Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy, «gys­ga he­ka­ýa­lar» žan­ry­nyň ta­ny­mal us­sa­dy O. Gen­ri­niň ha­ky­ky ady Wil­ýam Sid­neý Por­ter bo­lup, 1862-nji ýy­lyň 11-nji sent­ýab­ryn­da ABŞ-nyň De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­ty­nyň Grins­bo­ro şä­he­rin­de luk­man maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Ol üç ýa­şyn­da­ka eje­si ara­dan çy­kyp, daý­za­sy­nyň ter­bi­ýe­si­ni al­ýar. Daý­za­sy Ewe­li­no Por­te­riň öz hu­su­sy mek­de­bi bo­lup, Wil­ýam hem şol ýer­de baş­lan­gyç bi­lim al­ýar.
Wil­ýam 1879-1881-nji ýyl­lar­da da­ýy­sy­nyň der­man­ha­na­syn­da iş­le­ýär, ýö­ne soň­ra sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li Te­ha­sa git­me­li bol­ýar. 1882-nji ýyl­da Os­tin şä­he­ri­ne ge­lip, der­man­ha­na iş­gä­ri, bank gul­luk­çy­sy we ha­bar­çy bo­lup iş­le­ýär. Por­te­riň il­kin­ji ede­bi sy­na­ny­şyk­la­ry 1880-nji ýy­l­da ýü­ze çyk­ýar. Ol 1887-nji ýyl­da Atol Es­tes bi­len dur­muş gu­rup, ola­ryň Mar­ga­ret at­ly gy­zy dün­ýä in­ýär.
1894-nji ýyl­da Wil­ýam Por­ter Os­tin şä­he­rin­de «The Rol­ling Sto­ne» at­ly hep­de­lik žur­nal çy­ka­ryp, on­da özü­niň dür­li eser­le­ri­ni çap ed­ýär. Žur­nal ýa­py­lan­soň, Por­ter maş­ga­la­sy bi­len Hýus­to­na gö­çüp bar­ýar we ol ýer­dä­ki ýer­li ga­zet­le­riň bi­rin­de ha­bar­çy, ka­ri­ka­tu­ra­çy bo­lup iş­le­ýär.
1896-njy ýyl­da onuň dur­mu­şyn­da agyr gün­ler baş­la­nyp, Tä­ze Or­le­an­dan Gon­du­ra­sa git­mä­ge mej­bur bol­ýar. 1897-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da aýa­ly­nyň sag­ly­gy­nyň pes­di­gini eşi­dip, Os­ti­ne do­lan­ýar. Atol Es­tes 1897-nji ýy­lyň 25-nji iýu­lyn­da ara­dan çyk­ýar. Öm­rü­niň kyn gün­le­rin­de ýa­zy­jy öz eser­le­ri­ni O. Gen­ri la­ka­my bi­len ýa­zyp baş­la­ýar. 1902-nji ýyl­da O. Gen­ri Nýu-Ýor­ka gel­ýär.
1903-nji ýyl­da ýa­zy­jy Nýu-Ýork­da çap edil­ýän «World» ne­şi­ri bi­len yla­la­şyp, her he­ka­ýa­syn­dan 100 dol­la­r ga­zan­ýar. Ne­ti­je­de, onuň gir­de­ji­si meş­hur ame­ri­kan ýa­zy­jy­la­ry­nyň ýyl­lyk gir­de­ji­si bi­len deň­leş­ýär. O. Gen­ri ön­jeý­li iş­läp, dür­li dö­wür­le­ýin ne­şir­ler­de hem he­ka­ýa­la­ry­ny çap et­dir­ýär.
Ýa­zy­jy öm­rü­niň ahy­ry­ny ýal­ňyz­lyk­da ge­çi­rip, Nýu-Ýor­kuň myh­man­ha­na­la­ry­nyň bi­rin­de ýa­şa­ýar. Ol ahy­ry agyr has­sa­ly­ga uç­rap, 1910-njy ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da ara­dan çyk­ýar.
Hä­zir­ki hö­dür­le­ýän ese­ri­miz O. Gen­ri­niň 1905-nji ýyl­da ýa­zan iň oňat he­ka­ýa­la­ry­nyň bi­ri­dir. He­ka­ýa­nyň baş gah­ry­man­la­ry, eli ýu­ka är-aýal Jim we Del­la bi­ri-bi­ri­ne sow­gat ber­mek üçin iň ar­zy­ly zat­la­ry­ny sat­ma­ly bol­ýar­lar. Bu gül­kü­li we gy­nan­dy­ry­jy he­ka­ýa gah­ry­man­la­ryň ha­ky­ky paý­ha­sy­ny – bi­rek-bi­re­ge bo­lan çyn söý­gü­si­ni we we­pa­dar­ly­gy­ny açyp gör­kez­ýär.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir