Siz mahabat ýazgysyny ýazmakçy bolýarsyňyz.Emma mahabat ýazgyny nädip ýazanyňda siziň harydyňyzy ýa-da hyzmatyňyzy ýerlemekde mahabatyň ynandyrjylygyny we netijeliligini ýokarlandyryp boljak? Muny bilmek hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.Biz siziň dykgatyňyza mahabatlaryňyzy düýpgöter täze hil derejesine göterjek,eýerilmesi kyn bolmadyk 9 sany ýörelgäni hödürleýäris.Ine,olar:
Dowamy teswirlerde.
Mahabat ýazgysyny nädip ýazmaly?
-
Waharman
4 years ago
- 2.Diňe zerur bolan maglumatlary ýazyň.Gury sözler hiç kimi gyzyklandyrmaýar.Hemmeler harydyňyzyň açyp biljek mümkinçilikleri we berip biljek artykmaçlyklary barada diňe hakyky ,subut edilen maglumatlary bilmek isleýärler.Eger-de harydyňyzyň beýleki harytlarda ýok bolan,iň bolmanda,ýekeje özboluşly aýratynlygy bar bolsa,ony esasy oýunçyňyza öwrüň,nygtaň,öwüň.Harydyňyzy öwmäge heran haçan bir delil tapylar,iň bolmanda,"Hiliň nyrhdan üstünligi" şygaryny ulanyp bolar.
-
Waharman
4 years ago
- 3.Ýazgyňyza peýdaly maglumatlary goşuň.Mahabat makalasy,adyndan belli bolşy ýaly,alyja gerek bolan degerli maglumaty bermeli.Ýogsa mahabat hiç kimi gyzyklandyrmaz.Mahabatyňyzy mahabat sözlerinden öňürti ilki diňe maglumat bölegi bilen başlanmagynyň mahabatyň netijeliligini,täsirliligini artdyrýandygyny tejribe subut edýär.Mahabatyňyzyň ikinji-satuw bölegine sepini bildirmän geçseňiz,okyjy,mahabatyň birinji böleginde emele gelen gyzyklanma bilen özüniň aljak harydynyň zerurlygy bilen tanyşmagyny dowam eder.
-
Waharman
4 years ago
- 4.Bütin ýazgyny ýeke-täk adama ýüzlenme görnüşinde ýazyň."Biz adamlar üçin işleýäris" diýip ýazmaga derek,"Biz Siziň üçin işleýäris" diýip ýazyň.Şeýtseňiz,sizi hakykatda kimiň gyzyklandyrýandygy düşnükli bolar.Köpçülige ýüzlenme äheňinde ýazylan ýazgy Siziň bar eden tagallalaryňyzy puja çykarmagy mümkin.Käbir ýagdaýlarda mahabaty gepleşik dilini ulanyp,öz adyňdan ýazmak peýdaly bolup biler.Bu siziň beýan edýän zadyňyza bolan ynamy ýokarlandyrar.
-
Waharman
4 years ago
- 5.Ýönekeý we düşnükli dilde ýazyň.Mahabat ýazgysynyň okalyşy mümkin boldugyça ýeňil bolmaly.Indiki sözlemiň başy öňkiniň soňy bilen äheňdeş bolsa,has-da gowy bolar.Bu abzaslar babatda hem şeýledir.Her abzasyň soňy indiki abzasyň okalmagyna gönükdirilmeli.Şonda okyjy hökman tutuş ýazgyny soňuna çenli okar.Bu bolsa mahabatyň özümize gerek netijesini ýokarlandyrar.Ony nädip has-da ýoarlandyryp boljakdygyny Siz indiki wajyp düzgünde-de öwrenip bilersiňiz.
-
Waharman
4 years ago
- 6.Maglumaty derejeläň.Ýazgynyň her bir möhüm bölegini BAŞ HARPLAR bilen tapawutlandyryň.Haýsy hem bolsa bir zady sanap geçeniňizde bullitleri-her setiriň başynda birnäçe nokatlary ulanyň.Ol hemmeleriň göwnünden turýar,sebäbi ol maglumat akymynda ýolgörkezgiç bolup hyzmat edýär.
-
Waharman
4 years ago
- 7.Alyjylaryň Siziň harydyňyz ýa-da hyzmatyňyz baradaky ynandyryjy seslenmelerini ulanyň.Gowy düzülen seslenmeler mahabat ýazgysynyň täsirliligini,netijeliligini birnäçe esse ýokarlandyryp bilýär.Okyjylar siziň teklip edýän zadyňyzyň peýdasy barada bilesleri gelýär.Siziň harydyňyzyň ýa-da hyzmatyňyzyň hakykatdan hem peýda getirýändigini subut ediň.Mahabat ýazgysyny ýazmagyň indiki bir möhüm ýörelgesi barada-da ýatdan çykarmaň.
-
Waharman
4 years ago
- 8.Daşary ýurt dillrrinde döredilen mahabatlaryň täsirinden çykyň.Mahabat her bir diliň iň täsirli serişdeleri ulanylanda öz maksadyna ýetýär.Kir ýuwujy serişdäni mahabatlandyrýan bolsaňyz,"nam-nyşan galmaz,ak kamys ýaly" kimin aňlatmalary ulanyň.Çünki,başga dillerden sözme-söz terjime edilen mahabatlar sözleriň täsirsiz,käte bolsa düşnüksiz toplumydyr.
-
Waharman
4 years ago
- 9.Ýazyň we gaýtadan ýazyň.Okap görüň we ýene täzeden ýazyň.Başga birinden ýazan zatlaryňyza baha bermegini soraň-başga bir tarapa kemçilikler aýdyňrak görner.Ýazgyny mahabat görnüşinde ulanyp ýörkäňizem oňa üýtgetmeleri giriziň.Käbir pikirleriňizi başgaça beýan edip görüň we alyjylaryň seslenmeleriniň haýsy tarapa üýtgändigine syn ediň.
-
Waharman
4 years ago
- "Telewizor satyn almakçy" bolan müşderide Siziň mahabatyňyzy okandan soň hem näme üçin satyn almak isleginiň döremändigi barada oýlanyň.Aňýarsyňyzmy? Mesele diňe bir nyrhda we beýleki şertlerde däl.Bu ýerde alyja satyn aljak bolýan zadyny hut sizden satyn alanynda görjek bähbitlerini açyp görkezmek sungaty aýgytlaýjy pursat bolup durýar.Öz işine ussat hünärmenlerden öwreniň.Diňe bir ussatlardan däl,ussat dällerdenem öwrenmegi gözden salmaň.Hemişe öwreniň! Haýsy mahabat ýazgysy sizde has aýratyn täsirleri galdyrýandygyna üns beriň.Iň täsirli tilsimleri ulanyň.
-
Waharman
4 years ago
- Wagtyň geçmegi bilen siz ähli mahabatlaryň ülňüler esasynda düzülýändigine göz ýetirersiňiz.Ol ülňüleriň esasy ýörelgeleri bilen bolsa Siz ýaňyja tanyşdyňyz.Bu ýörelgeleriň Size mahabat işiňizde öz degerli kömegini berer diýip umyt edýäris.
SOŇY.
Waharman 4 years ago- 1.Ýazgyda siziň geljekki müşderiňiziň,satyn alyjyňyzyň belli bir meseleleriniň,kynçylyklarynyň çözgüdini görkezmeli.Her bir adamyň haýsy-da bolsa bir meselesiniň ,kynçylygynyň bardygyny nazara almak gerek.Siziň iň esasy wezipäňiz-harydyňyzdan ýa-da hyzmatyňyzdan peýdalanyp,alyjynyň öz meselelerini çözüp biljekdigine ynandyrmak.Eger alyjynyň öňünde bu mesele entek ýok bolsa hem, onuň ýüze çykmagynyň mümkindigini we siziň harydyňyzy almak bilen alyjy öz maddy we ruhy zerurlygyny kanagatlandyryp biljekdigini görkezmeli.Meselem,size futbol köýnekçesini mahabatlandyrmak gerek bolsun.Emma futbol köýnekçeleri hemme kişide bar bolansoň,onuň bilen gyzyklanýan az.Onuň deregine hemme kişi abraýly,meşhur,ýörgünli markaly futbol köýnekçelerini geýmek isleýärler.Sizem satýan futbol köýnekçeleriňiziň dünýäde gitdigiçe geçginliliginiň,ýörgünliliginiň artýandygyna we bahym bizde-de ýörgünli boljakdygyna ynandyryň.Üstesine-de,köp ýuwmagy talap etmeýänligini ,ütüklemekligiň hem gerek däldigini we birnäçe ýyl hyzmat edip biljekdigini görkeziň.