Edebiýatyň fizika ýa-da himiýadan parhy onuň amaly peýdasy ýok hasaplanýar. Şonuň üçin kitap okamak ýönekeý durmuşda gerek däl diýip pikir ýöredýänler diňe bir mekdep okuwçylarynyň arasynda däl, eýsem, uly ýaşlylaryň arasynda tapylýar. Emma “Pediatrics” žurnaly sahypalarynda peýda bolan barlag netijeleri munuň hakykata laýyk däldigini görkezdi. Şeýle hem, kitap okamak garrylyk çagynda pikirlenmek ukybyny saklap galmaga ýardam berýändigi subut edildi. ABŞ-da 80-90 ýaşdaky 300 garry ýaşdaky adamlaryň arasynda geçirilen tejribeler ömri dowamynda kitap okamaklyga aýratyn ähmiýet berýän adamlar ýaşy gartaşandan soň hem akyl ukyplarynyň birnäçe esse beýlekilerden ýokary
bolýandygyny görkezdi. Mundan başga-da, beýle adamlar Alsgeýmer keseline iki
ýarym esse az duçar bolýan ekenler. Kitap okamak nerw ulgamyna dynç berýär. Hat-da iýmit siňdiriş ulgamynyň işini hem gowulandyrýar. Muny neýrofiziolog Dewid Lýuis we Tuluza uniwersitetiniň alymlary tarapyndan alnyp barlan ylmy gözlegler netijeleri
tassyklaýar.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby