Gel, hasaply bolaly!

Gel, hasaply bolaly!
Goý, uzaga gitsin täsin duýgular.
Öwrendim men söýgiň kadalaryny,
Eýýäm oňa bolup barýan uýgunam.
Gerek muny duýmagyň.

Gel, hasaply bolaly!
Gijeleri çirim etmän geçirdim:
Seň zaryňy çekip, gaýtalap adyň,
Oňa derek has uly bagt eçil, sen.

Geçir sen yşkymy kalbyň törüne,
Öçür eger şonda söýgi barmasa.
Indi öwezini söýülen günleň,
Söýgi bilen doldurmaga alňasa.

Gel, hasaply bolaly!
Emma şatlygymyz bolsun hasapsyz.
Meniň arzuwlarmy geçir durmuşa.
(Hyýalymda bagtly geljek ýasapdym).

Zyýany ýok, zeýren kejirligimden,
Ejizje ýüregim mätäç goraga.
Gel, hasaply bolaly!
Ýöne meniň senden birje haýyşym:
Seni niçik söýýänimi sorama.

***

Düýnki pikirlerňi gyra geçir-de,
Gel, gaşyma, ak daňlara öwrüle.
Sen geläýseň elim işden sowadan —
Ýüregmiň gysmasam, bolar göwnüme.

Gam hakda ýazdyrma. Berlen ylhamy,
Duzy haklaýan dek ýörjek men haklap.
Ine, ýene seýilbaga barýaryn,
Oýlanyp-oýlanyp del pikir tapman
Yzyma dolansam, sebäpkäri men
Sen gelersiň diýip edenme umyt.
Wiý, ýogsa-da, söz berdim-ä özüme,
Entek ýaşap ýörkäm bedenmi duýup
Garaşjagma,
Ýaraşjagma seň bilen.
Şoň üçinem aklap gezýän ýoklugňy.

Neçüýn gelmeýäniň bilýän öýdýärin,
Ýekelik islänim bilýäň, öýdýärin.

***

Maňa kyn düşmez unutmak,
Öwrenşerin geljek bilen.
Ýene öňkim deý, hesretli
Şygra gaýdyp geljek birem.
Agyr düşmez kabul etmek,
Sensiz ýaşaljak günleri.
Seň gidişiň gidiş bolar,
Emma her dogan Gün beri
Ornuny berende Aýa,
Garşy alamda giçligi,
Men ýene kösenip başlaryn,
Goşgularmyň kapyýasyna
Salmajak bolup işligi.

Emma olar dolar durar,
«Gitdiňden» ýa-da «Galdymdan».
Menem bir gün çykaryn-a,
Gamdyr-hasratyň ýadyndan.

Bilmen nä hala getirkä,
Ýyllaryň aldym-berdimi?
Ýöne goşjagyn bilýärin,
Işlik kapyýama «Geldiň»-i.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniyet institutynyň
syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Çeşme: http://alem.su/pages/EdebiyatAlemi

Ooktýabr. 2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir