SÖÝGÜNIŇ GARA DERÝA
GARK EDILMEGI
He-eý, biakyl gende! Saňa hökmüro-
wanlyga halys garagyny gapdyran ähti-
ýalan Babahan diýerler... Heý, söýgünem
gara derýa gark edip bolarmy?!
Ony derýa atsaň Halyk biler. Onsoň
balyk biler, onsoň halk biler. Şeýder-şeý-
der-de ol täzeden gudrat bilen bina bolar.
Oda atsaň, otda ýanmaz. Mollanepes syç-
rap ýerinden galar.
Dür derýadan çykabilmez,
Nazar kylsa dişleriňe.
Dowzah meni ýakabilmez,
Ýanyp men ataşlaryňa.
Şu setirleri kagyza geçirýärkä onuň elin-
de hudawy yşkdan ýaňa «galam titrär». Kal-
bynyň nury ruhuna siňip, soňra ýüz-gözüne
geçer-de, nazarkerde bir kişä aýlanar. Meşhur
suratkeş Aýhan Hajyýew göni onlukdan
urupdyr — onuň Mollanepesi owadandyr,
özi bir beýik şygyrdyr, «şahyr diýilýän bolup
bilse, şeýle bolmalydyr» diýdirýändir.
Allanyň nury — söýgi gylyç kesmez, ok
almaz barlykdyr.
Bakylyk-barlyk bilen gürleşenle-
rinde şahyrlar owal-ebet özlerini söý-
gi bilen päkläp barýarlar. Onsoň olar
arkalydyrlar, boluň ujundan şagladyp
oturandyrlar.
Hormatly okyjym, senden rugsat bolsa,
şu ýerde men seni bir pursat öz oglanlygyma, geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň
aýaklaryna zyýarata äkitmekçi. Bu zyýarat
meniň üçin-ä mukaddes, ýöne seniň üçi-
nem azda-kände peýdaly bolar diýip pikir
edýärin. Sebäbi öz berkarar döwletiňde
näderejede bagtlydygyňy bilmek üçinem
mahal-mahal ymmatyň geçen ýoluna ser
salmak gerek.
Hudaý halap, biz ajaýyp döwürde
ýaşaýarys. Garaşsyz ýurdumyz bar. «Döw-
let adam üçindir!» diýip duran berkarar
döwletimiz bar. «Arkamyň daýanjy hal-
kymdyr!» diýýän ýurt Baştutanymyz bar.
Doly desterhan, abat ojak, doýan guş ýaly
kanagatly il-gün.
Şäherlerimiz — şäher ýaly.
Obalarymyz — oba ýaly.
Durşuna nur Aşgabat dünýäniň beýik
şäherleriniň birine öwrülip barýar. Biz türk-
menler özümiz bolup, uly dünýäde kämile
tarap barýarys. Şeýle ýagdaýda özüň şahyr
bolsaň, şu setirler geler tiliňe.
Uly ykbal gerek ile,
Dok güni aýnaman bilýän.
Müň şükür, türkmeniň göz giderlik uly
ykbaly bar. Eselip-peselip durmak bize
mahsus däl. Halal çöregi, ýurt dynçlygyny,
il abadanlygyny dünýewi türkmen hiç zada
çalyşmaýar.
Şu günlerden şol gahatlyga näçe dolanasym gelmese-de, nätjek, alaç ýok, ol
ykbalyňdan kesip aýryp bolýan zat däl.
Eý-ho, kyndy, onda-da ne kyndy...
Agyr urşuň yz ýanlary. Biziň kiçijik
obamyz şindi urşuň salan ýarasyndanam
saplanmandy. Ýasly öýler henizem egnini
gysyp otyrdy. Uly gahatlyk hemme zatda
duýlup durdy. Elektrik togy ýokdy. Gaz
ýokdy. Radio-telewizor ýokdy. Dogry, biz
aç däldik, ýöne dokam däldik. Şu gün şol
zatlaryň gürrüňini edip, çagalaryňy ynan-
dyraýmagam aňsat däl. Ertekidir öýdýärler.
A ol biziň neslimiziň ykbalydy. Biziň nesli-
miz daglaryň mumyýasy ýaly şol ykbaldan
gaýnap çykandyr.
Hawa, kyndy, näçe diýseň kyndy.
Agyr uruş, agyr gahatçylyk adamlaryň
üstünden hut tank geçen ýaly edipdi.
Ýöne başga bir ýagdaýam göze ilýärdi:
ýagşy söze, gözellige, mähre mätäçlik
ýitip gitmändir. Hiç zat ony adamyň elin-
den alyp bilmeýän eken.
Şol döwürde men on-onki ýaşly og-
landym. Hordum, şeýle bolansoň, durşuna
gözdüm. Sesim owazlydy, latyn elipbi-
ýinde çap edilen dessanlary okaýardym.
«Zöhre-Tahyr», «Saýatly-Hemra», «Hüýr-
lukga-Hemra», «Şasenem-Garyp» meniň
çagalygymyň wepadar dostlarydy. Ahalyň
owadan ýaýlalarynda mal yzynda gezip
ýörkäm Tahyr begiň:
Kylgyn meniň ýolum rowan,
Çar pasly baharly daglaryna.
ýa-da:
Aglama, Mahym jan, gitsem geler menine
— kän gygyrypdym. Hysrow şa, Ba-
bahan patyşa, Şaapbas patyşa, Moýsepit
serdar, Ezber hoja maňa çagalygymdan
tanyşdy. Tawus guşlar, «Kepderi topuk, gaz
boýun» gyzlar, serhowuzlar, gyrmyzy geý-
nen Saýat hanyň sary ýaýa girişi, aşygyň
nalasyny çydaman darka-darka ýarylyp,
oňa ýol berýän keremli daglar uçup-uçup
ýören oglan kalbymy heýjana salypdy. Soň
ýyllar geçip şineläpdi. Bir günem şygra
aýlanypdy.
Şindilerem düýşe girýärler gelip,
Gözbaşlara eňek basyp ganmyşam.
...Oglankam hazyna ýetirip elim —
Bu gün özüm dessan bolup galmyşam!
Gözbaş kemi ýokdy. Bir giden halk ola-
ry nesilme-nesil arzylap ýören bolsa, oňa
Şa Hazynasy diýseňem bolar!
Yzyny diňläň! Agşamlaryna kiçijik
tamlarda ýedilik çyranyň ýagtysyna goja
kişilere dessan okap beren günlerim şin-
di-şindilerem düýşüme girýär. Her gün ag-
şam Bagdatdan bärde durmazdyk. Ötegçi
durnalary ýola salardyk, gülli ýazlarda
bolsa garşylardyk. Gündogaryň Zöhresine,
Saýat hana, Şaseneme guwanardyk. Baba-
han patyşanyň gazabyna duçar bolan hak
aşyklaryň halyna gyýlardyk.
Ilat sadady. Ynanjaňdy. Kalby nurludy.
Epeý ýaşulular dessan diňläp, aglap otu-
randyr. Barybir olar öz «Göroglusy» bilen
bagtlydy. «Zöhre-Tahyr», «Saýatly-Hemra»,
«Nejep oglan» bilen obalar abatdy! Gor-
kut ata, Aşyk aýdyň pir, Jygaly beg, Baba-
gammar sütün-sütün ruhdy, ötlem-ötlem
binýatdy. Şeýle aňryň barka, türkmeniň
topragyna garramak ýokdy. Ol ömür be-
reniňe-de, ykbal baglanyňa-da degýärdi!
Bir dessan bir obany bagtly edip bil-
ýän eken! Zöhre gyz, Saýat han, Mahym
gyz, Selbinyýaz, Mylaýym han, Şasenem
her gün biziň kiçijik obamyzda agşamyň
seýline çykardylar.
Olar messan-messan ýörärdiler. Şonda
türkmeniň gül gyzlaryny söýmezlik müm-
kin däldi!
Olar gara käkillerini Arkajyň ýumşak-
sy ýellerine ykjadanda, garry — ýaş bary
şahyrdy!
Olar durşuna söýgi, durşuna wepa,
durşuna mähir-muhabbetdi, olary söýmek
üçin bir ömür azdy!
