DANA SÖZLER


Ýaşaýşyň gymmatyny bilmegi unutma!

***

Mähir gowy, haçan-da ol çyn ýürekden bolanda.

***

Adamkärçilikli, asylly adam özüniň borjy hakda pikir edýär, pes adam bähbidi hakda oýlanýar.

***

Adalat hemişe ölümsizdir.

***

Söz dogry bolmalydyr, hereket hem aýgytly.

***

Hakyky beýik adam — her bir zady öz wagtynda edýän adamdyr.

***

Gorky peýdaly bolmagy mümkin, gorkaklyk hiç haçan peýda bermez.

***

Akylly adamlar iň gowy ensiklopediýadyr.

***

Öz ýoluň bilen bol, adamlaryň gürrüňlerine üns berme!

***

Akyllanmak hiç haçan giç däldir.

***

Kim bagty bahalandyryp bilmese, onda ol bagtsyzlyga ýakynlaşýar.

***

Eger sende başarnyk bar bolsa, tejribesizlige ynanma.

***

Köp bilýän adam bilmediksirän bolsa, şol mydama beýikdir, bilmeýän adam özüni bilýän ýaly alyp barsa, ol akmakdyr.

***

Paýhaslylyk — bu ynsaba ýugrulan akyl.

***

Kim ýagşylyk eçilse, şol hem hemmeden saýlanýandyr.

***

Ýagşylykdan beýik zat ýokdur.

***

Maşgala durmuşynyň baş maksady we manysy çagalary terbiýelemekdir.

***

Haýal ösmekden gorkmaň, üýtgewsiz galmakdan gorkuň. Ösüşe haýal ýetmekden gorkmaň, ösüşe ýetmän galmakdan gorkuň.

***

Durmuşyň size ýylgyryp bakmagyny isleseňiz, oňa ilki özüňiziň gowy ýagdaýlaryňyzy sowgat ediň.

***

Ähli mümkinçilikleri synap gör. Eliňden gelýän zady edendigiňi bilmek hemişe zerurdyr.

***

Owadan bolmagy öwrenip bolmaýşy ýaly, parasatly, paýhasly bolmagy hem öwrenip bolmaýar.

***

Öz ejizligiňi boýun alsaň, iň güýçli adam bolarsyň.

Edebiýat, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir