Güýz geldi - Göwnüm gülledi.
(Şahyrana oýlanma)

Nämüçindir, «Güýz gelse, göwnüm gül-
leýär» diýip, käbäm ejem juda begenerdi.
Ejem begense, bizem begenerdik. Men-ä,
muňa özümçe şeýle düşünerdim: çägelik
ýerde tomsuň howry has ýiti bolýar. Onso­
ňam, sowadyjy ýok, zat ýok. Kölegeden-köle-
gä geçip, salkyn ýer gözläp ýörmek ýadad­
ýan bolarly. Şeýle ýagdaýda biz ak öýümiziň
tärimlerini açyşdyryp, daş-töweregine-de
suw sepişdirip, biraz salkynlyk döretmäge
çalşardyk. Bu biziň ählimize-de kem ýakman
duranokdy. Çaltrak güýz paslynyň gelip, kiçi-
jik obamyzy hem serginjek howanyň gurşap
almagyna garaşardyk. Çagalaryňky özüňe
belli. Güýzi küýsemek bilen, biziň hemmämiz
güýz ternelerine garaşardyk. Kakamyň suw
üýşen oý ýere ekýän gawunlarynyň içinden
ala-böle ternelere aşykdyk. Muny aňryýany
bilen aňýan kakam bizi her gün yzyna tirkäp,
ýaltanman ekinçiliginiň içinden terne ýygyp bererdi. Biz ol
terneleri uly bir baý­lyga eýe bolan ýaly, eşegi-
mize ýükläp öýe getirerdik. Şeýle bolansoň,
güýz günlerinde biziň ak öýümiziň dulunyň
ternesiz wagty bolmaýar diýen ýalydy. Olar
hasam arakesme wagtymyz, mekdepden yl-
gap gelenimizde gözümize degerdi. Başga
bir zat küýsedibem duranokdy...
Terneli gürrüň bu ýerde galsa galybersin!
Ejemli günlere, ejemli gürrüňlere dolanasym
gelýär. Ejem, dogrudan-da, güýzüň aşygydy.

Diýmäň ba:rdy: «Ýetik maňa, sen gülseň»,
Bolmaz ahyr, gijigip ýa soň gelseň!
Ähli zat özgerjek ýaly sen gelseň,
Umyt-hyýallarda geňeşen, güýzüm!

— diýip, wasp edilýän güýze söýgim, belki,
maňa-da ejemden geçendir.
«Güýz keçeleri» diýip eşidensiňiz-le?! Aslynda, gumlularda keçeleriň agramly bölegi güýzüne edilýär. Öňünden sähetli günleriň biri
saýlanyp alnyp, oňa ürç edilip taýynlyk görülýär.
Ony şu goşgy setirleri hem aýan edip durandyr-la!

Sähetli günüňi belle, gelneje,
Gamşy ýazardan öýütme irdir!
Ak bilekler köz bolýança keçäni
basarlar, sebäbi bu güýzdür, güýzdür!

Hawa, ejem hem şeýle zenanlaryň biridi. Güýz
geldigi, süýji aladalara ýugrulyp, keçe etmek
bilen başagaý bolardy. «Bu keçeleriň halydan
kem ýeri ýok» diýip, gyşyň güni gor ýaly keçe-
leriň öwgüsini ýetirip bilerdi. Dogrudan-da, ke­
çä başlamak üçin ýörite sähetli gün saýlanyp
alnardy. Şol gün başlamaga mümkinçiligiň ýok
ýerinde-de, «başladym» edilip, onuň gamşy or-
ta atylyp goýlardy. Eger-de entek basyma baş­
lanmanka, çeküwden soň onuň gülleri oýnaýsa,
«Wah, bu näme üçin beýle bolduka? Bisähet gü­nem-ä başlamandyk!..» diýlerdi. Men bolsa oňa bagyşlap, şeýle goşgy setirlerini dörederdim:

Gülli keçäm bardyr özün haladan!
Bu buýsançlar göwünleri han eder,
Pes bolmadyk palaslardan, halydan,
Janyňa dermandyr türkmen keçesi.

Ýyljajykdyr, hiç duýulmaz gyşdygy,
Ýüň darardyk, ýüregmiziň gysdygy,
Gelinleriň elin çermäp basdygy,
Janyňa dermandyr türkmen keçesi.

Keçe hem özboluşly bir sungat. Şeýledigi
üçin kiçijik obanyň içinde edilýän keçeler hem
bir-birinden mesaňa tapawutlanardy. «Pylanynyň keçesi ýaly» diýdiräýmäweriň!» diýip, ejem keçe güllenýän günleri bilguşagyny aýyrman, oňa ähli yhlasyny siňdirerdi. Hasam gyrasyndaky «Gyragara» diýlip atlandyrylýan ýerini hiç kime ynanman, ony ýeke özi alyp giderdi. Bizde hasam uly göwrümdäki goşmakeçe kän edilensoň, onuň gara reňkde edilýän gyrasy uzap gidýän ýollary ýadyňa salardy. Ejem onuň guzy ýüňünden edilse, sykdan oklaw ýaly göni bolýandygyny aýratyn nygtap, beýlekilere-de şony maslahat bererdi.
Keçe basmagyň hem özüne mahsus aýratynlyklary bar. Aýdylyşy ýaly, ak bilekleri köz ýaly etmän, keçeleriň boldumy ýokdy. Umumy görnüşinden «keçe boldum» diýýänçä, ak bilekler gyp-gyzyl bolup giderdi.
Däbe görä, keçe gülleşen gelin-gyzlara aý­ratyn hormat edilip, olar üçin ýörite üsti dürli-dümenden doly saçak ýazylardy. Saçagyň
başynda degşip, göwnüni açan gelin-gyzlaryň
ýadawlygy zym-zyýat bolardy.
Özünde hiç hili ýadawlyk duýmazdan, ertesi
gün hem ejem ir bilen turardy. Oglan doganlarymyň kömegi bilen, entek gurap hem ýetişmedik keçäni sekiniň üstüne ýazardy. «Goý, Gün içinden
geçip, mazaly gurasyn!» diýerdi. Şonda onuň
begenäýşini bir görsediňiz! Ýaňy dogup gelýän
Günüň nuruna lowurdaýan keçäni bolsa görmä­ge göz gerekdi. Ejem jan onuň bir güllerini, birde gyrasyny sypalap, ýeldenem ýeňil gopardy.
Asyl, oňa bu hysyrdyly işler, taýyn bolan keçeler güýç berýän eken. Ýyllar geçip dur. Emma:

Keçe ýazyň, öýler gözel bor ýaly!
Bendi eder, bir jadysy bar ýaly,
Hatda gyş pasly hem üsti gor ýaly,
Janyňa dermandyr türkmen keçesi

— diýip, tarypyny edýän keçelerimiz hiç könelerli däl. Ejem janyň elleriniň yzy galan keçeleriň käbiri öýümize ýazylgy, käbiri bolsa düýrlenilgidur. Olar meniň gözüme elmydama yssy gö­rünýär. Ýöne güýz pasly gelende, keçeler hakydamda käbämiň nurana keşbini we «Güýz gelse, göwnüm gülleýär» diýen sözlerini oýarýar. Ol sözler indi meniň dünýämde güýze bolan söýgi bolup ýaňlanýar. Goý, paýhasyň, parasatlylygyň, sahawatlylygyň, sadalygyň pasly hasaplanýan güýz paslynyň gelmegi bilen her bir adamyň göwni güllesin!

Ogul­täç ORAZ­TA­GA­NO­WA, şahyr.
ZENAN KALBY. ž.

Çešme: http://Alem.su/pages/EdebiyatAlemi

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir