Köp adamlar ir bilen turmagy kyn görýärler, özüni ir turmaga öwrenişdirmekde kynçylyk çekýärler. Şeýle hem bolsa, ir turmagyň köp amatly taraplary bar: bedeniňiz üçin peýdaly bolmagyndan başlap, işleriňiziň ählisini wagtynda ýerine ýetirmäge ýetişmeklik.
Internetdäki maglumatlara görä, hünärmenler iň peýdaly uky 2 sagadyň dowamyndaky ukydygyny aýdýarlar, ýagny gije sagat 22:00 – 24-00 aralygyndaky uky. Eger siz şol 2 sagadyň aralygynda gijeki ukyňyzy doly alyp bilseňiz, daňdan 05:00-da hem arkaýyn oýanyp bilersiňiz diýip hünärmenler belleýärler.
Bu makalamyzda ir turmagyň iň esasy 4 sany sebäbini beýan etdik.
1. Saglygyňyza peýdaly bolmagy
Ýokarda bellenişi ýaly, 22:00-24:00 aralygyndaky uka “süýji” uky diýilýär we şol iki sagadyň arasyndaky ukyňyz bedeniňiziň doly dynç almagyny we täzelenmegini üpjün edýär. Eger siz gijäň ýary ýatmaga öwrenişen bolsaňyz, adaty 7-8 sagadyň ýerine 10 sagat ukyňyzy alsaňyz hem, bedeniňiz doly dynjy alyp bilmez, sebäbi uky üçin maslahat berilýän wagty siz eýýäm geçirdiňiz.
Şeýle-de, birbada ir turmagy endik edinmek maslahat berilmeýär. Bu ýagdaýda howlukmazlyk, her gün düýnki güne garaňda 10-15 minut irräk turup endik edinmeklik maksada laýyk hasaplanýar.
2. Wagtyňyzy sazlap bilmegiňiz
Ir turmak bilen köp işleriňize ýetişersiňiz. Bu barada “Ir turan işinden dynar” diýilýän milli nakylymyz hem bar. Başgalar ýatan wagty arkaýyn ýuwunyp, ertirki maşklaryňyzy we ertirligiňizi edinip bilersiňiz, özüňizi ykjam duýup, işiňizde işjeň bolarsyňyz. Öňki ýetişmeýän işleriňize wagt aýyryp, olary arkaýynlykda ýerine ýetirip bilersiňiz.
3. Arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagy
Herkimiň öz halaýan, emma wagty azdygy sebäpli ýetişip bilmeýän işleri bardyr. Ir säheri – şol işleriňiz üçin amatly wagt. Meselem, kitap okamak, sport meýdançada ylgamak, ýüzmäge gatnamak, surat çekmek we ş.m.
4. Ertire iş goýmazlyk
Öz halaýan işleriňizden başga, her kimde öýüň işleri hem bolýar, emma agşam işden geleniňizde olary etmek kyn düşýär. Käte şol işleri ir bilen irräk turanyňyzda hem etmek bolar.
Ir turup, köp işleriňizi dynyp bilersiňiz. Has ykjam we güýçli bolarsyňyz, günüňiz gowy geçer. Agşam özüňizi öňkiler ýaly örän ýadaw duýmarsyňyz, diňeje ukyňyz geler, ukyňyz gelen wagty hem 22:00-dan öňräjik ýatmak maksada laýyk bolar. Irden öňki edip bilmeýän işleriňizi etmäge wagt dörär.
Çeşme: turkmenportal.com