Ýagşysyn

Ýeri çarhypelek aýlandyryp dur,
Nowruz älem diýrler aýyň ýagşysyn.
Adam ömri, elbet, kysmata bagly,
Ata mekan diýrler jaýyň ýagşysyn.

Eý, Ýaradan rahman, gudrat keremiň,
Gören haýrandadyr bagy-eremiň,
Ýerasty, ýerüsti ylham bereniň,
Daşgyn derýa diýrler saýyň ýagşysyn.

Kime haýrat, kime hasrat berip sen,
Kime elem, kime eşret berip sen,
Kime apat, kime amat berip sen,
Uçgur bedew diýrler taýyň ýagşysyn.

Güneş bir şeýle zat — tymsal ýagşydyr,
Muhabbet säheri — daň-saz ýagşydyr,
Iman-ygtykatda iman ýagşydyr,
Gyzyň gaşy diýrler ýaýyň ýagşysyn.

Hem gül, hem nur bolup gelýändir Nowruz,
Ýedi jahan syryn bilýändir Nowruz,
Azat ýaşaýyş dek gülýändir Nowruz,
Sahy, jomart diýrler baýyň ýagşysyn.

Çarhypelek aýlanýar Ýer ýüzünde,
Nowruz-älem diýrler aýyň ýagşysyn.
Watan Gülüstanyň parlak sözünde,
Dogduk mekan diýrler jaýyň ýagşysyn!

* * *

Şemala goşulyp erkin namalar,
Göwne ganat berer gamlary böwsüp.
Jeýhun boýlarynyň tereň howasy,
Horezm tarapdan gelýän dek öwsüp.

Bu ýerik Tumaris çykypdyr seýle,
Hem gara saçlaryn atypdyr arka.
Berdak nepesinden sähra gül açyp,
Hem beslenipdir ol şöhrata-sarpa.

Birdem Magtymguly,
Birdem Günhoja,
Ýürek aýnasynda görünýär çölleň.
Çapagan bedewleň aýak sesinden
Ukudan oýanyp, gerinýär çöller.
Ýaňlan aýdymym!

Gülüstan MÄTÝAKUBOWA
Özbekçeden terjime eden Ahmet MÄMMEDOW.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir