Ýaponiýa tarap açylan «penjire»

Her ýa­zy­jy­nyň öz ýa­zyş sti­li bol­ýar. Bu
ba­bat­da ola­ryň kim­si asyr­la­ryň sy­na-
gyn­dan ge­çen ýol­dan gid­ýär, kim­si
bol­sa tä­ze dö­rän ýö­rel­gä eýer­ýär. Ýö­
ne ola­ryň için­de az san­ly­sy tä­ze, en-
tek kän-kän ýa­zy­jy­la­ryň ýö­re­me­li bir
ýo­lu­ny, sti­li­ni öz­le­ri dö­red­ýär­ler. Hä­
zir gür­rü­ňi edil­jek ýa­zy­jy Ha­ru­ki Mu-
ra­ka­mi şo­la­ryň soň­ku­sy­na de­giş­li. Ol
öz­bo­luş­ly­ly­gyň ta­rap­da­ry­dy­gy­ny her
bir sö­zün­de ýaň­zyt­ma­ga ça­l­şy­şy ýa­ly,
ga­lam ýö­re­den­de hem öz­bo­luş­ly­ly­ga
ýyk­gyn ed­ýär. Şo­nuň üçin bol­sa ge-
rek, ol ýa­pon ede­bi­ýa­tyn­da Ýa­po­ni­ýa
ha­kyn­da ýa­zy­lan iň gowy eser­le­riň
aw­to­ry ha­sap­la­nyl­ýar.
Ha­wa, Mu­ra­ka­mi­niň eser­le­ri dün­
ýä­den Ýa­po­ni­ýa ta­rap açy­lan «pen-
jire». Söz bi­len açy­lan «pen­ji­re»! Ol
pen­ji­re­den gö­rün­ýän zat­lar ha­ky-
kat­dan bir­jik-de daş däl. Ol pen­ji-
re­den ýa­pon ýur­dy, ýa­pon hal­ky,
ýa­pon ýü­re­gi gö­rün­ýär. Öz bo­l­şun­da
gö­rün­ýär.
Ha­ru­ki Mu­ra­ka­mi ýa­pon mil­li ede bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da Ýa­po­ni­ýa­dan
Gün­ba­ta­ra gö­çüp ge­len we özü­niň
wa­ta­ny­na hä­zir­ki za­man ýew­ro­pa­ly
ada­myň gö­zi bi­len se­re­den il­kin­ji ýa-
zy­jy­dyr. Il­ki-il­ki­ler ol öz ýur­dy hak­da
ýaz­mak­dan sak­la­na­ny­ny kem gör-
män­dir. Se­bä­bi meş­hur ýa­zy­jy ýur-
duň için­de bo­lup, halkyň durmuşyny
dogruçyl be­ýan etmek üçin ýe­ter­lik
ha­sap et­män­dir. Onuň pi­ki­ri­çe, öz
ýur­duň ha­kyn­da ýaz­mak üçin oňa
daş­dan se­re­dip gör­mek ge­rek. El­my-
da­ma hem­me­ler­den baş­ga­ça pi­kir­len-
me­giň ta­rap­da­ry­dy­gy­ny di­le ge­ti­rip
ýö­ren ýa­zy­jy­da beý­le pi­ki­riň bol­ma­gy,
bir ta­rap­dan, geň hem däl. Onuň öz
ýur­dy, onuň ýa­şaý­jy­la­ry, geç­mi­şi we
şu gü­ni ha­kyn­da di­ňe öz ül­ke­si­ni terk
eden­den soň ýa­za­sy ge­lip­dir. Se­bä­bi
ol di­ňe şeý­di­len­de, öz ýur­du­ny ha­ky-
ky bol­şun­da gör­mek ba­şard­ýar di­ýip
yna­nyp­dyr. Ýa­zy­jy­nyň yna­my yr­ga
çyk­ma­dy. Bu ynam onuň Ýa­po­ni­ýa ha-
kyn­da­ky iň bir dog­ru­çyl eser­le­ri dö­ret-
me­gi­ne ge­tir­di. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa Ýa­po­ni­ýa te­ma­sy Mu­ra­ka­mi­niň eser-
le­ri­niň ag­la­ba­sy­nyň için­de eriş-ar­gaç.
Ýa­pon ede­bi­ýa­ty­nyň meş­hur «Ýo-
mu­ri» baý­ra­gy­nyň eýe­si, Ha­ru­ki Mu-
ra­ka­mi hä­zir­ki gün­de Ýa­po­ni­ýa­da iň
meş­hur ýa­zy­jy ha­sap edil­ýär. Iň­lis di-
li­ni su­wa­ra bil­ýän ýa­zy­jy­nyň tas her
ýyl bir ro­ma­ny çap edil­ýär. Ha­ru­ki­niň
aýt­ma­gy­na gö­rä, ol öz ýa­zan eser­le-
ri­ni örän seý­rek oka­ýar. Özü­ňi gaý­
ta­la­maz­lyk üçin şeýt­me­gi hök­man
ha­sap­la­ýan ýa­zy­jy­nyň şeý­le üýt­ge­şik
ga­ra­ýyş­la­ry hä­zir­ki gün­ler­de ede­bi
söh­bet­le­riň kö­pü­sin­de Mu­ra­ka­mi­niň
te­ma saý­lap al­şy­nyň onuň hä­si­ýeti bi­len bag­la­ny­şy­gy, umu­my­lyk­la­ry dog­ru­syn­da­ky pi­kir alyş­ma­la­ry güýç­len­dir­di. Şol pi­kir alyş­ma­lar­da: «Mura­ka­mi ki­miň sti­lin­de ýaz­ýar?» di­ýen
so­rag iň köp be­ril­ýän so­rag bol­sa ge-
rek. Ýö­ne onuň te­ma­ti­ki örü­si giň,
hakykatçyl, öz­bo­luş­ly dö­re­di­ji­li­gi­ne
ser sa­lan­, is­len­dik oky­jy bu so­ra­ga öz
için­den şeý­le jo­gap berer: «Ol Mu­ra-
ka­mi­niň sti­lin­de ýaz­ýar».

Taýýarlan: Saparnepes ATABAÝEW
___________________________________

MU­RA­KA­MI­NIŇ DI­LIN­DEN

Nä­çe sy­ýa­hat et­seň edi­ber, ba­ry­bir özüň­den
daş­la­şyp bil­mer­siň.
***
Uzak ara­ly­ga yl­gaw­da ýeň­me­li ýe­ke-täk gar­şy-
da­şyň özüň­dir.
***
Özü­ňe neb­siň agyr­ma­syn. Di­ňe akmaklaryň
özü­ne neb­si agyr­ýan­dyr.
***
Me­ge­rem, ýat­la­ma­lar yn­sa­nyň di­ri gal­mak
üçin harç­la­ýan ýan­gy­jy­dyr.
***
Nä­hi­li ez­ýet çek­seň çe­käý, ba­ry­bir şol hak­da­ky
ýat­la­ma­la­ryň ýok bo­lup git­me­gi­ni is­le­ýän däl­siň.
***
Eger-de sen di­ňe hem­me­le­riň oka­ýan ki­ta­by-
ny oka­ýan bol­saň, on­da sen di­ňe hem­me­le­riň
pi­kir edi­şi ýa­ly pi­kir­le­ner­siň.
***
Tap­mak is­län za­dyň he­mi­şe-de ga­ra­şy­şyň ýa­ly
gel­ýän däl­dir.
***
Men ze­hin­li däl. Öwün­je­ňem däl. Men edil
ki­ta­by­my oka­ýan adam­lar ýa­ly. Me­ňem jaz klu-
bum bar­dy, kok­teýl ýa­san­ýar­dym, bu­terb­rod
taý­ýar­la­ýar­dym. Ýa­zy­jy bo­la­sym ge­le­nok­dy. Bu
ýö­ne bir bo­laý­dy.
***
Her ki­mem ni­re­den­dir bir ýer­den baş­la­ma­ly.
Öňü­ňiz­de tu­tuş gel­jek ýa­tyr. Kä­mil­lik bir­ba­da
bol­ýan zat däl­dir.
***
Ýat­la­ma­la­ram, pi­kir­le­rem gar­ra­ýar. Em­ma
ha­ky­ky pi­kir­ler gar­ra­ma­ýar, ha­ky­ky ýat­la­mala-
ram sol­ma­ýar.
***
Aşyk bo­lan adam­lar öz­le­ri­niň ýi­ten bö­lek­le­ri-
ni tap­ma­gyň göz­le­gin­de­dir­ler.
***
Haý­ran: ýa­gyş­ly gün­ler ga­ryn­ja­lar nä­me iş­le­
ýär­kä­ler?
***
Ha­çan­-da, adat­dan da­şa­ry bir zat ede­niň­de, bi­lip goý, ni­re­de­dir bir ýer­de kim­dir bi­ri
yn­ja­ýan­dyr.
***
Men um­ma­na se­re­de­nim­de, adam­lar bi­len
gür­le­şe­sim gel­ýär, adam­lar bi­len gür­le­şip baş­lanym­da bol­sa um­ma­na se­re­de­sim gel­ýär.
***
Pu­lu­ňy pul bi­len sa­tyn alyp bol­jak zat­la­ra,
wag­ty­ňy bol­sa pul bi­len sa­tyn alyp bol­ma­jak
zat­la­ra sarp et.
***
Dur­muş­da­ky kä­bir zat­lar dün­ýä­niň is­len­dik
di­lin­de dü­şün­di­rip bol­ma­jak de­re­je­de çyl­şy­rymly­dyr.
***
Jo­gap­kär­çi­li­gi­miz dün­ýä­ga­ra­ýşy­myz­dan başla­ýan­dyr.

Çeşme: http://alem.su/pages/EdebiyatAlemi

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir