Sy­na­ny­şyp gö­rä­ýiň…
Ýaş Mo­sart ýe­di ýa­şyn­da­ka Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde kon­sert be­ren­de, on dört ýaş­ly bir ýet­gin­jek onuň ýa­ny­na ge­lip­dir.
– Siz ga­ty üýt­ge­şik saz çal­ýar­sy­ňyz! Men hiç ha­çan şu­nuň ýa­ly saz çal­ma­gy öw­re­nip bil­me­sem ge­rek.
– Nä­me üçin? Siz he­niz ýaş ahy­ryn. Sy­na­ny­şyp gö­rüň, bir­de­n ne­ti­je ber­me­se no­ta ýaz­mak­dan baş­laň.
– Ha­wa, men ýaz­ýan… Ýö­ne goş­gy…
– Bu hem ga­ty gy­zyk­ly. Me­ge­rem, oňat goş­gy ýaz­mak, saz düz­mek­den has kyn bol­sa ge­rek.
– Nä­me üçin, ýe­ňil ahy­ryn, bol­ma­sa sy­na­ny­şyp gö­rä­ýiň…
Mo­sar­tyň söh­bet­de­şi ýaş şa­hyr Gýo­te­di.

For­te­pýa­no
Bir ge­zek ital­ýan kom­po­zi­to­ry Antonio Ros­si­ni öz ýa­kyn dost­la­ry­nyň bi­rin­den bir ada­myň dür­li gu­ral­la­ry kol­lek­si­ýa ed­ýän­di­gi­ni eşi­dip­dir.
– O kol­lek­si­ýa­nyň ara­syn­da for­tep­ýa­no bar­my­ka? – di­ýip, Ros­si­ni gy­zyk­la­nyp­dyr.
– For­tep­ýa­no? – di­ýip, geň ga­lan dos­ty: – El­bet­de, ýok! – di­ýip jo­gap be­rip­dir.
– Diý­mek o ben­dä ça­ga­lyk­da aý­dym-saz öw­ret­män­dir­ler öýd­ýän – di­ýip, Ros­si­ni ba­şy­ny ýaý­kap­dyr.

Daş
Mo­sar­tyň ýa­kyn dost­la­ryn­dan bi­ri ga­ty bäl­çik adam­ eken. Ol bir gün Mo­sar­ty oý­na­jak bo­lup, için­de «Hor­mat­ly Wolf­gang Mo­sart! Men di­ri we sag-sa­la­mat!» di­ýen ki­çi­jik ýaz­gy­ly düýr­le­nen ka­gyz­dan baş­ga hiç zat bol­ma­dyk ul­la­kan gu­ty iber­ýär.
Bir­nä­çe gün­den soň ýaň­ky de­giş­gen ada­ma ul­la­kan, agyr gu­ty ge­ti­rip ber­ýär­ler. Ha­çan-da ol gu­ty­ny açan­da, için­den çy­kan ul­la­kan agyr da­şyň ýü­zün­de şeý­le ýaz­gy bar eken: «Ga­dyr­ly dost! Si­ziň ha­ty­ňy­zy ala­nym­da, bu daş me­niň ýü­re­gim­den gop­dy!»

Bir li­ra
Ital­ýan di­riž­ýo­ry Ar­tu­ro Tos­ka­ni­ni we ital­ýan kom­po­zi­to­ry Pýet­ro Mas­ka­ni iki­si­ni Ju­zep­pe Wer­di­niň ha­ty­ra­sy­na ba­gyş­la­nan uly aý­dym-saz çä­re­si­ne gat­naş­ma­ga ça­gy­ryp­dyr­lar. Tos­ka­ni­ni­niň meş­hur­ly­gy­na he­mi­şe gö­zi gid­ýän Mas­ka­ni, Tos­ka­ni­ni­den has ýo­ka­ry tö­leg al­mak şer­ti bi­len ça­ky­ly­gy ka­bul ed­ýär. – Iň bol­man­da bir li­ra ar­tyk bol­sun – di­ýip, Mas­ka­ni öz di­ýe­ni­ni tu­tup du­rup­dyr. Çä­rä­ni gur­naý­jy­lar mu­ňa ra­zy bol­ýar­lar. Tö­leg alan Mas­ka­ni, di­ňe bir li­ra alan­dy­gy­na geň gal­ýar. Gör­lüp otu­ryl­sa, Tos­ka­ni­ni mugt di­riž­ýor­lyk eden eken.

Kim ho­ja­ýyn
Bir ge­zek meş­hur wal­tor­na­çy Rihard Ştrau­syň ka­ka­sy ýaş di­riž­ýo­ra ga­rap: – Pult­da nä­hi­li dur­şu­ňyzy, par­ti­tu­ra­ny açy­şy­ňy­zy dyk­gat­ly syn ed­ýän­di­gi­mi­zi unut­ma! Eger-de sen ta­ýa­jy­gy gal­dy­ryp ýe­tiş­me­seň, ki­miň ho­ja­ýyn bol­jak­dy­gy­ny der­rew bil­ýä­ris – di­ýip­dir.

Tans­çy
Bir tans­çy zenan, ýa­şy­nyň ula­lyş­ma­gy bi­len sah­na­da çalasyn he­re­ket et­mek uky­by­ny ýi­ti­rip, wo­kal sun­ga­ty bi­len meş­gul­lan­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir. Ol ýö­ne­keý ari­ýa­la­ry öw­re­nip, özü­ni diň­läp gör­me­gini ha­ýy­ş edip, Ri­hard Wag­ne­riň ýa­ny­na bar­ýar. Myh­ma­nyň wo­kal re­per­tua­ry gu­ta­ran­dan soň­ra, Wag­ner on­dan özü­niň tans sun­ga­ty­ny gör­kez­me­gi­ni ha­ýyş edip­dir. Onuň ha­ýy­şy ber­jaý edi­len­soň, otag­da uzak dy­myş­lyk hö­küm sür­ýär. Ahy­ryn­da tansçy ze­nan sak­la­nyp bil­män:
– Maest­ro, aýt­sa­ňyz­laň, me­niň aý­dy­my­my ha­la­dy­ňyz­my? – di­ýip, so­rap­dyr.
Ri­hard Wag­ner:
– Tans­çy üçin-ä er­be­dem däl ýa­ly. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, siz aý­dym­çy üçin ga­ty go­wy tans ed­ýär­si­ňiz – di­ýip­dir.

Ko­fe
Yl­ma we sun­ga­ta uly hor­mat goý­ýan bir adam meş­hur skrip­ka­çy Gen­rik Wen­ýaws­ki­ni ko­fe iç­mä­ge ça­gy­ran­soň:
– Bel­ki, ýa­ny­ňyz bi­len skrip­ka­ňy­zy hem alar­sy­ňyz? – di­ýip­dir.
– Me­niň skrip­ka­ma aý­ra­tyn üns be­ren­li­gi­ňiz üçin si­ze ho­şal­lyk bil­dir­ýä­rin, ýö­ne gy­nan­sak­da ol ko­fe içe­nok-da – di­ýip, Wen­ýaws­kiý ýyl­gy­ryp­dyr.
Fe­rens Lis­tiň keş­bi
Ha­çan-da Ros­si­ni Fe­rens Lis­tiň kon­ser­tin­de bo­lan­da, meş­hur wen­ge­riň sa­zy­ny ha­lap-ha­la­man­dy­gy­ny so­rap­dyr­lar. Şon­da Antonio Ros­si­ni şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Ol bi­rin­ji bö­lü­mi hem­me­le­riň özü­ne se­ret­me­gi üçin ba­gyş­la­dy. Hä­zir­lik­çe men di­ňe Lis­tiň daş­ky gör­nü­şi ba­ra­da aý­dyp bi­le­rin.
Ru­binş­teýn We­na­da
An­ton Ru­binş­teýn çy­kyş et­mek üçin We­na ba­ran­da, ga­ty hu­syt teatr eýe­si bi­len ýüz­be-ýüz bo­lýar. Kon­ser­ti gu­ra­mak üçin pul tö­le­gi ba­ra­da­ky gep­le­şik­ler uza­ga çek­ýär. Şon­da Ru­binş­teýn ýyl­gy­ryp­dyr-da şeý­le di­ýip­dir:
– Bor-da on­da! Ada­ty düş­ýän pu­luň ýa­ry­sy eli­me il­se-de bol­ýa, ýö­ne he­mi­şe­kim­den iki es­se ýu­waş ça­la­ryn­da!

Al­jy­ra­dy
Bir ge­zek Nýu-Ýor­kuň meş­hur Kar­ne­gi kon­sert za­lyn­da Ser­geý Rah­ma­ni­now Awst­ri­ýa­nyň gör­nük­li skrip­ka­çy­sy Fris Kreýs­ler bi­len bi­le­lik­de Fran­kyň so­na­ta­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Kreýs­ler skrip­ka­ny he­mi­şe­ki en­di­gi­ne gö­rä, no­ta­syz ça­lyp­dyr we bir­de­nem bar­ýan ýe­ri­ni ýa­dyn­dan çy­ka­ryp­dyr. Kreýs­ler pia­ni­no ça­lyp otu­ran Rah­ma­ni­no­wa eýer­jek bo­lup dyr­jaş­yp­dyr, ýö­ne al­jy­rap, onam oňar­man­dyr.
– Biz ni­re­de?! Biz ni­re­de?! – di­ýip, Kreýs­ler umyt­syz ýag­daý­da py­şyr­da­ýar.
– Biz­mi, Kar­ne­gi za­lyn­da – di­ýip, Rah­ma­ni­now göw­ni bir ýa­ly jo­gap be­rip­dir.


Top­lan we terjime eden Gül­za­da Ça­ry­ýe­wa, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky
Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­sy.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir