Poeziýaň degresinde

Men geldim.
Bagt bolup gelşi deý täze gelniň,
Asgyn geler setirlerim käteler.
Elimi ýaga däl, syýa batyrjak,
Belki, bir wagt meňem ornum gäderer.

Gazygynda garramaga gelendir —
kerwençisi «Ömür» atly düşelgäň.
Men geldim.
Ýöne «neçüýn geldik-ä» diýp üşerilmäň.

Çünki bu ýerleriň datly ejiri,
hupbatly ýakymy, gam-gussalary
aýandyr maňa.
Diňe bu ýeriniň törjagazyndan,
Bir adamlyk ýeri aýaň siz maňa!

***

Eje, ýene düýş gördüňmi,
Oraşanmy şowlulygma?
Haýrany men öz-özünden,
Sagatlaryň towlulygna.

Beý diydigim, sensiz günler,
Haýal geçýän ýaly göwne.
Synaglara döz gelerin,
Çaýlaryňa düwnüp durma.

Dowla düşme pikirlerim,
Biraz paşman göýdügende.
Bulut örtse Gün ýüzüni,
Ýüzüm salyk öýdeniňden
Özüňi aýagyn, meni
aýaýşyň deýin sogandan.

Duýmandyryn ynjanyňy,
Duýsaň-da sähel ynjasam.
Şol günler dolansa diýýän,
Eje, ýazygym ýanjasam.

Soň-soňlar-a bilip galdym,
Hiç kimiň sen deý däldigin.
Dogry ýollaryň içinde,
Öwrümleriň has kändigin.

Mydam saňa diläp aklyk,
Saçlaryň gorasam ondan,
Käbäm, aýa özüň, meni
Aýaýşyň deýin sogandan.

Altyngözel AMANMÄMMEDOWA
Türkmen döwlet medeniyet institutynyň
syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Çeşme: http://alem.su/pages/EdebiyatAlemi

Oktýabr. 2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir