Mugallymyň göreldesi
Ýol bilen barýan bir gojanyň özüniň başlangyç synplar-
daky mugallymydygyny tanan ýigit:
— Salam, mugallym! Meni tanadyňyzmy? Men siziň
okuwçyňyz – diýip, oňa ýüzlenipdir.
— Hä, hawa, men seni tanadym. Ýeri, bu wagt näme
kär başynda? — diýip, goja mugallym ýigitden sorapdyr.
— Mugallymçylyk.
— Bu ýoly saýlamagyň sebäbi näme?
— Muňa höwes döreden sizsiňiz, mugallym.
— Bu käre men sende nädip höwes döretdimkäm?
— Siz bir ýola mende juda uly täsir galdyrdyňyz, şon-
da men özümiň hem ýaşajyk okuwçylarymyň bolmagy-
ny isledim.
— Be, gyzykdyrdyň-aý, beýle men saňa niçik täsir et-
dimkäm?
Ýigit geň galyp sowal beripdir:
— Hakykatdanam, ýadyňyza düşenokmy? Ýatladaýa
ýynmy? Bir gezek synpdaş oglanymyz ata-enesiniň sow-
gat beren owadan sagadyny dakynyp geldi. Ol sagady
goşaryndan aýryp, partanyň çekmesine saldy. Şeýle sa-
gadymyň bolmagyny elmydama arzuw edýärdim. Men
saklanyp bilmedim, amatyny peýläp, ol sagady çildim.
Bahym ol oglan ýarym-ýaş aglap, sagadynyň gürüm-jü
rüm bolandygyny size aýtdy. Siz bize birlaý göz aýlap çykdyňyz-da, şeýle diýdiňiz: «Bu oglanyň sagadyny alan
kişi ony yzyna gaýtarsyn».
Utanjymdan ýaňa ýere giräýjek bolsam hem, ol saga-
dy elden gideresim gelenokdy, şonuň üçinem etmişimi
boýun almadym. Siz gapyny gulplap, ählimize diwaryň
öňünde düzülmegi tabşyrdyňyz.«Men ähliňiziň jübüle-
riňizi barlap çykjak, ýöne bir şertim bar: hemmäňiziň
gözüňiz mäkäm ýumulgy bolmaly» diýdiňiz.
Biz ylalaşdyk, şol pursadyň gysgajyk ömrümde iň
utançly pursat boljagyny duýýardym. Okuwçylaryň jü
bülerini ýekän-ýekän barlap gelşiňize, ahyry meni hem
barlap, sagady tapdyňyz. Şeýle-de bolsa, hataryň ahyry-
na çenli barlamagy dowam etdirdiňiz. Soňra bolsa:«Ça-
galar, indi boldy, gözüňizi açyň-da, ýerli-ýeriňize geçiň»
diýdiňiz.
Hiç bir zat diýmezden, sagady hak eýesine gowşurdy
ňyz. Şol gün siz meniň abraýymy, ömrümi halas etdiňiz.
Ogry, ýalançy, kezzap hökmünde köpüň içinde meni
masgaralamadyňyz. Bu babatda meniň bilen aýratyn-
lykda-da gürrüň açmadyňyz. Wagtyň geçmegi bilen, men
munuň sebäbine düşündim. Sebäbi siz çyn mugallym
hökmünde entek beýnisi bekemedik, gögele okuwçyny
ýazgaryp, oňa ömürlik gara tagma basmak islemänsiňiz.
Şonuň üçin menem mugallymçylygy saýladym.
Bu wakanyň täsirine düşüp, olaryň ikisi hem dymyp-
dyr. Birazdan ýaş mugallym sowal bilen ýüzlenipdir:
— Meni tanan bolsaňyz, şol waka ýadyňyza düşme-
dimi?
Goja mugallym oňa şeýle jogap beripdir:
— Jübüleriňizi barlan mahalym meniňem gözüm
mäkäm ýumulgydy.
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.
Çeşme: http://alem.su/pages/EdebiyatAlemi
20. Oktýabr. 2020