«Tesla» 500 müň awtoulag satar
Ýer: ABŞ. wagt: 14.10.2020
«Tesla Inc.» 2020-nji ýylyň ahyryna çenli müşderilere
500 müň awtoulag satmaklygy meýilleşdiripdi. Häzir-
ki wagtda kompaniýa öz maksadyna golaýlaşdy diýip
aýtsa bolar. «Tesla» brendiniň üýtgewsiz güýji ma
ýagoýujylar üçin esasy oňaýly täzelik bolup galýar.
Kompaniýanyň elektromobillerine bolan isleg,
häzir hem onuň öndürijilik kuwwatlylygyndan
artyk gelýär. Şol sebäpden hem elektromobiller
bazarynda birinjiligini saklamak üçin, «Tesla»-
nyň esasy maksady önümçiligini artdyrmakdan
ybaratdyr. Üçünji çärýekde kompaniýa 139 müň
elektromobil öndürdi, bu görkeziji geçen ýylyň şol
döwri bilen deňeşdireniňde, 43% artykdyr. Geçen
söwdalarda «Tesla»-nyň paýnamasynyň bahasy 434
ABŞ dollaryna barabar boldy.
Taýýarlan: Muhammetaly AMANDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Biznes Reklama. 19.10.2020
Çeşme: https://alem.su