Niredendir bilemok welin, talyplyk ýyllarymyzda Türkiýe döwletiniñ Gazi uniwersitetinde Türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän Seýitnazar Ärnazarow mugallym bilen giç tanyşypdyk. Ilkinji sebäbi başga fakultetde okaýandymyz, ikinji sebäbi bolsa iş otagy fakultetiniñ zemin gatynda ýerleşýärdi. Kynam bolsa bir gezek ýanyna baraýyn diýsem, gapysy ýapyk eken. Talyplygymyñ soñky ýylynda ýene-de bir gezek otagyna barmak islegim döräpdi.

Barsam, ýerinde işi bilen gümra bolup otyr. Salam berip girdim, geñirgenip ýüzüme seretdi-de çilimini otlady. Hamala, birnäçe ýyldan bäri gatnaşygymyz bar ýaly gürrüñe gyzypdyrys. Sebäbi türkmen filolog talyplar gaty azdy. Añyry gitse iki gezek duşuşandyrys Ankarada.

Bizem okuwymyzy gutaryp ata-watanymyza dolanyp gelipdik. Hususy telekeçileriñ açan işlerinde işe başladyk. Şol wagtlarda Seýitnazar mugallymymyzy bir bazaryñ deñinde duş geldik. Saglyk-amanlyk soraşanymyzda, özüniñ kitap satyn almaga gelendigini, şeýle hem Gazi uniwersitetinden pensiýa çykandygyny, şol sebäpden Aşgabada gelip, Ylymlar akademiýasynyñ Milli Golýazmalar institutynda ylmy işgär bolandygyny aýdypdy.

Hormatly Arkadagymyz bir ýygnagynda daşary ýurtlarda okap gelen talyplaryñ köpdügini, olaryñ aglabasynyñ Döwlet edaralarynda işlemeýändiklerini aýdyp, bar bolan bökdençlikleri aýryp, işe dessin kabul edilmelidiklerini nygtapdy. Diplomymyz tassyklanandygy üçin birnäçe ylym ojagyndan bizi işe çagyrypdylar. Biz hem
2016-njy ýylda Ylymlar akademiýasynyñ Milli Golýazmalar institutyna ylmy işgär bolmak üçin ýüz tutmaga baranymyzda ilki bilen Seýitnazar mugallymymyzyñ ýanyna barypdyk.

Binanyñ birinji gatyndaky gapydan girenimizde jogapkär işgär, biziñ kimiñ ýanyna gelendigimizi soranynda, Seýitnazar mugallymymyzyñ ýanyna gelendigimizi mälim edipdik. Telefon bilen iş otagyna jañ edeninde, kimiñ gelendigini soranynda, jogapkär işgär: “Okuwçyñyz geldi” diýipdi. Ol hem haýsy okuwçysydygynam soraman, ýanyna ugratmagyny tabşyrdy. Salamlaşan badymyza, ýanyndaky ylmy işgärlere buýsanç bilen: “Okuwçym” diýip tanyşdyrypdy. Näme üçin gelendigimizi aýdanymyzda bolsa, öñümize düşüp şol wagtky Milli Golýazmalar institutynyñ başlygy bilen gürrüñdeş bolmagymyza kömek edipdi.

Şol wagt Garaşsyzlygymyzyñ 25 ýyllyk ýubileý toýy hem uludan tutulandygy üçin hemmeler başagaýrakdy, belki şol sebäpden, bize-de sowuk-sala garalypdy. Şol wagtlar gözel Aşgabadymyzda ýerleşýän ýöriteleşdirilen orta mekdebe mugallym bolup işe başlapdyk. 2017-nji ýylyñ Bahar paslynyñ gelmegi bilen, biz hem mugallymdyr okuwçylarymyz bilen “Türkmen dili we edebiyaty hepdeligini” gurapdyk. Şonda “Edebiýat agşamy” duşuşygy üçin kömek sorap Seýitnazar mugallymymyzyñ ýanyna barypdyk. Şonda bizi görüp begenip, yzyna düşürip Milli Golýazmalar institutynda ylmy işgär bolup zähmet çekýän, edebiýatymyzyñ görnükli wekili, mekdep meýilnamasynda mowzuk hökmünde geçilýän Şirinjemal Geldiýewanyñ ýanyna alyp bardy. Ýene-de buýsanç bilen okuwçysydygymyzy aýdyp, mekdep okuwçylary bilen duşurmak isleýändigimizi mälim etdi. Ýeke gitmän, ýany bilen Gurbangül Guzyçyýewany hem alyp gitmegi teklip edenin-de begenjimiziñ çägi ýokdy. Mekdebimizde geçen 1,5 sagatlyk edebi duşuşyk şeýle bir gowy geçipdi, ne okuwçylar ýadapdy, ne-de myhmanlarymyz.

Günlerden bir gün Türkmenistan boýunça mekdep okuwçylarynyñ arasynda “Taslama bäsleşigi” yglan edilipdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ kabul eden “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiñ Konsepsiýasy” hem-de birnäçe gezek nygtap geçen “Sanly bilim ulgamy” bilen baglanyşykly mekdebiziñ iki sany okuwçysy kompýuterleriñ üsti bilen iñlis dilini añsatlyk bilen öwrenmegiñ ugurlaryny gözläp, taslama taýýarlapdylar. Şol taslama gatnaşmak üçin “Hödürnama” ýazylmalydy. Maslahat üçin gelen okuwçylarymyz “Hödürnama” ýazyp bermegi üçin ýene-de mugallymymyzyñ gapysyny kakmaly bolupdyk. Ýene-de şol sadalygy bilen, mähri bilen garyş aldy hem-de “Hödürnama” ýazyp beripdi.

Ýene-de bellemeli zatlarymyzyñ biri, Türkiýe döwletinden gaýdyp geleninde, hemme okan, peýdalanan, satyn alan kitaplaryny Türkmenistana getiripdi. Şolaryñ köpüsini Milli Golýazmalar institutynyñ kitaphanasy we başga kitaphanalara sowgat edipdi. Mundan başga, mugallymymyzyñ hut özi-de birnäçe kitabyñ awtorydyr.

Mugallymymyz aradan geçen wagtda bir gezek ýaramandy. Sagalanyndan soñ ýene işine dowam edipdi. Ýañy-ýakynda bolsa amanadyny tabşyrandygyny eşitdik. Gynanjymyzyñ çägi ýok, sebäbi ylym adamsynyñ azalmagy, elbetde, gynandyrar. Şu ýatlamar bolsa, biz okuwçylarynyñ elinden geleni.

Ýatan ýeri ýagty bolsun, maşgala agzalaryna bolsa gynanjymyzy bildirýäris!

Hudaýberdi Baýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir