Turkiýeli çaga lukmany Şükran Ýyldyrym bäbekleriň ýetmezçiliklerine görä dürli hili aglaýanlyklaryny belläp şeýle diýdi: "Geçirilen barlaglar çaga agyrsynyň bir beden dilidigini görkezýär. Bäbekler ajyganlarynda bir dürli, ýadanlarynda başga dürli aglaýar. Bäbekler ýetmezçiliklerini aglamak arkaly düşündürýär.Barlaglar bäbekleriň günde 1-4 sagat aglaýandyklaryny görkezýär.Dogabitdi kemçiligi bolan çagalar bolsa,has köp aglaýar."Eger bäbek has sessiz bolsa,onuň saglygynda käbir kemçilikleriň bardygynyň alamaty bolup biljekdigine ünsi çeken lukman :" Çaganyň aglamalary belli toparlara bölünýär.Bäbekler ajyganda bir dürli,ýadanynda başga dürli aglaýar.Muny bilmek bolsa,eneleriň işini aňsatlaşdyrýar" diýdi.Çaga lukmany Şükran Ýyldyrym bäbegiň agysynyň görnüşleri we olaryň näme diýmek isleýändigi barada şu aşakdakylary sanady:
"Bir ýeri agyranda :bäbek dem alman,gysga aralyklar bilen çasly aglaýar.
Ajyganynda:Bäbek peselýän we beýgelýän ses bilen gysga wagtlaýyn aglaýandyr.Ol barmaklaryny emýär,çekgelerine urýar.Tä enesi gujagyna alýança aglamasyny goýmaýar.
Ýadanynda:ukusy gelende bäbek ýuwaşjadan ,edil aýdym aýdýan ýaly ritmiki heň bilen aglaýar.
Içi gysanynda:Ýaňlanýan ses bilen aglaýar.Beýle ýagdaýda aglamasyny ele alynýança goýmaýar.
Birahat bolanynda:ýakymsyz ses bilen aglaýar.Bäbek şeýdip aglasa,onuň balajygyny ölländiginiň ,derländiginiň ýa-da üşändiginiň alamatydyr".
Lukman şeýle ýagdaýlarda nähili çäreler görülmelidigi barada bolsa,şulary aýtdy:"Çaganyň soňky gezek haçan iýmitlenendigine seretmeli.Ajykmagy üçin bäbegiň soňky iýmitlenen wagtyndan 2-3 sagat geçen bolmaly.Ene süýdüni emýän 3 aýlykdan kiçi bäbekler bolsa 1 sagat geçensoňam ajygyp biler.
Her gezek iýmitlendirmezden öň hem-de soň bäbegiň arlygyny barlap durmaly.Bäbege sanjym edilenden soň iki güne çenli diňdirilmesi kyn aglamalary bolup biler.Şonda bäbege belli aralyklar bilen agyryny aýyrýan derman bermeli.Bäbek hiç kim görmänkä bir ýerini agyrdan bolup biler.Şonuň üçin ýalaňaçka bedeniniň hemme ýerine seretmeli.Eli bilen aýagyny deň hereket etdirip bilýärmi,şoňa üns bermeli.Esasan hem 3 aýlykdan kiçi bäbekleriň agalamalarynyň esasy sebäbi ýeldir.Içi ýellenen çaganyň garny çiş bolýar,aýaklaryny garnyna çekip aglaýar,çygylýar,hynçgyrýar.Içi ýellenen bäbegiň garnyny massaž etmek,garnyna ýyly mata goýmak ,egniňe alyp tä gägirýänçä arkasyny sypamak peýda berer."
Bäbek bilen gürleşmelidigini aýdan Ýyldyrym,oňa mähirli bolmagyň zerurdygyny nygtady.Eger howa şertleri gowy bolsa,arassa howada gezdirmek bäbegiň gije has rahat uklamagyna ýardam etjekdigini bellän lukman:"Bäbekler biziň pikir edişimizden has duýgurdyr.Maşgaladaky näsazlygy duýýar.Keýpsiz enäniň çagasynyň hem keýpi bolmaýar" diýdi.