"Söýgüm" diý-de, ýaz meni!

Düwün düwün bolup, galdy ýüregim,
Gir kalbyma, şol düwünden çöz meni,
Sönmez söýgüm, çäresizligim meniň,
Al ýüregiňe "söýgim" diý-de, yaz meni!

Ellerimiz söýgi bilen görüşsin,
Gözlerimiz bakyşlarda sözleşsin,
Leýli bilen Mejnun bu gun gowuşsun,
Al kalbyňa "söýgüm" diý-de, ýaz meni!

Duýgylaryň alaw alsyn meň bilen,
Söýgi odun ýakyp, bilsem sen bilen,
"Söýgüm" diýip, ýaňlandyr sen diliňde,
Al ýüregiňe "söýgim" diý-de, ýaz meni!

Gel, söýgi hakda, söhbet açaly,
Ganatlanyp, al asmana uçaly,
Söýgi üçin zäher bolsa içeli,
Al kalbyňa "söýgüm" diý-de, ýaz meni!

Hanweli.

Edebiýat, Gerceknazar tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir