IŇ ÝAKYMLY SÖZ
«Söz saýla söz ummanyndan» diýseler,
Höwes bilen: «Eje» sözün saýlardym.
Bu ýakymly sözi gudrata deňäp,
Paý-pyýada giň jahana aýlardym.
Ol söz bolar dertlileriň dermany,
Nähoşlanlar unudar öz keselni.
Her perzendiň ýaşaýyşa permany —
«Eje» sözi her bir kişä teselli.
Bu sözde üýtgeşik gudrat, jady bar,
Ýaýrar bedeniňe mähir, ýylylyk.
Çünki onda ejeleriň ady bar,
Gubarly köňüller gider ýuwulyp.
Eşideňde artar didäň röwşeni,
Täzelener köne pikir-oýlaryň.
Asmanyň göwheri, Günüň öwşgüni,
«Eje» sözi bagty ojak-öýleriň.
Bu durmuşyň egrem-bugram ýolunda,
Gerdeniňe düşse ýüküň agramy.
Göýä güneş bolup dogar alnyňda,
«Eje» sözi berer kalba aramy.
Eneler ýaşaýşyň gözbaşy bolsa,
«Eje» sözi tumarymdyr, dogamdyr,
Dünýe dursa, il-gün össe-örňese,
Nesillere dowamatdyr dowamdyr...
Aýnabat ATAÝEWA