Robindranat Tagor Hindistanyň meşhur ýazyjysy, şahyry, dramaturgy, romançysy hökmünde tanalýar. Meşhur ýazyjynyň birnäçe eserleri dünýä dillerinde terjime edilipdir. Ol diňe bir ýazyjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hindi halkynyň saz sungatynyň ösmeginde uly işler bitirýär. Onuň eserleriniň arasynda köp meşhurlyk gazanan eseri “Heläkçilik” romanydyr. Hindi eserlerinde we kinolarynda, esasan hem, söýgi hem-de durmuşy temalarna içgin seredilýär.
Bu roman hem söýgi, ahlak päkligi, maşgala gatnaşyklary barada, häzirki türkmen halkynyň durmuşy temasy bilen baglanşykly diýsek-de ýalňyşmarys. Sebäbi her bir zat söýgi bilen başlanýar, şeýdibem durmuş söýgi bilen öz akymyna dowam edýär. Bu romanyň esasy baş gahrymanlary Romeş bilen Hemnoli, Komolo bilen Nolinakhadyr. Romeş görmegeý, ýokary bilimli hindi oglany. Ol Hemnolini söýýär hem-de onuň bilen durmuş gurmak isleýär. Emma, Romeşiň bu arzuwlary puç bolýar. Kakasy oňa, eýýäm, başga ýerden gelinlik belläp goýandygyny hem-de Romeşiň tiziräk oba dolanyp gelmegini sargyt ýollaýar. Şeýlelik bilen Romeş näçe närazy bolsa-da kakasynyň diýenini edip, kakasynyň bellän gyzy bilen toý tutmaly bolýar. Nika gyýylyp duranda olar hiç hili bir-birine seretmeýärler, diňe nikada Romeş öz aljak gyzynyň ady Suşiladygyny bilip galýar.
Romeş romanda birnäçe heläkçiliklere uçraýar. Muňa ykbalyň ýazan ýazgydy ýa-da ykbalyň heläkçiligi diýsek hem ýalňyşmarys. Esasan-da romanda hiç bir ýagdaýda-da iki taraplaýyn söýgi duýulmaýar. Eger söýgi iki taraplaýyn bolmasa, onda ol “Bir ganaty ýok guş” ýalydyr. Guşa uçmak üçin iki ganatyň zerur bolşy ýaly söýgüde-de iki taraplaýyn söýgi, ýagny bir-birine mähirlilik, agzybirlik, sylag-hormat bolmalydyr.
Ýazyjynyň bu romanyny “Heläkçilik” diýip atlandyrmagy öz gahrymanynyň birnäçe ýalňyşlyklara ýol bermegi, esasy sebäbidir. Eýsem durmuşda ýalňyşsyz, heläkçiliksiz ýol bolmaýar. Emma, Romeş öz ilkinji söýen gyzy Hemnola ikinji gezek duşanda-da bagtly durmuşda ýaşamak hakda pikir etmän, gaýtam, ilkinji söýgüsini elinden gidirýär. Bu bolsa gahrymanyň eserde iň uly ýalňyşlygy hem-de iň uly heläkçiligidir.
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Dursun Durdyýewa