Dünýäniň gowgaly syrlarynyň darbazy deý garaňkynyň sapak ýaly işilen ýüreginden nämälimliklere sary ýol alan göç kowgynyň aňtawyndan sypmak üçin usurgan ruhuny süýräp barýardy. Ýollar uzyn, töwerek garaňky, geljek bolsa düýbi görünmeýän boşluga öwrülen umytsyzlykdy. Emma şonda-da umytsyzlykdan-da umyt agtaran göç ýoly külterläp barşyna sag-aman ertir atjak daňy diriligiň deminde garşylamagyň yhlasy bilen haýdaýardy.
Kysmaty ýowuz döwrüň hut taýak atym alnynda-da özlerine näme garaşýandygyny bilmän, açyk dideleri bilen hem düýşe meňzeş dünýäni aşyp barýan adamlary eşegiň üstünde ejesiniň gujagynda irkiljiräp barýan bäbejigiň çasly çykan iňňäsi tisgindirdi. Gorkudan agyzlara gelen ýürekleriň gürsüldisi gijäniň sessizligini böwsüp giderli göründi. Hemmeler ulularyň uly dünýädäki aladalaryndan bihabar bäbejigiň barha batlanýan jägildisiniň diňmegini diläp, umydygärlik bilen onuň ejesiniň ýüzüne naýynjar bakdylar.
Emma ejesiniň emmesidir, töwereginden edilýän küşşüklemelere kanagat etmedik janly gurjak deýin kiçijik göwre welin, barha beterine tutdy. Iň erbet ýeri hem bu jägildi şunça menzili sessiz külterlän göçi duşman eline aç-açan tabşyrjakdandy. Howsaladan jany bokurdagyna gelen göçüň zenanlary aglak bäbegiň nämeden biynjalyk bolýanyny bilmek üçin onuň gundagyny telim çözüp sermeleşdirip çykdylar. Aljyraňňylykdan birek-birege dikilen biçäre göreçler aýalynyň gujagyndan ogluny sogrup alan kakanyň müýnli deýin aşak sallanan eginlerine düşdi. Hiç zada düşünmeseler hem ýanyna birküç sany ýaşulyny alyp galyşyna «Siz jeňňele garşy sürüberiň» diýip, jägildisi dünýäni sarsdyryp barýan bäbejigi gujagyna gysyp duran ýigit gelnine «Senem git» diýen manyda eşegiň yzyndan çalaja gamçy çalyp goýberdi. «Oglum, balam näme?» diýip elewreýän gelniň ahy-nalasyna ýüregini paralasalaram çykalga tapmadyk adamlaryň gyssanan ädimleri kem-kemden gelni hem öz aralaryna garyp, jägildiden uzaklaşdyryp, garaňkylyga siňip gitdi.
Bütin gije ýol ýöräp sag-aman menzile ýeten göçüň göçegçileri oturan-duran ýerinde irkilişlerine gün süýr depä galanda ukudan oýandylar. Her kesiň ýanynda bar bolan kötekdir, zagaradan garynlaryny doýrup az-kem demler dürselenden soň bary tükel ýaly görünýän adamlaryň arasynda düýnki aglak bäbejigi we onuň ejesini görmän birek-birege soragly bakdylar.
Gelniniň ady agzalandan «Gije siz bilen gaýtdy ahyry» diýip aljyran ýigidiň ýüzünde gan-pet galmady. Belki aýak ýoluna çykandyr diýip onuň bolup biläýjek ýerini peýleşdirip çykan gelinler yzyna ýüzüni sallap boş dolandylar. Kowgynyň deminden sypan göçüň ýüregine ýene gussa aralaşdy. Her kes gelniň gözlegine döwtalap orta çykan hem bolsa, eýýäm atyň gerşine atlanan ýigit täk özi gelen yzlaryna garşy ýol aldy. Düýnki tuda gara görnümden nazary düşen ýigidiň bir menzilden göwnüne gelen zat alnyna geldi-de «Arman, dagarman...» diýip bagyrdyşyna, atdan agdardy. Kowgudan göçi sag-aman gutarmak üçin gije sesi diňmedik ogluny gözýaşa düwnüge-düwnüge diriligine gara ýere dulamakdan başga çäre tapmadyk ýigit nämä garaşsa-da beýle zada garaşmandy. Öňünde diriligine ýere dulanan bäbejiginiň heniz gumy hem solup ýetişmedik mazarjygyny ýassanşyna arman doly gözlerini göge diken gelin dem-düýtsüz süýnüp ýatyrdy. Ony duşman tygy däl-de, ýekeje bir zat – perzendiniň bagyr awusy öldüripdi. «Eý, dat pelek, ah pelek, ýaryl dünýä, ýykyl, bas, beýle görgüni görenden göni gelen hanjara bagryňy gereniň ýeg dälmidir?!» diýip haýkyran ýigidiň özem üçünji gün diýlende tuduň aşagynda üçünji mazara öwrülmeli boldy. Dek düýnem mysapyr göçji bolup ýol aşanlaram şol tuduň aşagynda ýazdyran goşlaryny hiç wagt ýygnamazlyga äht edişlerine bir demde ýeňilmez söweşijä öwrüldi otyryberdiler. Indi ýagy olary däl, olar ýagyny kowalap baryşlaryna oýny deň gelmejek kowguçylara öňde-soňda görmedigini görkezdiler. Iň esasysy bolsa bu ýeňiş olara juda-juda çökder düşse-de hiç bir güýjüň özlerini mukaddes topraklaryndan tazykdyryp bilmejekdigini hatda ölümleri bilen hem subut etmegi başardylar. Bu barada soň-soňlaram juda kän gürrüň etdiler. Şol günleriň hesretini sessizligi bilen ýüreginde göterip duran kölegesi üç mazarly tuda hem «Bäbekli» diýip at goýuşlaryna şehide ýykylan deýin ýykylyp başladylar. Çohpetdeli garrylaryň aýtmagyna görä bolsa şindilerem kä gijeler şol tuduň aşagyndan düşnüksiz iňňildidir bäbejigiň iňňäsiniň gelýäni hemem «Bäbeklä» diýip çapady bişirilip dileg edilse, şol dilegiň hasyl bolýany çynmyş...
Aknur Rozyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.