ÖÝI ÖÝ EDÝÄN KIM?
Gadym döwürlerde bir baý täjir bolupdyr. Bir gezek ol kerwen bilen söwda etmäge özge ýurda gidipdir. Olar ýolda demdynç almak üçin düşläpdirler. Şonda oturanlaryň biri öýi öý edýäniň aýaldygy hakynda gürrüň açypdyr. Baý täjir ony içinden oňlamandyr, öýde esasy ornuň erkek adama degişlidigi barada pikir ýüwürdipdir. Olar yzlaryna dolanyp gelen mahaly iki gyzyny ýanyna çagyryp, olaryň pikirini diňlemek isläpdir. Uly gyzy: «Kaka, elbetde, öýde esasy orun erkek adama degişli» diýip, jogap beripdir. Kiçi gyzy bolsa, öýi öý edýäniň aýaldygyny aýdypdyr. Muňa baý täjiriň gahary gelipdir.
Aradan esli wagt geçenden soň, täjir uly gyzyny baý täjiriň ogluna beripdir. Kiçi gyzyny bolsa, güngüzeranyny zordan aýlaýan bir oglana berip: «Bar, göreli, günüňi nähili dolandyrýanyňy» diýipdir. Kiçi gyzy baran öýüne yhlasy bilen ýapyşypdyr. Ýigit daş ýere iş gözläp gidipdir. Ol bir baýyň malyna seredipdir. Ýigide göwni ýeten baý onuň aýlyk hakyny artygy bilen töleýär eken. Ol alan hakyny öz öýüne ugradyp durupdyr. Yzynda galan gelni her bir iberilen puly tygşytly tutup, ilki oňa goýun alypdyr. Goýundan alnan ýüňi saýgylap, haly, palas dokap, bazara äkidip ýerläpdir. Şeýlelikde, olaryň maly kemkemden bir süri bolupdyr. Soňra oturan ýerlerini giňeldip, bagbakja oturdypdyr. Ol ýeri tanar ýaly bolmandyr.
Ýigit birnäçe wagtdan soň dolanyp gelende öňki öýüni tanamandyr. Öz gözlerine özi ynanmandyr. Gapyda mähirli, ýylgyrjaklap duran gelnini görenden soň, öz öýüdigine göz ýetiripdir.
Baýyň uly gyzy bolsa şol bezenip, özüne seredip, adamsynyň getirenini sowup oturan ekeni. Onuň adamsynyň uly bir dükany bar ekeni. Soňabaka olaryň dükanda adam işletmäge pullary galmansoň, ikisi ýöretmeli bolupdyr.
Birnäçe wagtdan soň baý täjir gyzlarynyňka barypdyr. Ol kiçi gyzynyň ýagdaýyny görüp, şol kerwen bilen gidilende edilen gürrüňiň dogrudygyna göz ýetiripdir.