Beýni biziň her bir hereketimize gözegçilik edýär. Uly adamyň beýnisiniň iki bölekden ybarat bolan daşky görnüşi hozuň maňzyna meňzeş bolýar. Beýni maglumatlary gaýtadan işleýär we her bir amal edýän hereketimizi kesgitleýär. Beýni biziň pikirlenmek, geplemek, hereket etmek, eşitmek, ellemek, ys almak, bökmek, ýatlamak, açlygy we agyryny duýmak ýaly ukyplarymyza gözegçilik edýär. Beýniňizde takmynan, 86 milliard neýron öýjükleri bar. Beýni örän pes elektrik togy arkaly bedeniň ähli ýerini gözegçilikde saklaýar. Muňa nerw ulgamy diýilýär.
Çep beýni, sag beýni
Hozy çakyp görseňiz onuň maňzynyň iki bölekden ybaratdygyny görersiňiz. Beýni hem edil şolar ýaly iki bölekden ybaratdyr. Her bir bölek bedeniň ýarysyna gözegçilik edýär. Beýniniň çep tarapy bedeniň sag tarapyna, beýniniň sag tarapy bedeniň çep tarapyna gözegçilik edýär. Beýniniň çep bölegi geplemäge, hasaplamaga we pikirlenmäge ýardam edýär, sag bölegi bolsa, haýsydyr bir zadyň daşky şekilini kesgitlemäge, olary tapawutlandyrmaga, aýdym-saz öwrenmäge ýardam edýär. Şeýlelikde, beýni umumy beden agzasy bolup, örän sazlaşykly işleýär.
Bäbekler çalt öwrenýärler
Dünýä inen bäbekler ömrüniň ilkinji 18 aýynda görmek, ys almak, eşitmek, tagam duýmak ýaly duýgulary arkaly daş-töweregindäki dünýäni öwrenýärler. Çaga bilen gürleşýän (olar jogap bermese-de), naharlaýan, oýnaýan adam onuň beýnisiniň ösmegine ýardam edýär.
25 ýaşdan soňra beýni ulalmaýar, emma kämilleşmegini dowam etdirýär. Ynsanyň özüni alyp barmak, çylşyrymly pikirlenmek we belli bir netijä gelmek ýaly ukyplary ösüşini dowam etdirýär. Okamak, sport bilen meşgullanmak, dil öwrenmek we döredijilik çärelerine gatnaşmak ony güýçlendirýär. Adam täze maglumatlary we sözleriň manylaryny öwrenmegini 70 ýaşyna çenli dowam etdirýär.
Neýronlar kiçijik elektrik impulslary arkaly aragatnaşyk saklaýar. Bular bedende uly tory emele getirýär. Täze bir sözi, sesi ýa-da başga bir zady öwrenmek üçin synanyşanyňyzda, bu toruň ösmegine we has täsirli bolmagyna kömek edýärsiňiz. Ýalňyşlyk goýbermek hem öwrenmäge kömek edip biler. Ýalňyşlyk goýbereniňizde, beýniňiz onuň öňüni almak üçin has köp göreşýär, bu bolsa şol toruň berkemegine ýardam edýär. Geçirilen barlaglar ýalňyşlyklary kabul etmegiň has köp synanyşmaga ýardam edýändigini ýüze çykardy.
cheshme: zamanturkmenistan