OÝLANMAN SÖZLESEŇ...
8-nji synpda okaýardym. Men mugallymyň öňündäki partada oturýardym. Bir gezek arakesme bolsa-da, daşaryk çykman otyrkak, yzky partalaryň birinde oturýan oglan synpdaşym eli kitap-depderli geldi-de, “Homaýewa, biz haýsy temany geçdik” diýdi. Men geňirgenmek bilen onuň ýüzüne bakdym-da, hiç hili pikirlenmän, şu sözleri diýdim: “Şo-ol yzky partadan bärik gelip, menden soramaň-da, başga bilýän ýokmy şony”.
Synpdaşym öňümde goýan zatlaryny aldy-da, ýüzüne urlan ýaly bolup yza tarap gitdi. Men ýalňyşyma çalt düşündim. Emma eýýäm giçdi. Bu sözlerim synpdaşymyň ýüregine bir gezek çümen bolsa, özümiňkä müň gezek çümdi. Şonda-da meniň gedemligimmi ýa-da utanjaňlygymmy bilmedim, “bagyşla” diýip ötünç soramaga ýol bermedi.
Şol günler kiçiräk hem bolsak, deň-duş oglanlaryň arasynda gyzlara hat berýäni-de bardy. Kim bilýär, olam kimdir bir dostunyň hatyny maňa ýa-da jorama bermäge, ýa-da men ökderäk bolamsoň, hakykatdan hem sapakdan bir zat soramaga gelen bolmagy-da mümkin. Haýsy bolanda-da, ol synpdaşymyň göwnüne degenim ýadyma düşse häli-häzirlerem şol wagtkydan hem beter gynanýaryn.
ETIKA 4 years ago- Nahili bimanylyk