Şeýle nurana, durşuna owaz dessan-
laryň näzikligini, ulugyzy ters aýlandyryp
duran uçmahy yşkyny ganyňa siňdirip, bir
gün Gara Seýitli bolup orta çykanda, diňe
şular ýaly göni ýüregiňe ýapyşýan setirleri
ýazyp bolar.
Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň,
ýa-da:
Ölmez, Güljahanym, saňa ýar bolan...
Yzyny diňläň! Günleriň bir güni:
— Aşgabatdan artistler gelipdir, ag-
şam Gökdepede gowy oýun görkezjekler.
Kolhozyň maşyny äkiderem, getirerem,
taýýar boluň! — diýdiler. Garaz, köne ma-
şynymyz war-war edip, akanak-çukanak
tozanly ýolda towsaklap, bizi tomusky
kinoteatryň jaýyna eltdi. Beýleki kolhozlar-
danam adam gelen eken. Mahlasy, kiçijik
zal dykylan ýaly, agzy-burny bilen doludy.
Oýun başlandy. Ol Aşgabadyň sazly-
drama teatrynyň «Zöhre-Tahyr» spektakly
eken. Haçan gören zadymyz: agzymyzy
açyp, seredip otyrys. Meniň oglan gözüm
bilen seretseň, şol gün hemme zat owa-
dandy. Sahna bezegi, owadandan owadan
geýim-eşikler, dürli-dürli yşyklar, şaý-sep-
ler, gylyçlar, galkanlar, naýzalar. Ine-de
bir topar adam: patyşa, wezir, goşunbaşy,
söýýän ýigit, söýülýän gyz, kenizler we
beýlekiler.
Oýun gidip dur. Adamlaryň tolgunýan-
dygy göze ilýärdi. Soňabaka gaharly sözler
eşidilip başlady. Bir ýigid-ä asyl sahna ýe-
täýmänkä zordan sakladylar.
— Dogry-da, walla, lebzini ýuwdan
eşek ogrusyny edäýmelisi-hä bar-da...
Tahyr begiň sandyga salnyp, derýa
oklanýan pursatynda tomaşa zaly bilýä-
ňizmi nämä meňzeýärdi? Garagol çaga-
laryň biri eline çöp alar-da, aryň öýjügini
gorjar. Gaharjaň arylar hüwwe örer-de,
durşuna gazaba aýlanar. Soňra üýşüp-üýşüp, eňip-eňip gider. Tomaşaçylaryň
oturan zaly häzir, takmynan, şeýledi.
Sahna tarap dyzap duran haýsy, sögün-
ýäni haýsy, sesine bat berýäni haýsy,
biler ýaly däldi.
Geliň, gowusy özümde galan täsirden
sözläýin. Ol agzyndan ot sowurýan wulkana
meňzäp, meniň neresse çagalygymy elim-
den alan bimöçber sarsgyn bolupdy. Müýn-
süz çaga gözlerim hökmürowanlygyň gara
güýjüniň elýetmez söýgüni mynjyradyşyny
görüp durdy. Däli derýa lemmer-lemmer
möwç urup, gazaply çyrpynýardy. Lebzini
ýuwdan Babahan patyşa alaýardy. Gylyçlar
parlap, galkanlar gümmürdeýärdi.
Agy, nalyş, gözýaş...
Peri gatançly Zöhre gyzyň bagryňa ot
bolup ýapyşýan nalasy...
— Sandygyň agzyny ýapyň! Zyňyň!
Ýaraglaryny şakyrdadyşyp ýören nö-
kerler sandyga ýapyşýarlar-da, ikibaka
hallan atdyryp, däli derýa oklaýarlar...
Tahyr beg, ýoluň rowan!
Ýyllar geçip, men bir zada düşün-
dim: çyn ýürekden çykan sözüň ölmeý-
şi ýaly, Allanyň dergähinden gaýdýan
SÖÝGI hiç haçan ölmeýär. Asmanyň
Zöhresi bir dogansoň, şo-ol ýanyp-low-
lap durmaly.
Türkmen diýeniň kemrysgal millet
däl-ä, aslynda. Onuň «Zöhre-Tahyry» bar!
Onuň Mollanepes ýaly beýik şahyry
bar!
Baýram JÜTDIÝEW
www.alem.su
Oktýabr. 2020.