Tapmas sen

Niçe işi akyl bilen jem etseň,
Pelek çaşyr, bir gün hasap tapmas sen.
Magtymguly.

Bu durmuşyň baş-aýagy sowaldyr,
Müň oýlanyp, hiç bir jogap tapmas sen.
Zemini-de, Asmany-da hyýaldyr,
Köňül tümlük bolsa aftap tapmas sen.

Ir ertirde ak sähradan gül gözläp,
Ýüreklere tarap barýan ýol gözläp,
Ýagşy dileg-niýetleri bol gözläp,
Ne ýagşy söz, ne-de sogap tapmas sen.

Dolan Aý garaňky gijäň bagtydyr,
Aý dek göwnüň mähre mätäç wagtydyr,
Gözleriň ýaşyny şemal togtadar,
Kalba teselli dost-sebäp tapmas sen.

Maňlaýa ýazylmyş takdyry ezel,
Ol ömür ýoluna özendir özen.
Kysmat düýşümde-de bagrymny ezer,
Takdyryňdan özge azap tapmas sen.

Nebir yhlaslary satyp giderler,
Göz dikip, göz bilen atyp giderler,
Gözýaş bir puşmandyr — ýudup giderler,
Haýransyň, akyla togap tapmas sen.

Gülüstan diýr, dostmy, derdiň aňlagaý,
Saňa umyt etgeý, ynam baglagaý,
Tut elinden, aşa oda daglama,
Yşkyňda şeýle çyn kebap tapmas sen.

Gülüstan MÄTÝAKUBOWA

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir