«Ýaşma, Güneş...»
Yza tarap öňe!
"Aý, sen geçmiş bilen ýaşajak bolsaň-a..." diýjek bolansyňyz şu wagt. Ýöne energiýa sarp edip beý diýjek bolup oturmaň. Ýa, bir ýerlerde okan aforizmleriňizi ýatlajak bolup kelle döwmäň. Sebäbi men siziňem köplenç geçmişi ýatlamakdan lezzet alýandygyňyzy bilýän. Elbetde, ajy ýatlamalar barada aýdýan. Şuny okap oturanyň näçe ýaşyndadygyny bilemok, ýöne näçe ýaşdadygyňyza garamazdan, düýnki günüňizde özüňize agyr degýän, ýatlamasy kyn bolan ýagdaýlar bolandyr. Adaty zat, näme, hemişe dokuzyň düzüw bolaýýarmy diýsene. Aý, onsoňam "Adam başy — daşdan gaty" diýleni. Başa geleni, ýa öz eliň bilen başa getireniňi çekip ýaşamaly bolýar-da. Şo kyn günleri duşuňdan ötüräýmek näçe agyr bolsa-da, ajalyň ýetmese ölübem bolanok-da. Adam pahyr nalaç ýaşamagy boýun alýar-da, ýaşaberýär ertäki güne bolan umydy, ynamy bilen. Ýöne käwagt käbir bolup-geçýän pursatlar, sözler bizi az salymlyk bolsa-da geçmişe dolaýar. Şonda "Geçeni geçdi bil, geljekden gork" diýip, göwünlik beren bolýansyňyz özüňize. Şeýle ýagdaýda mertsirän bolýanlar, siziň dykgatyňyza!
* Gözýaşyňyzy zor bilen saklamaň. Aglaň. Ýakaňyzy ýyrtar derejä getirip aglaň. Öküniň, gynanyň bolup geçen zatlara. Biraz nalyş ediň, durmuşa, ykbala, Hudaýa. Biraz ýaşamaga bolan höwesiňizi gaçyryň. Garaz, diýjek bolýanym, hemişe özüňize zor salyp, ýylgyran bolmaň. Sebäbi tolgunmaňa bäs gelmek içki organlaryň işleýşiniň näsazlygyna eltýär.
Onda näme, yza tarap öňe! Ajy ýatlamalary aňyňyzda aýlaň. Eňir-ýaş bolup aglaň ýokarda diýşim ýaly. Soňam näme, işli-işiňiz bilen boluberersiňiz-dä.:-) Durmuş dowam edýär ahyry...
awtor: Arzyman
28.03.2020 / 17:34:19