DOGAN DOGANYŇ ZARY

«Dogan gelýär, dogan didaryn küýsäp...»
Baýram JÜTDIÝEW.


Dogan gitdi, dogan didaryn küýsäp,
Ýeňiş güni ýene demir ýol menzilne.
Geýen tahýasyny görende ysgap,
Nur inerdi onuň ýadaw meňzine.

Tikipdi sünnäläp, giçde hem irde,
Diýip: «Ýazmyrat jan, jigimsiň ýalňyz.
Senden bir haýyşym, bolsaňam nirde,
Uýaňy ýadyňdan çykarma hergiz».

Ugradanda ony aýylganç ýowa,
Uýasyna goýup gitdi tahýasyn.
Howa-da çytykdy gazapdan ýaňa,
Ak gar keşdeläpdi ýoluň ýakasyn.

«Ýetimlikden başga gören zady ýok,
Indi beri ters bolmasyn täleýi.
Sowa düşsün jigim jandan ajal — ok,
Galmaýyn men guzy ýaly mäleýip».

Ine, şeýle oýlar, hyýallar bilen,
Umyda beripdi ýüregniň ornun.
Geldi obadaşlar hem ilen-çalan,
Emma hiç gelmedi, jigisi onuň.

Şondan soňam garaşdy ýarym asyr,
Ýeňiş güni elli gülli çykdy ol.
Esger ölümine ynanman asyl,
Otly geçse umyt bilen bakdy ol.

...Aýal dogan ýene gitdi menzile,
Çowlugnyň kindiwan elinden tutup.
Ýetmiş bäş ýyl ozal giden jenjele,
Jigisi geljek deý, adyny tutup...

Aýnabat ATAÝEWA

Oktýabr. 2020.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir