Ynandyrma meni

Ynandyrma meni ýalan mähriňe,
O mähir umytda ýanmazmy soňra?!
Bir pursat görünýän aýbölek ýaly,
Gözi guwandyryp, sönmezmi soňra?!

Ynandyrma meni ýalan sözlere,
Puşman baglamasyn gözlerim nurun.
Bu yssy lebizler sowaşyp barha,
Öz bolşuma özüm gyýylyp durun.

Ynandyrma meni däli ýelgine,
Ýel tursa ýelekläp akýar derýalar.
Ýapraklar tänip dur güýz şemalyna,
Ýaz gelen guşlaram göçüp barýalar.

Ynandyrma meni ýalan mähriňe,
Eger aýyrmasa göwnümiň garyn,
Begenjimi öwürmesin gam-gussa,
Ogurlap giden dek ömrümiň ýaryn:
...Ýarym ýürek bilen ýaşamak kyndyr!

Gülüstan MÄTÝAKUBOWA
Özbekçeden terjime eden Ahmet MÄMMEDOW.
Çeşme: http://Alem/pages/EdebiyatAlemi

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir