Durmuşda adam gatnaşyklary ýaly gyzykly zat barmyka? Saňa düýbünden nätanyş adamlaryň soňlugy bilen, mähriban adamlara öwrülip gitmegi – ykbalyň iň şowly sahypalary bolup, saňa juda eziz ýatlama bolup galýar… Ýok, men adamlaryň ýanýoldaşy barada söhbet açmakçy däl. Başga bir mukaddeslik hakynda – mugallym barada kelam agyz…
1994-nji ýylyň 1-nji sentýabry. Ondan bäri 26 ýyl töweregi wagt geçenem bolsa, şol gün edil düýn ýaly ýadymda… Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Drama we kino aktýory” bölümine talyp bolmak nesibesi çeken, 14 sany biri-birine nätanyş oglan-gyzlar… Galpyldap duran 14 sany juwan ýürekler. Onsuzam tolgunyşyp oturan halymyza gapa golaýlaýan aýak sesine hasam düýrükdik. Çünki, bu aýak sesi batlydy, dogumlydy, aýal köwşüniň sesidi. Birden gapy açyldy. Ýewropa biçüwde, gök reňkli owadan köýnekli, görmegeý, gözleri dogumdan syçrap duran zenan içerik ätledi. Men bu zenany bada-bat tanadym – ol kinofilmlerde, telespektakllarda ussatlyk bilen çykyş edýän Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmetgulyýewady. Ýöne, näme üçindir filmlerde bu zenan mähirli, hossarçyl ýaly görünse-de, bu wagt ol juda badyhowa, talapkär, hat-da biraz zabun görünýärdi. Ol salamlaşandan soň, bizi howlukman gözden geçirdi. Ýeke-ýekeden tanyşmaga başlady. Hamala, giriş synaglaryndan şu wagt geçýän ýaly, biz gaty aljyraňňy hala düşdük. Aramyzda Bägül atly bir gyz bardy. (Ol häzir Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda işleýär, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bägül Halykowa). Tanyşlyk gezegi Bägüle ýetende, mugallym sorady:
– Adyň Bägül bolsa-da, näme üçindir seniň gaşlaryň çytyk?
Bägül ýa aljyrady ýa-da oslagsyz sowala gatyrgandy. Sesi nägile çykdy:
– Meniň bolşum şeýle!
Mugallymyň indiki sözünden soň biz ondan hasam çekindik:
– Men seniň bu bolşuňy üýtgederin!
Jaň kakylandan hemmämiz uludan dem alyp, derrew arakesmä çykmak bilen bolduk…
Bu haýbatly mugallymyň bizi tä-ä ýokary okuw mekdebini tamamlaýançak okatmalydygyny eşidenimizde, barymyzyň lapymyz keç boldy. Içimizde artistlik kärini saýlanyna ökünenlerem boldy. Bu ýagdaý bizi erbet hopukdyrdy… Emma, ýagdaý ýuwaş-ýuwaş üýtgedi. Mugallymy tanadygymyzça, biziň ol barada ýalňyş pikir edenligimize gitdigiçe göz ýetirip başladyk. Oguldurdy mugallym soňabaka bizi edil öz çagasy ýaly görüp başlady. Biz herimiz bir welaýatdan gelen oglan-gyzlar mugallymdan ene hamraklygy ýaly golaýlyk, geçirimlilik, ene hossarlygy ýaly mähir duýgularyny duýup ugradyk. Ol sözünde tapyldy. Diňe Bägüli däl, hemmämiziň häsiýetimizi üýtgetdi. Gowulyga üýtgetdi. Bizden aljyraňňy häsiýetler, gowuşgynsyzlyk, gaşymyzyň çytylmagy aýrylypdy. Oňa derek bir maşgala öwrülip barýan toparymyz biri-biri bilen hem ysnyşýardy. Ýöne, barybir, mugallymyň talabediji häsiýeti bilen öwrenişmeli bolduk. Has dogrusy, ol bizi näçe öz penasynda saklasa-da, okuw boýunça-da, adam hökmünde-de biziň borçlarymyzy talap edýärdi. Indi görüp otursam, biz mugallym babatynda gaty bagtly talyplar ekenik…
“Adam özüni hormatlamasa, hiç kimi sylamaz”. Nakyla barabar bu jümle mugallymyň talyby bolmak nesibesi bolan artistleriň hemmesiniň şygaryna öwrülen bolmaly. Özüňi hormatlamak diýmek, adam diýen düşünjäni hormatlamak diýmek eken. Özgeleriň edýän işlerini, duýgularyny, pikirlerini, düşünjelerini hormatlamak eken… Şol zatlara biparh garamazlyk eken…
Ýyl geçdigiçe mugallymyň bize siňdiren yhlasyny, aladasyny çuňňur duýýardyk. Onuň bir häsiýeti bardy. Teatrlarda gidýän spektakllary günde tomaşa etmegimizi sargardy. Ertesi sapakda, hamala teatr öwrenijiler ýaly, gören eseriňe syn bermelisiň. Şonuň üçin, spektakllary gözüň bilen däl, ýüregiň bilen görmäge çalyşýansyň. Her bir kiçijik zatlaram sypdyrmazlyga çalyşýansyň… Iň esasy hem, ertesi sapakda sen şol spektakl barada özüňden öň ýanyňda çykyş eden talybyň pikirini gaýtalamaly dälsiň…
Şo-ol döwürlerdäki gören spektakllarymyň ählisi diýen ýaly göz öňümde. Käbiri salgyma öwrülip, hyýalymdan ýuwaşlyk bilen ýitip barýar, käbiriniň bolsa, gitdigiçe agramy, gymmaty artýar…
Bir spektakly weli, tas ýatdan bilýän… Dünýä belli dramaturg Ýewripidiň “Medeýa” spektakly. Bu eseriň, elbetde, özi hem çuň eser. Emma, onuň gymmatynyň esasy sebäbi, şol eserde baş keşpde mugallymym, Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmetgulyýewa – Medeýany janlandyrypdy. Medeýa. Kalby ahmyrdan, namysdan, söýgüden doly zenan… Ar almak hyjuwy hemme ezizliklerinden rüstem gelýän gaýduwsyz zenan… Bu spektakl henize – bu güne çenli goýulyş aýratynlygy boýunça hem, aktýorlaryň ýerine ýetiriş ussatlygy boýunça hem kämil eser hökmünde oňa tomaşa eden adamlaryň kalbynda. Teatr diýen jadyly dünýäň gyzygyny artdyran bu eserdäki Medeýa – mugallymyň bir bölegi. Has dogrusy, köpräk bölegi. Ýadyma düşýär – “Medeýanyň” her gezek tomaşaçylara görkeziljek güni mugallym başga bir adama öwrülýän ýalydy… Sowuk bakyşly, içinde harasat gopsa-da, özüni parahat alyp barmaga çalyşýan, hasratlary gözlerinden çogup duran şol günki mugallym bize ýat bir adam ýalydy… Indi, pikir öwrüp otursam, ol gün meniň mähriban mugallymym däl-de – Medeýa biz bilen şeýle eken… Başga-da onlarça keşpleri bardyr weli, mugallymyň Medeýa bilen gatnaşygy has golaýdy… Ýa, men öz mugallymymy hiç mahal tanamadymmykam?! Onuň ruhy dünýäsi tutuş şol gazaply Medeýanyňky ýalydymyka? Näme üçin, ol bu keşbe ala-böle aýratyn ähmiýet berdik-ä…?
Şu wagtam mugallymyň Medeýasynyň sesi gulagyma gelýär:
– Ýöwselmi men? Ejiz ýürekden çykýan sözden gorkmak…
Göwnüme bolmasa, adamlar maňa:
“Ejizdi, lellimdi” diýmejek ýaly…
“Sabyrlydy” diýibem öwmezler meni…
Bu jümleler ýene-de ýüzlerçe jümleler Oguldurdy mugallymyň Medeýasynyň zybanyndan tomaşaça akypdy. Haýsy jümle kime nähili täsir etdi? Bilmedim. Ol barada şol spektakla tomaşa eden, özi hem gaýta-gaýta teatra şol spektakly görmäge baran tomaşaçylar aýdyp bilerler. Men weli bir zada kepil geçip biljek. Şol Medeýa bilen Oguldurdy mugallymyň bir umumylygy bar. Olam, ine, şu jümlelerde birikýär. Spektakl tamamlanyp barýarka, Medeýany ýazgarýanlara onuň bir aýdýan jogaby bar:
– Gazaba jüp gazap meniň jogabym.
Söýgä-de jüp söýgi meniň jogabym.
Çyn adamlar şeýle bolýar dünýäde!!!
Bu mugallymyň şygary bolup eşidilýär. Ol näderejede mamla – ony bilmedim. Emma, içimden bir ses mugallymyň şol sözlerinden aýratyn birini ezizleýär…