiripdir.
B.T.Barnum hem pul paýlapdyr. «Her bir minutda dogulýan müşderi» diýen kitabymda ýazyp geçişim ýaly, Barnum girdejili haýyr-yhsan diýip atlandyrýan zadyna ynanypdyr. Pul paýlamagyň ony gazanmaga ýetirjekdigine ol ynanypdyr.
Ol hem dünýädäki iň baý adamlaryň biri bolupdyr.
Endrýu Karnegi hem pullaryň ägirt uly mukdaryny paýlapdyr. Amerikanyň taryhynda onuň iň baý adamlaryň biri bolandygy şübhesizdir.
Meşhur BBDO reklama agentligini esaslandyryjylaryň biri we «Üstünligiň ýitirilen ýedi syry» kitabymyň esasy gahrymany BrýusBartonhempulpaýlamak ýörelgesine ynanypdyr.1927-nji ýylda ol şeýle ýazypdyr:
«Eger adam uzak wagtlap ýagşy işlerigaýyrsa, özi aňlamasa-da, bu onuň endigine öwrülýär. Onsoň dünýägurluşyň ähli ýagty güýçleri onuň yzyna düzülip, nämä hyýal etse, ähli zatda oňa goldaw bererler».
Barton bestsellerleriň awtory, meşhur biznesmen, jomart haýyr-yhsançy hem örän gurply adam boldy. Eger kimdir biri maňa ötüp-geçen ýyllaryň bu maliýe tüçjarlarynyň bimöçber pullarynyň bolandygy üçin çepe-saga sowrup bilendiklerini aýtsa, men bu adamlaryň şonça puly gazanmaklarynyň sebäbiniň, belli bir derejede, jomartlyk bilen paýlamagy başarandyklary bilen baglydygyny subut edip bilerin. Bermek almaga ýetirýär. Berip bilmek has-da köp baýlyga eltýär.
____________________________
Indiki sanymyzda:
Bermegiň almaga ýetirýändigini, berip bilmegiň has-da köp baýlyga eltýändigini men gaýtalap aýdýaryn.