Bu-da bir gytalan zatlaryñ biri,
Tapamok aýlanyp şunça dükana.
Ýaş dükançy ýaşulyny çürkedi,
"Toba" diýip, elim goýdum ýakama.

Men diýdim:
- Utanjyñ-haýañ ýokmudy?
Ýaş dükançy diýdi:
- Bagyşla, atam,
Ýaponlar biz bilen söwdany kesdi -
Köpden bäri ýokdur o diýen matañ...

Halallyk hakynda gürrüñ edip dur,
Göräýmäge epeý, döwlet ogrusy.
Ýogsam, haram pula satyn alnypdy
Diplomy, maşyny, çini, howlusy.

Müýnürgemek nire,
Uýalmak nire -
Galstugyn oýnap,
Owsunyp her ýan,
Halallyk barada takal okaýar,
Eý, estagpyralla!!!
Haýran men, haýran.

Aýaly ärine igenýär öýde:
- Illerde bar ukyp bir sende ýokmy? -
Giden bir edarañ eýesi bolup,
Puldan kösendirýäñ -
Utanañokmy?

Utanýar...
Utanmak kemi galanok.
Utanjyndan ýaña dişleýär dilin.
Ýöne, utanmaly adamyñ däl-de,
Señ özüñ bolmaly ýaly-la, gelin?!

Aksakal diýilýän adamlañ biri
Ýaşkiçi kärdeşin çykaryp çete,
Sargyt edýär oña gol ýygnamagy
Bir bendäñ üstünden ýazyljak hata.

Iki dost duşuşsa - gürrüñi şumluk,
Üç ülpet sataşsa - edýäni gybat.
Gybaty heleýler edýän ýalydy,
Indi erkeklere ýetipdir nobat.

Gelin gelne diýýär oýnadyp gaşyn:
- Dogrudan-da, seniñ gezýäniñ ýokmy?
Şo bir äriñ bilen gün görüp ýörmüñ?
Durmuşdan galypsyñ,
Utanañokmy?

Ýok, ol utananok!
Utanmaz ol -
Berekella, saña, buýsançly Zenan!
Dönüklik edeni aklamaz hiç kim,
Hiç hili jemgyýet, hiç hili zaman!

Bu dünýe nähili owadan, dostlar,
Adam bu dünýäniñ iñ ajap nagşy.
Emma ökünmeli adam ökünip,
Uýalmaly adam uýalsa ýagşy.

Men bilemok: ýa garaýşym ýöntemmi,
Men bilemok: ýa-da özüm sadamy,
Ýöne, düşünşimçe - bihaýalyk däl -
Utanç-haý adam edýär adamy.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.

Edebiýat, ETIKA tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir