GARANTGA
Hasyl bol getirende ekin içinde dikilýän garantga, uly malyň kelle süňki, bagdan asylgy bitaý köwüş, döwük çäýnek, deşik bedre guş gorkuzmak üçin dälde, bol hasyl getiren bagbakjany ýaman gözden, ýaman dilden goramak üçin edilýän yrym eken.
Rowaýata görä, bagbakjasyna görip gözi degýänini duýan daýhan, geleniň gözi bagbakjasyna düşmez ýaly alaç gözleýär. Pilini ekin içinde dikip, dony bilen telpegini şoňa geýdirip çaýa çykan daýhan, ekiniň haýsy tarapyndan baksada gözi ilki şoňa düşýär. Diýmek gelengeçeniň gözi ilki bagbakja dälde, şol garantga düşjek.
Muny bilen daýhan uzyn agajy ýere dikip keseligne agaç daňyp, köne dony bilen telpegini şoňa geýdirip, bagbakjasyna göz degmez ýaly emel tapypdyr. Bu garantgaly yrym biziň günlerimizdede dowam edýär.