Wi-Fi tolkunlary radiotolkunlardan emele gelendir, Ýagny telefonuňyz ýada radiolaryňyzyň üsti bilen alýan elektromagnit tolkunlarymyz ýaly. Wi-Fi tolkunlary diýseň gysga bolýar, adaty görnüşi 12sm uzynlygynda bolýar. Uzaklaşdygyňça signaly peselýär, köpüsi (Türkmenistanda kanun tarapyndan rugsat berilenler) 45 metrden uzaga gidip bilenok. Aslynda diwarlar, metallar signalyň ýaýranasyna päsgel berýän zatlar. Ilkinji etmeli zadyňyz modemiňizi öýüňiziň merkeziräk ýerine ýerleşdirmeli, sebäbi hemme ýere deň signal ýaýradýar. Näçe açyk ýerde dursa şonça gowy. Guty ýa-da şkafyň içine goýsaňyz signal peseler. Öýüňizde iň uzak burçlary görüp boljak we otaglara deň derejede ýakynlykdaky ýer modemi goýup bolaýjak iň gowy ýer.

Modemleriňizi has ýokarrakda goýmaly, sebäbi ýerde goýsaňyz, ýerde goýulýan käbir zatlardan signallaryň geçmesi kyn. Diwan, stol, stullar we ş.m.

Gündelik durmuşda ulanýan elektroniki enjamlarymyzyň köpüsi modem signallaryny peseldip bilýär. Telewizor, kompýuter, mikrotolkun peçler we içinde motor bilen işleýän ş.m enjamlar. Modemiňizi bu enjamlardan uzakda saklamagy maslahat berýärin. Käbir modemler iki antenaly bolýar, iň gowy ýoly, şolardan birini dik beýlekini ýatyryp goýmak. Sebäbi; enjamlaryň içindäki antenalar modemlere parallel bolsa has gowy işleýär. Şonuň üçin noutbuklaryň içindäki antenalar ýatyrylan görnüşdedir.

Planşet ýada telelefin ulanýan bolsaňyz ony eliňizde tutuşyňyza görä üýtgäp bilýär. Modem antenalaryny hemä ýatan görnüşde, hem-de dik görnüşde goýmak bilen iki ýagdaýda-da eliňizdäki planşet ýada telefona parallel signal berdigimiz bolýar.

Bulardan başga edip boljak zat, pulumyza gysganmanjyk internedimiziň tarifini 2Mb/s tizlige çykardaýmaly.

Türkmen Telecom

Tehnologiýa, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir