IR SÄHERIÑ ARZUWLARY. 2-nji syr.

Ikinji syr
Dem almagyň güýji
Ondan soň iki gün geçdi. Söhbet syrlaryň aňyrsyna ýetmek üçin, alys ýerlere
gitmäge-de kaýyldy. Onuň häzir gelip düşen ýeri hem oňa düýbünden nätanyş-
dy. Ol bu ýerde gojanyň salgy beren adamlarynyň ikinjisine duşmalydy. Oňa ikinji
syry açjak mugallymyň adynyň Bikedigini bilýär diýäýmeseň, ol Söhbet üçin bü-
tinleýin nätanyşdy. Söhbet gojanyň özüni ýanyna ugradandygyny aýdanyndan,
Bike bilýänini paýlaşmaga göwünjeň razylaşdy. Bike bu ýerde ýogadan maşklary
öwredýärdi. Sapak tamamlanan badyna, okuwçylar oňa hoşallyk bildirip, Söhbeti
mugallymlary bilen ikiçäk galdyrdylar.
— Siziň meniň ýanyma geleniňize begendim — diýip, Bike mugallym mylakatly
gepledi. Goja saňa meni salgy beripdir-dä.
— Hawa, ýöne men onuň adynam soramandyryn. Birek-biregimize tötänden
duşduk.
— Şeýlemi?! Bike onuň bilen owaldan tanyş adam ýaly gepleşmegini dowam etdi.
— Menem ony bir gezek gördüm, ýöne ömürem ýadymdan çykarmaryn.
Söhbet:
— Be-e, şeýlemi?! — diýip, aýalyň süzülen gözlerine seretdi.
— Meni agyr dertden halas eden şol adam.
Söhbet Bikäniň gürrüňiniň yzyny diňlemäge howlukdy.
— Nähili ýagdaýda halas etdi? Baryny başdan-aýak bilesim gelýär.
— Mende demgysma bardy. Ejir baryny çekendirin. Haýyr diýlip edilmedik em
galan däldir. Ybaly dem alyp bilmeseň, ezýet ekeni, ýöne barynyň geçdigi bolsun!
Basgançakdan bir ädim ätdigim, hassyldap esli salym demimi dürsäp bilemokdym.
Bir gezegem awtobusa münjek bolup durkam, essim aýyldy. Halys özümi ýitirdim.
Derman-däri etmäge-de ýetişmedim. Şol wagtam seni meniň ýanyma ugradan goja
duşdum. Ol elini kebzäme goýdy welin, agyry geçip giden ýaly boldy. Adamyň käteler
sähelçe duýgudaşlyk edilmedenem agyrysy köşeşýär. Ol maňa ýylgyryp:
— Men sende gaýratyňam, güýjüňem gaty köpdügini bildim. Ähli güýjümi jemläp,
seniň üçin dileg etdim — diýdi. Men onuň näme diýýänine ilkibada akyl ýetirip bil-
medim. Soň ol maňa sagdyn bolmagyň syrlary hakynda öz bilýänlerini gürrüň berdi.
— Soň hiç ýeriňem agyrmadymy?
Bike Söhbetiň sowalyna jogap bermäge alňasamady. «Seret, ynha, men näsag
adama meňzeýänmi?!» diýýän ýaly şähdaçyk ýylgyrdy.
— Ýok-la, birbada ähli zady öwrenmek aňsat däl. Birbada hemişe-de kyn ahyry. Il-
kiler sagdyn iýmitlenmek diýlende, kabul edesim gelenokdy. Soň öwrenişdim. Beden
maşklaryny ýerine ýetirýärdim. Sagdyn bolmagyň kadalarynyň hemmesem gerekdir.
Men-ä aýratynam sagdyn dem almakdan has köp haýyr tapdym.
— Be-e, dem almak?! Hemme adamlaram dem alýar... — Söhbetiň gözüni giňden
açyp, geňirgenmesine Bike mylaýym ýylgyrdy.
— Hawa, dem almak tebigy berlen, ýöne dogry dem almaly. Käteler uzak günläp,
otagdan çykylmaýar. Bedeniň tebigy howa bolan islegi doly ýerine ýetmeýär.
— Hemme adamam tebigy endik boýunça dem alýar, onuň dogrudygy ýa-da nä-
dogrudygy hakynda pikirem edilmeýär.
— Hawa, şonuň üçinem dogry dem almak endigi ýitýär. Uzakly gün kompýuteriň
öňünde otursaň, beden hereketsizlikden ýadaýar hemem gowşaýar. Şonuň üçinem
dogry dem almaýarsyň.
— Munuň möhümligi nämede?!
Söhbet Bikäniň sözlerini ünsli diňläp oturyşyna sowal berdi.
— Dem almak, dogry dem almak adama iýmitdenem zerur. Sebäbi iýmän-içmän
oňup bolar, kislorodsuz oňmarsyň. Janyň sagdynlygy üçinem şol örän gerek. Adam
dem alanda, bedeninde iýmitlener ýaly ýagdaý döredýär. Iýmitler bedende özleşip
başlaýar. Bedeniňiz nähili ýokumly zat kabul edýänem bolsa, onuň peýdasy bedeniň
her bir öýjügini yzarlap barýança duýulmaz. Olaryň bedende aýlanmagy üçin, dogry
dem almak gerek. Onsoňam içiňe kislorod sorup alýarsyň welin, ol güýç-gurbat berýär.
Onuň ýene-de bir peýdaly tarapy bar.
...Söhbet lükgeligi bilen üns bolup otyrdy. Bikäniň sowaly ony aýňaldyrdy.
— Agajyň ýanyşyny synlap gördüňmi?
— Hawa-la, elbetde, gördüm.
— Ody üfeseň näme bolýar?
— Ot sönýär...
— Onsoň?
— Ol tüsseläp öçýär, agajyň küli galýar.
— Dogry, bedendäki ýokumyň, ýagny kaloriýanyň ýanyşy hem şolar ýaly. Kislorod
bedeniň kaloriýasynyň has köp ýanmagyna täsir edýär, şeýdibem energiýa öndürýär.
— Dem almak iýmitiň bedende dogry özleşip, energiýa önmegi üçin gerek ekeni.
— Basym düşündiňiz. Ýene-de bilmeli zadyňyz bar. Dem alyş bedene kislorodyň
gelşini, şeýle hem limfa akymyny ugrukdyryp durýar.
— Limfa näme bolýar?
— Limfa bedenimizi mikrobdan goraýan ganpisint suwuklyk. Bedenimiziň ýetmiş
bäş trillion öýjüginiň her birini ýuwýar. Şoňa ýeterlik näçe limfanyň gerekdiginiň piki-
rini ediň! Limfanyň mukdary ganyň mukdaryndan dört esse ýokary. Limfatiki ulgam
boýunça akýar.
Ynha, gowuja diňle, saňa ähli hereketi düşündireýin. Ýürekden arteriýa damarlaryna,
ondanam kapillýarlara, ýagny has kindiwanja damarlara düşýär. Kapilýarlara gan bilen
iýmit beriji howa hem düşýär, şol ýerde olar öýjüklerdäki doly suwuklykda — limfada
özleşýärler. Bedeniň öýjükleri özüne näme gerekdigini bilýär, kislorod bilen iýmitlendi-
riji maddalary özüne alýar, gerekmejeginem daşyna bölüp çykarýar. Käteler gerekme-
jek zyýanly maddalar hem yzyna kapilýarlara düşýär, ýöne olary limfa ýuwup aýyrýar.
— Dogry, ýöne limfatiki ulgam nämäniň hasabyna işleýär?
— Ýerlikli sowal. Bedeniň limfa ulgamy maşklar we dem alyş arkaly işjeňleşýär.
Alymlaryň ylmy barlaglary dogry dem almak bilen bedene ýönekeýje agram salyp, lim-
fadaky akymlary on bäş esse ýokarlandyryp bolýandygyny subut etdi. Maşk etseň he-
mem demiňi içiňe sorup, dogry dem alsaň limfa ulgamyň işini on esse artdyryp bolýar.
Eger-de limfa ýeterlik derejede işlemese, bedende gerekmejek maddalar toplanyp
başlaýar. Edil zir-zibiliň öýden wagtynda aýrylmaýşy ýaly. Limfa ulgamy mörjewleriň
döremeginiň, wiruslaryň köpelmeginiň öňüni alýar. Şonuň üçinem türgenleriň ýürek-
dem alyş sökellikleri, süýjülik bilen näsaglamak mümkinçiligi örän pesdir.
Dem alyş tehnikasy agyryny aýyrmaga-da kömek edýär. Ikigat aýal maşgalalara
çaga dünýä inýän pursadynda, agyry duýmazlary ýaly, ýörite ilki dogry dem almagy
öwredýän lukmanlar hem bar.
Dogry dem alşyň ýene-de bir peýdaly tarapy onuň keýpiçaglygyňa-da täsiri ýet-
ýär. Endigan dem alanyňda, döş kapasaň giňäp gidýär, şondan hem adamyň nerw
ulgamy rahatlanýar.
— Gaharyň gelende ýa-da dargursaklyk edeniňde, endigan demalmagy maslahat
berýänlerem şondanmy?
Bike Söhbete başyny atyp, ýene-de gürrüň bermäge başlady.
— Ýoga maşklarynda hem endigan dem alýandyrlar. Ýöne dogry dem almagy nähili
öwrenmeli?! Ynha, meseläniň iň kyn ýeri şunda. Siz öz öýkeniňizi dogry dem almaga
ugrukdyryp durmaly.
Kaliforniýaly alymlar şeýle barlaglary geçiripdirler. Olar dem almak üçin ýörite enjam
döredip, çuň dem alanyňda gan-damar hem-de limfa ulgamlarynyň nähili ýagdaýa
gelýändigine üns beripdirler. Olar käbir maşklaryň bedeniň kisloroddan ganmagy, lim-
fa togunyň sazlaşmagy üçin has peýdalydygyny hem ýüze çykarypdyrlar. Şol maşklar
ynha, şulardan ybarat.
Howanyň içiňe sorulyp alynýan wagtyny birlik diýip kabul edýäris, şonuň dört essesi
ýaly wagtda hem soň demiňi içiňde saklaýarsyň, dem alma iki sany wagt birliginiň do-
wamynda bolsa demiňi goýberýärsiň. Şeýlelikde, eger-de siz dört sekuntda howadan
dem alan bolsaňyz, on alty sekuntda demiňizi saklaýarsyňyz, sekiz sekuntda demiňi
goýberýärsiň. On sapar howany içiňize soruň hemem ony haýaljakdan demiňiz bilen
goýberiň! Bu gatnaşygy şeýle aňlatmak bolar: 1 — demi alma, 4 — saklama, 2 — de-
miňi goýberme. Adaty lukmançylykda çuň däl, ýüzleý dem almak, demiň goýberilişini
uzaga çekdirmek maslahat berilýär. Adaty däl lukmançylyk bejeriş usullarynda bolsa,
dem almagy has-da kadaly, beden agzalaryna ýeňil bolar ýaly derejä ýetirmek üçin taplamagyň usullary öwredilýär. Esasy zat her bir adamyň bejerişiň tejribede synalyp
görlen ýollaryna eýerip, özüne, öz beden agzalaryna hemaýatyny ýetirip bilýänliginde.
Bu kyn däl. Ilkibada dem alma üç ýa-da dört sekunt wagt berýärsiňiz. Soň köpeldi-
bermeli. Dem alanyňda garnyňa agram berýärsiň. Şondan başlap, siziň döş kapasaňyzy
edil tozan sorujy ýaly bolup, howa gerekmejek zibillerden arassalap başlaýar.
Söhbet hem Bikäniň öwredişi ýaly, demini aldy, ýöne onuň üçin içiňdäki howanyň
demiň bilen daşyna goýberilýän wagtyň näme üçin iki esse köp bolmalydygy çözül-
medik sowaldy. Bike onuň islegini aňan ýaly:
— Hawa, demiň bilen çykýan howa arkaly limfatiki ulgamdaky gerekmejek mad-
dalar aýrylýar. Dogry dem almaga uýgunlaşmak üçin ýerine ýetirilýän maşklar gün-
de üç sapar ýerine ýetirilmeli. Irden, günortan, agşam on gezek şolar ýaly edip dem
alanyňdan soň, öýkeniň özi endik edip gidýär. Uludan, dogry dem almaga soň doly
uýgunlaşarsyňyz.
Şu ýönekeýje maşky ýerine ýetirersiňiz welin, on günden soň gurbatlanýandygy-
ňyzy duýarsyňyz hemem düýbünden başga adam bolarsyňyz.
...Söhbet Bike bilen hoşlaşdy. Ýadyndan çykmaz ýaly, özüne şulary bellik etdi.
Uludan dem almak.
* Sagdynlyk üçin gerek.
* Nerw ulgamyny rahatlandyrýar.
* Gujurlandyrýar.
* Gorkudan galan ýaramaz täsirleri aýyrýar.
Onuň ýerine ýetirilişi:
* howany demiňe sormagyň wagt dowamlylygy birlik diýlip kabul edilýär; näçe
uzak boldugyça gowy;
* endigandan, gaty çuň däl, ýüzleýräk, özüňe rahat bolar ýaly edip dem almaly;
* howany demiňe sorup içiňde saklanylýan wagt demiň bilen howanyň goýberil-
ýän wagtyndan dört esse köp bolmaly;
* howany demiňe sorulýan wagt demiň goýberilýän wagtdan iki esse köp bolmaly;
* şulary on gezek gaýtalamaly.

Bägül An­na­ba­ýe­wa

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir