Bu okuwçylar üçin niýetlenen soraglar weli men gyzyklyja gördüm sizim biljek boluň hany!! Hemem özüňizçe düşündirseňiz has gowy. 1. “Howdan barada sowal” Suw howanynda suwa düşüp hezil edenlerinden soň okuwçylaryň biri: “Arhimed güýji çuňlyga baglymyka?” diýen soragy orta atdy. Ol öz soragyny düşündirmek üçin: Biz suwda dürli çuňluklarda çümýäs. Şonda biz täsir edýän itekleýji güýjüň, ýagny Arhimed güýjüniň ululygy üýtgeýärmikä?” diýdi. AKYLLYNYŇ jogaby: Hawa, üýtgeýär. Özem suwa näçe çuň çümdigiňçe şonça-da artýar. Sebäbi çuňlugyň artmagy bilen adama täsir edýän suw sütüniniň belentligi artýar. Onuň artmagy bilen onuň agramy, ýagny basyş güýji köpelýär. Bu bolsa Paskalyň kanuny boýunça ähli tarapa üýtgedilmän geçirilýär. Şol sanda bizde-de itekleýji güýç hökmünde täsir edýär. Eger şeýle bolmasa, suwuň düýbünde ýatmak aňsat bolardy. BILGIJIŇ jogaby: Üýtgemesin-ä üýtgeýär. Ýöne meniň pikirimçe, artmaýar-da azalýar. Suwuň ýüzünde, ýagny duwa çümýänçäk Arhimed güýji köp. Näçe aşak çümdigiňçe, ol şonça-da azalýar. Akyllynyň aýdyşy ýaly, çuňlugyň artmagy bilen suw sütüniniň beýikligi artýar. Onuň agyrlyk güýjüniň ugry wertikal aşak gönügendir. Iki garşylyklu güýç goşulanda, jemleýji güýç uly güýjüň ugruna gönükýär. Kä halatlarda çuňlugyň artmagy bilen suwuň aşak basmagy-da mümkin. Ýöne beýle ýagdaý örän çuň suwly köllerde ýa-da deňizlerde bolup biler. DÜŞBINIŇ jogaby: Meň pikirimçe Arhimed güýji çuňluga bagly däl. Çuňlugyň artmagy bilen itekleýji güýç artmaýar, azalmaýar. Sebäbi suwa çümdirlen jisime täsir edýän itekleýji güýje jisimiň gysyp çykaran suwuklugynyň agramy hökmünde garamaly. Eger jisim suwa çümdürlen bolsa hem-de soňra onuň göwrümi üýtgemese, gysyp çykaran suwunyň agramy hem üýtgemeýär. Şoňa görä-de, çuňlugyň artmagy bilen suwuklyga çümdirilen jisime täsir edýän itekleýji güýç üýtgemeýär. 2.Gar näme üçin eräpdir? Aýazly günleriň birinde Akylly dükandan bir gap duz alyp gelýärdi we birden ýykylyp onuň elindäki duz gaby ýyrtylyp, duzuň ep-esli bölegi garyň üstüne döküldi. Akylly ikilenç dükana baryp gelýänça duzuň dökülen ýerindäki garyň eräp, ýeriň garalyp ýatanyna haýran galdy. “Duzyň gyzgynlygy howanyň temperaturasy bilen takmynan deň bolmaly” diýip öz ýanyndan oýlandy. Ol belli bir netijä gelip bilmän dostlary Düşbi bilen Bilgiç daga aýtdy. Olar bu hadysy dürli hili düşündirdiler olaryň haýsysy mamlaka??? AKYLLYNYŇ jogaby: Meň pikirimçe duz bilen garyň arasynda himiki reaksiýa bolup geçýär. Şonda bölünip çykýan ýylylygyň hasabyna gar ereýär. Birleşme reaksiýasy netijesinde ýylylygyň bälünip çykýandygyny biz himiýa sapagynda öwrenipdik. DÜŞBINIŇ jogaby: Bu ýerde himiki reaksiýa bolup geçmeýär. Duzuň temperaturasy howanyň temperaturasyndan ýokary däl. Bu bolsa duzuň suwda eremegine getirýär. Netije-de bolsa, doňma temperaturasy has pes bolan erginiň emele gelýändigi bilen düşündirilýär. Şu toprakly ýerlere ýagan garyň uzak wagtlap ýatmaýandygy hem meniň bu pikirimi tassyklaýar. BILGIJIŇ jogaby: Men siziň hiç biriňiz bilen hem ylalaşmaýaryn. Berlen ýagdaýda garyň üstüne duz dökülende, onuň potensial we kinetik energiýalary ýylylyk energiýasyna öwrülýär. Şonuň hasabyna hem gar ereýär. Mysal üçin, gurşun plitasynyň üstüne ýokardan polat şar gaçanda, şaryň kinetik we potensial energiýalarynyň gurşunyň içki energiýasyna öwrülýändigini biz 7-nji synpda fizikadan öwrenipdik. 3. Haýsy bölek uzynka? SORAG. Simferopol’ şäheri 45 graduslyk paralleliň üstünde ýerleşýär. Şol şäheriň ortasyndan geçýän merdiýananyň 45 graduslyk parallel bilen kesişme nokadyndan ekwatora çenli bölegi uzynmy ýa-da demirgazyp polýusa çenli bolan bölegi uzynmy? AKYLLYNYŇ jogaby: Ekwatordan demirgazyp polýusa çenli bolan aralyk burç hasabynda 90 gradusa deňdir. 45 gradusda ol aralyk deň ikä bölünýär. Şoňa görä-de Simferopol’ şäheriniň ortasyndan geçýän merdiany yzarlap gidiberseň iki tarapyň hem uzynlygy deň bolar. DÜŞBINIŇ jogaby: Bu soraga jogap bermek üçin ýer şarynyň polýar radiusynyň ekwatorial radiusyndan 21 km-de köpräk gysgadygyny hasaba almak gerek, ýagny ýer şar şekilli däldir. Demirgazyk polýar radiusyň gysgadygyna görä, merdianyň Simferopol’dan demirgazyk tarapdaky bölegi Simferopol’dan ekwatora çenli bolan böleginden gysgadyr. BILGIJIŇ jogaby: Siziň aýdýanlaryňyz bir çene barýaram weli, meň ylalaşasym gelmeýär, sebäbi, Simferopol’dan merdian boýunça ekwatora çenli günorta tarapyň ýa-da polýusa çenli demirgazyk tarapyň ýakyndygyny bilmek üçin merdianyň her bir gradus birligine düşýän uzynlygy anyklamaly. Ekwatordan demirgazyga merdian boýunça näçe köp süýşdügüňçe, bir gradusa düşýän uzynlyk köpelýär. Şonuň üçin hem Simferopol’dan demirgazyk tarapdaky merdianyň bölegi, günorta tarapdaky ekwatora çenli böleginden uzyndyr. 4. Daş kömür Bilgiçleriň goňşusy: “Kömrüň üstüne azda-kände suw sepilse ýa-da ýagyş ýagsa, ol oňat ýanýar” diýip gürrüň etdi. Bilgiç ol fakty öýlerinde barlap görese hakykatdan hem şeýle bolup çykdy. Ol “näme üçin çygly kömür gury kömürden gowy ýanýarka?” diýen soragy dostlaryndan sorap gördi BILGIJIŇ jogaby: Kömür bilen bilelikde suw hem ýanýandyr. Netijede köp mukdarda suw bölünip çykýandyr. Kömrüň ýanmak reaksiýasynda suw katalizatoryň rolyny oýnaýan bolmagy mümkin. AKYLLYNYŇ jogaby: Bu ýagdaýda suw ýanmak reaksiýasyna gatnaşmaýar. Ol ýanmagyň önümi ahyryn. Ýöne ýanyp duran közüň üstüne çygly kömür dökülende, ýokary temperaturada suwuň malekulalary wodorod we kisloroda dargaýar. Şeýlelikde emele gelen wodorod kislorodda ýanyp, reaksiýa netijesinde köp mukdarda ýylylyk bölünip çykýar. DÜŞBINIŇ jogaby: Şol ýerde köz bilen suw buglary reagirleşip, reaksiýa netijesinde “suw gazy” diýip atlandyrylýan wodorod we uglerodyň iki walentli oksidiniň garyndysy emele gelýär. Ol hem örän oňat ýangyç hasaplanylýar.
Kim mamla?
-
Maxat
16 years ago
- hemmesinde-de düşbi dogry aydan yaly, akylly-bilgiç-düşbi bular sinonim dalmay?, bolmasa-da şona yakynrak öytyan
-
Harmandali
16 years ago
bah tuweleme harmandali sen özün yazyanmay şunçany ya bir yerden kopyalayanmy
Kitapdan yazdym. Kopyyalan wagtyn yazyan plan yerden aldym diyip. Yone barde yazyan goshgularymy, hekayalarymy hemmesini ozum yazyan.
akylly-bilgiç-düşbi bular sinonim dalmay?
Yok sinanym dal. Hemmesinde dushbi mamla dal gowja okap herisinde birini saylan belki bilersiniz!
Akylly – akyl taydan chun pikirlenyan yaly
Bilgich – kak pal atan yaly yone bilya
Dushbi – derrew kellesi ishleyan, dushbije chalt anyna yetya.
Ay galnynam t-e olimpiyadachymyz Ata agamyz aydaymasa.
-
Harmandali
16 years ago
- Name indi hich kim bilenokmy bu soraglaryn jogabyny?! Biljek bolunda ozunizem talyp! In bolmanda birini!
-
Aykos
16 years ago
- harmandali bulary nireden taptynay???
-
el_mariachi
16 years ago
- 1-archimedin güyji çunluga dalde göwrüme bagly--haçanda archimed hammama girende evrika diyip çykanda
şuny göryar:
-öz göwrümindaki suw=çogan suw!!!
muna göra!!!...düşbi dogry jogaplapdyr...
1-duz bn gar arasynda himiki reaksiya bolyar we ereyar ...şaherlerde gije gara duz dökülyar köplenç we ertire çenli gar ereyar yöne duzdaky himiki reaksiya gaty güyçli bolany üçin asfaltam eretyar...
muna jogap:akylly jogaplapdyr welin kinetiki energiya diyyan bilgijema ank tank etdi sebabi duza basyrylan et bişip bilyara...bah!!! name diysemkam:) mena akylly diyyan sebabi potencial energiya asfalty eredip bilenok ony bizem 2 kursda gördük we akylly bal berdim!!1
3-mena meridyan paraleldendan haaas uzyn bolany we her meridyan aralygynda 15 mn wagt bar bolany üçin diyip demirgazyk polyusa bolan uzaklyk diyyan...
bilgiç
4-ay türkmen dilinde 1. sapar okap göryanay:)
mena suwdakky yanyjy gazynyn kömüre garyşany sebapli wagtlayynça kömür gowy yanyar diyyan...
düşbi şona menzedipdir öytyan!
garym gatym birhili türkmen dili kyn ekeni
rebuilder 16 years ago- bah tuweleme harmandali sen özün yazyanmay şunçany ya bir yerden kopyalayanmy?:)mena okamana yaltanyp,dine göz gezdirdim:(..